Islam_Atayew
20.02.2024 18:36
Tebigatda iň güýçli jandarlar haýsylarka?
Eger-de olary özbolușly sport çäresinde,
meselem, agramlyklary götermekde özara bäsleşdirip bolsady, onda biz, megerem, dünyäde iñ gyzykly sport-şowhunynyň şaýady bolardyk.
Ýyrtyjy haýwanlaryň arasynda gaplaň
özüniň 550 kilograma yetýän agramy bilen özünden iki esse agyr bolan awuny awlap we ony göterip agaja dyrmaşyp bilýär. Alajagaplaňyň (leopard) hem ukyplylygy gaplanyňky ýalydyr. Ol hem öz agramyna iki esse agyr gelýän awuny göterip agaja dyrmaşyp bilýär. Yöne bu ukyby oňa hem haýwanlaryň arasymda iň güýçliniň ornuna geçmäge mümkinçilik berenok.

Hindi piliniň göterip bilyän ýüki birnäçe
tonna barabar, Ýöne ol onuň öz agramyndan, bary-ýogy, 1,7 esse artykdyr. Öküz (wol) agaja çykyp bilmeýär. Şol sebäpli onuň güýjüni näçe agramlygy süýräp çekip bilýänligi bilen ölçeýärler. Ol 900 kilogram agramlygy süýräp çekip bilýär. Bu bolsa onuň öz agramyndan 1,5 esse artykdyr. Hakyky güýçli jandar diýip garynja aýtsaň. Onuň agramy ujypsyzja diýjeksiňiz, ýöne adaty garynjanyň özüniň şojagaz ujypsyzja
agramyma 20 esse artyk gelyän, käbir
görnüşiniň bolsa 50 esse artyk gelýän ýüki çekip bilýändigini bilseňiz, siz oňa dünýäde iň güýçli jandar diýip baha bererdiňiz. Yöne bu-da hemmesi däl.
Kerk-tomzak (žuk-nosorog) öz gabarasyna 850 esse artyk gelýän uly agramlyklary, ders togalaýan tomzak bolsa öz agramyna 1140 esse artyk gelýän yükleri çekip bilýär.

Ine, iň güýçli haýwanlar nirede eken.
44
100
Islam_Atayew
20.02.2024 00:00
Garaşmakdan kyn zat ýok eken,
ýalñyzlykdan meni halas edip biljek diñe
SEN!
41
213
Islam_Atayew
19.02.2024 14:11
Synag.

Bir adamyñ ogul perzendi boldy,
Emma iki ýaşda dünýäden gitdi,
Alla oña ýene bir ogul berdi,
Bir ýaşda ony hem topraga gatdy.

Iki perzendini jaýlan bu bendä,
Dört sany gyz berdi yene Hudaýym.
Gyzlaryñ ulusy kemala gelip,
Durmuş gurdy, aldy bagtdan paýyn.

Emma olam yigrim ýaşyñ içinde,
Ezraýyla şirin janyn tabşyrdy.
Bir agtyk söýdürip ikinji gyzy,
Olam bakyýete gadamyn urdy.

Iki gyzy, ogly öz eli bilen,
Gömen ata gamyn ile paýlady.
Soñ üçünji gyzyn ýigrim ýedide,
Özün synap duran ýere jaýlady.

Ýeke gyzy bilen galan biçäräñ,
Kalby lerzan bolup, bagry daglandy.
Emma ogul berdi oña Ýaradan,
Ol ynsan bu ogla juda baglandy.

Bar durkuny beren çagasy bilen,
Deñ aglar, deñ güler, hatda deñ iýer.
Bet bagt ynsanyñ söwer oglunam,
Bir ýarym ýaşynda aldy ene ýer.

Alty perzendini jaýlan ýüregi,
Iñ gatysyn gördi, musallat, belañ.
Emma bilyäñizmi ol ynsan kimdi?
Pygamber Muhammet Aleyhissalam.

Entek bu dünýäde, hiç bir adamzat,
Onça gazanmandy söýgüsin Hakyñ.
Emma wepasyny göz etmek üçin,
Resulyna beren synagna bakyñ!

Allañ gazabydyr öýdüp düşünmäñ,
Elden alsa ýakyn, söýegleriñi.
Sabyr, ynam, dogañ kalbyñda bolsun,
Alla agyr synar söyenlerini.

