Islam_Atayew
16.02.2024 13:54
Içiñe salma!

Bu durmuşda herkimiñem derdi bar,
Gussañ ýüregiñe basmasyn tagma.
Başyñ dik bolmagnyñ şeýle şerti bar:
Hiç wagt hiç zady içiñe salma!

Sowat içiñ, çykda gygyr bir daga,
Bolmasa aýdyp ber içiñi baga,
Her näme etseñemn et welin ýöne,
Hiç wagt hiç zady içiñe salma.

Kä utup görersiñ, käte utulyp,
Eger-eger ga:lmajak bol ýykylyp.
Dost-dogandan, maşgalañdan bukulyp,
Hiç wagt hiç zady içiñe salma.

Duşmanlañ islese yza tesenñi,
Şonda umytlaryň bersin teselli,
Dymyp gezmek - eder agyr keselli,
Hiç wagt hiç zady içiñe salma!

Şanazar Hydyrow.
38
53
perijik
17 Fewral 2024
,👍👍👍
gùl🦋__
16 Fewral 2024
Dymyp gezmek-eder agyr keselli...👌👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.