Islam_Atayew
14.02.2024 08:18
Düýşime girdi meñ šeýle bir waka,
Täsin bir kiçiräk bazar barmyşyn.
Kätesi has gymmat kätesi arzan
Olaryň biri hem "NAMYS-AR MYŞYN".

Satyjydan soradym bu näme, näçe?
"WYŽDAN" jigim arzan, alyber diýdi.
Bu ýana seretsem bir topar "NIKAP"
Bulardan gaty kän geliber diýdi.

Haýran bolup ýene aýlanyp ýörkäm,
"GÖWÜN" ýerde ýatyr hiç kim almandyr.
Bahasy arzanjak ynansañ bir tin,
Adamlar üçin oñ gadry galmandyr.

Ýolumy dowam edip barýardym birden,
Adamlar üýşüp dur ýüzlerçe sany.
"YNSAP" almak üçin durandyr diýsem,
"GAHAR" almak üçin nobatda bary.

"ADAMÇYLYK" barmaý agamjan sizde?!
"Alyjy ýok jigim, şoñ üçin satmadym!"
Adamçylygy gözläp bütin bazardan,
Aýlandym - aýlandym ýöne tapmadym.

Bir naçar, nurana bir ynsan otyr,
Söwdasy ýok, harydyny görýän ýok.
"MAHIR" satýan gyzym kyrk ýyldan bäri,
Soñky on ýyllykda muny alýan ýok.

Eger-de şu bazar bolan bolsady,
"YNSAP WYŽDAN üçin hökman giderdim
Käbir adamlara "MÄHIR" köp alyp,
"ADAMÇYLYGY" bolsa sowgat ederdim.

Meñibaýewa Aýjeren.
48
44
manolya
14 Fewral 2024
👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.