Kerim Hallyýew.
52
114
Islam_Atayew
19.02.2024 00:04
Ejeme sowgat

Salam eje! Galamy elime alan ilkinji
günümden, sen hakda yazyp başlasym geldi.Sebäbi sen meni bu asuda, parahat dünýä indiren mähriban ynsan. Ömür örküm, dünýä görküm sen. Alys ýola ugramda ýoluma intizar gözleriň bilen garap oturýarsyň. Dertli giünüm dertdeşim duýgularyma syrdaş käbäm.
Käbäm meniň saňa meňzäsim gelýär!
Käwagtlar oturyp tikin tikýärin, soňam
seniň elleriň bilen nahar bişirýärin.
Hawa, mähribanym yene-de sanlyja günden seniň doglan günüň. Eje, saña näme sowgat alaýyn?! Hyýalymda seniň bilen gürleşip, okuwdan soň sowgat almak üçin ýola çykdym. Ene bu mertlik mekdebi! Özi iýmän iýdirip, özi geýmän balasyna geýdirip bilýär. Ene, ene bolýar! Ol dözümsiz, öz perzendine bolan söýgüsi bilen ýaşaýar. Tiürkmeniň ajaýyp bir nakyly bar: "Aglasa enem aglar, galany yalan aglar" diýlişi yaly, ene öz
çagasynyň üstünde hemişe kökenekdir.
Enelerimizi ayamyzda götersegem azdyr.
Enäniň ýüregi gülden näzik! "Dünýäde
mukaddes zat kän. Ýöne ýeke-täk baky
mukaddeslik bu biziň mähriban enelerimizdir" diyip juda jaýdar belleýärler. Halk arasynda "Hakyň didaryny gören ene" diyilýär ahyry.
Pikirler ummanyňa çümüp sowgatlar
dükanynyň deňine ýetenimi hem
duýmandyryn. Näme sowgat almaly?!
"Sowgat" dükanyndan näme sowgat
aljagymy bilmän "Belki, gül alaryn?!" diýip
gül dükanyna tarap ýola düşdüm. Ak güller, gyzyl güller... dünýäniň iň owadan gülleri şu gül dükanyna jemlenen mysaly. Hanha-da, ejemiňi gowy göryän güli. Soňam durup pikir etdim. "Emma güller hem solar ahyry!" Ine, şeydip, eje, saa näme sowgat aljagymy bilmedim. Ahyrynda Žurnalist gyzyň kagyz bilen galamyny eline aldy-da, seniň üçin iň gowy sowgat bolar diýip-şu goŞgy setirlerini yazdy: Ýyly gujagyňda ulaldyp meni, Maña bagt beren nurmydyň käbäm?! Gijeler aglasam hüwdüleň bilen
Rahatlyk kölüne ýarmydyň käbäm?!

Awtor: Amantäç Hojamedowa. Žurnalist
43
103
Islam_Atayew
18.02.2024 09:29
Düşünmeýänler üçin diliňizi, gadyryňyzy bilmeýänler üçin ýüregiňizi ýadatmaň şol günden soň bagtly bolup başlarsyňyz.

K.Vonnegut
47
79
Islam_Atayew
18.02.2024 01:34
Ne jogap berjek?

Gadyr gije berdim näme üçin duýmadyň?
Iki rekat bolsun, namaz kylmadyň,
Howaýy işlerden sen utanmadyň!
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?

Näme üçin täret alyp kylmadyň namaz,
Ýalbaryp Rebbiňe etmediň nyýaz.
Halk içinde çykmyş adyň "Binamaz!"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?

Näme üçin terk edersiň parzy-sünneti?
Duýmadyňmy, Jähennemi, Jenneti?
Sen dälmisiň Muhammediň ymmaty?
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?

Men seni ýaratdym hoş güller kimin,
Göz berdim gaş berdim sümbüller kimin;
Amalyňy sözle bilbiller kimin!
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?

Uly Pygamberi Men saňa berdim,
Jennetde Men saňa uly ýer goýdum;
Sen pany dünýäde ne üçin boş durdyň?
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?

Awtor:?
45
54
Islam_Atayew
17.02.2024 18:53
Durmuş hakykatlary 9

Eý dünýe, men saňa dokdur öýderdim,
Aldyň söýenlerini, ýetim, ýekeliň.
Garybyň elinden perzendin alyp,
Guma garar ýaly, aç göz ekeniň.

Eý dünýe, men saňa mertdir öýderdim,
Köpler arzuw edip, armanly gitdi.
Söýenleri bir-birinden aýyryp,
Ömrün ýakar ýaly, saňa näme etdi.

Eý dünýe, seň ýeriň hezil öýderdim,
Durşy bilen, ezýet eken gujagyň.
Bir başa müň gaýgy bereñden soňam,
Adamlara gün berenok ajalyň.

Eý dünýe, men saňa çyndyr öýderdim,
Tutuş, durşuň bilen ýalan ekeniň.
Çaga niçün aglap dogulýar diýsem,
Asyl ýalan dünýä gelen ekenim.

Kuwwat Yazmuhammedow
44
100
Islam_Atayew
17.02.2024 12:21
Durmuşda şeýle bir adamlar bolýar: öz işleri bitensoñ, seniñ ýüziñede seretmezler.

(Suratlary yzygider gör)
41
100
Islam_Atayew
16.02.2024 13:54
Içiñe salma!

Bu durmuşda herkimiñem derdi bar,
Gussañ ýüregiñe basmasyn tagma.
Başyñ dik bolmagnyñ şeýle şerti bar:
Hiç wagt hiç zady içiñe salma!

Sowat içiñ, çykda gygyr bir daga,
Bolmasa aýdyp ber içiñi baga,
Her näme etseñemn et welin ýöne,
Hiç wagt hiç zady içiñe salma.

Kä utup görersiñ, käte utulyp,
Eger-eger ga:lmajak bol ýykylyp.
Dost-dogandan, maşgalañdan bukulyp,
Hiç wagt hiç zady içiñe salma.

Duşmanlañ islese yza tesenñi,
Şonda umytlaryň bersin teselli,
Dymyp gezmek - eder agyr keselli,
Hiç wagt hiç zady içiñe salma!

Şanazar Hydyrow.
38
53
Islam_Atayew
16.02.2024 00:43
Maña söýyân diýme janym!

Maña söýyân diýme janym
Duýaýyn señ gözleriñden
Bagyşlasañ bahar ýazyñ
Gyşyň özgâ dözmerin men.

Maña söýýân diýme janym
Gizle ony gursagyñda
Bagş et maña yșgyñ jamyn
Gaýnap dursun gursagymda

Hakdan gelen pâk sòýgini
Gorap başar il gözinden
Duýaýyn gizlin duýgyñy
Her halyñdan her söziñden

Beýle kân nâz etme janym
Saña sadalyk ýaraşýar
Ýör gideli mâhribanym
Bagt ýoly bize garaşýar!

"Seni çensiz söyýârin men"
Diýip düýşde güýme janym
Aýtmasañam bilýârin men
Maña söyýân diýme janym!

Awtor:?
38
88