Islam_Atayew
19.02.2024 00:04
Ejeme sowgat

Salam eje! Galamy elime alan ilkinji
günümden, sen hakda yazyp başlasym geldi.Sebäbi sen meni bu asuda, parahat dünýä indiren mähriban ynsan. Ömür örküm, dünýä görküm sen. Alys ýola ugramda ýoluma intizar gözleriň bilen garap oturýarsyň. Dertli giünüm dertdeşim duýgularyma syrdaş käbäm.
Käbäm meniň saňa meňzäsim gelýär!
Käwagtlar oturyp tikin tikýärin, soňam
seniň elleriň bilen nahar bişirýärin.
Hawa, mähribanym yene-de sanlyja günden seniň doglan günüň. Eje, saña näme sowgat alaýyn?! Hyýalymda seniň bilen gürleşip, okuwdan soň sowgat almak üçin ýola çykdym. Ene bu mertlik mekdebi! Özi iýmän iýdirip, özi geýmän balasyna geýdirip bilýär. Ene, ene bolýar! Ol dözümsiz, öz perzendine bolan söýgüsi bilen ýaşaýar. Tiürkmeniň ajaýyp bir nakyly bar: "Aglasa enem aglar, galany yalan aglar" diýlişi yaly, ene öz
çagasynyň üstünde hemişe kökenekdir.
Enelerimizi ayamyzda götersegem azdyr.
Enäniň ýüregi gülden näzik! "Dünýäde
mukaddes zat kän. Ýöne ýeke-täk baky
mukaddeslik bu biziň mähriban enelerimizdir" diyip juda jaýdar belleýärler. Halk arasynda "Hakyň didaryny gören ene" diyilýär ahyry.
Pikirler ummanyňa çümüp sowgatlar
dükanynyň deňine ýetenimi hem
duýmandyryn. Näme sowgat almaly?!
"Sowgat" dükanyndan näme sowgat
aljagymy bilmän "Belki, gül alaryn?!" diýip
gül dükanyna tarap ýola düşdüm. Ak güller, gyzyl güller... dünýäniň iň owadan gülleri şu gül dükanyna jemlenen mysaly. Hanha-da, ejemiňi gowy göryän güli. Soňam durup pikir etdim. "Emma güller hem solar ahyry!" Ine, şeydip, eje, saa näme sowgat aljagymy bilmedim. Ahyrynda Žurnalist gyzyň kagyz bilen galamyny eline aldy-da, seniň üçin iň gowy sowgat bolar diýip-şu goŞgy setirlerini yazdy: Ýyly gujagyňda ulaldyp meni, Maña bagt beren nurmydyň käbäm?! Gijeler aglasam hüwdüleň bilen
Rahatlyk kölüne ýarmydyň käbäm?!

Awtor: Amantäç Hojamedowa. Žurnalist
43
103
bitanem
9 Mart 2024
👍 👌
manolya
19 Fewral 2024
@Islam_Atayew, 😅 edil özi , işlärle
manolya
19 Fewral 2024
@Islam_Atayew, (-o⌒) öwrenşersiň )) öň bildirişem ýokdy köne wersiýada
manolya
19 Fewral 2024
@Islam_Atayew, arasynda şeýle bolýar ,internet pes bolsada etýär
manolya
19 Fewral 2024
:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.