Islam_Atayew
20.02.2024 18:36
Tebigatda iň güýçli jandarlar haýsylarka?
Eger-de olary özbolușly sport çäresinde,
meselem, agramlyklary götermekde özara bäsleşdirip bolsady, onda biz, megerem, dünyäde iñ gyzykly sport-şowhunynyň şaýady bolardyk.
Ýyrtyjy haýwanlaryň arasynda gaplaň
özüniň 550 kilograma yetýän agramy bilen özünden iki esse agyr bolan awuny awlap we ony göterip agaja dyrmaşyp bilýär. Alajagaplaňyň (leopard) hem ukyplylygy gaplanyňky ýalydyr. Ol hem öz agramyna iki esse agyr gelýän awuny göterip agaja dyrmaşyp bilýär. Yöne bu ukyby oňa hem haýwanlaryň arasymda iň güýçliniň ornuna geçmäge mümkinçilik berenok.

Hindi piliniň göterip bilyän ýüki birnäçe
tonna barabar, Ýöne ol onuň öz agramyndan, bary-ýogy, 1,7 esse artykdyr. Öküz (wol) agaja çykyp bilmeýär. Şol sebäpli onuň güýjüni näçe agramlygy süýräp çekip bilýänligi bilen ölçeýärler. Ol 900 kilogram agramlygy süýräp çekip bilýär. Bu bolsa onuň öz agramyndan 1,5 esse artykdyr. Hakyky güýçli jandar diýip garynja aýtsaň. Onuň agramy ujypsyzja diýjeksiňiz, ýöne adaty garynjanyň özüniň şojagaz ujypsyzja
agramyma 20 esse artyk gelyän, käbir
görnüşiniň bolsa 50 esse artyk gelýän ýüki çekip bilýändigini bilseňiz, siz oňa dünýäde iň güýçli jandar diýip baha bererdiňiz. Yöne bu-da hemmesi däl.
Kerk-tomzak (žuk-nosorog) öz gabarasyna 850 esse artyk gelýän uly agramlyklary, ders togalaýan tomzak bolsa öz agramyna 1140 esse artyk gelýän yükleri çekip bilýär.

Ine, iň güýçli haýwanlar nirede eken.
44
100
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.