Islam_Atayew
11.02.2024 00:09
Metjide geljek däl.

Ýaş ýigit Metjitde namazdan soňra, ymamyň ýanyna baryp:
- men indi Metjide geljek däl - diýýä, ymam sebäbini soranda:
- bärde adamlar beýlekileriň gybatyny
edýänlerini eştdim, wagyz aýdylýan
wagty telefonlaryna güýmenýänleri
gördüm we bulardan başgada birgiden
ýalňyşlyklar bar..
Ymam:
- "bolýa, beýle bolsa gitmäkäň meň bir
haýyşymy bitir, bir stakany suwdan
dolduryp, Metjidiň içinden 3 gezek suwy
ýere dökmän aýlanyp, maňa getirip ber,
ondan soňra isleseň gidiber" diýýär.
Ýaş ýigit pikirlendi-de, aňsat görüp,
ymamyň aýdanyny ýerine ýetirdi, suwly
stakany getirip berende, ymam:
seň eliň suwly barýan wagtyň bir
adamyň beýleki bir adam hakda aýdan
erbet sözlerini eştdiňmi?
- ýok
adamlaryň telefonlaryna güýmenip
otyranlaryny gördüňmi?
- ýok
-munuň sebäbi seniň bar ünsiñ stakandaky suwy dökmezlikdi, edil biziň durmuşymyzdaky ýaly, bar ünsüňi
Metjitde Allatagala bersediň, daş- töwerekdäkileriň ýalñyşlyklarny görmezdiň.



Bu ýagdaý diňe Metjitde däl, hemme
ýerde-de şeýle...


islenen.
48
126
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.