Islam_Atayew
19.02.2024 14:11
Synag.

Bir adamyñ ogul perzendi boldy,
Emma iki ýaşda dünýäden gitdi,
Alla oña ýene bir ogul berdi,
Bir ýaşda ony hem topraga gatdy.

Iki perzendini jaýlan bu bendä,
Dört sany gyz berdi yene Hudaýym.
Gyzlaryñ ulusy kemala gelip,
Durmuş gurdy, aldy bagtdan paýyn.

Emma olam yigrim ýaşyñ içinde,
Ezraýyla şirin janyn tabşyrdy.
Bir agtyk söýdürip ikinji gyzy,
Olam bakyýete gadamyn urdy.

Iki gyzy, ogly öz eli bilen,
Gömen ata gamyn ile paýlady.
Soñ üçünji gyzyn ýigrim ýedide,
Özün synap duran ýere jaýlady.

Ýeke gyzy bilen galan biçäräñ,
Kalby lerzan bolup, bagry daglandy.
Emma ogul berdi oña Ýaradan,
Ol ynsan bu ogla juda baglandy.

Bar durkuny beren çagasy bilen,
Deñ aglar, deñ güler, hatda deñ iýer.
Bet bagt ynsanyñ söwer oglunam,
Bir ýarym ýaşynda aldy ene ýer.

Alty perzendini jaýlan ýüregi,
Iñ gatysyn gördi, musallat, belañ.
Emma bilyäñizmi ol ynsan kimdi?
Pygamber Muhammet Aleyhissalam.

Entek bu dünýäde, hiç bir adamzat,
Onça gazanmandy söýgüsin Hakyñ.
Emma wepasyny göz etmek üçin,
Resulyna beren synagna bakyñ!

Allañ gazabydyr öýdüp düşünmäñ,
Elden alsa ýakyn, söýegleriñi.
Sabyr, ynam, dogañ kalbyñda bolsun,
Alla agyr synar söyenlerini.

Kerim Hallyýew.
52
114
flowers_
19 Fewral 2024
👍👍
graz
19 Fewral 2024
Kerim hallyyey yene gaty manyly yazypdyr hem dusundurya hemde lezzet berya
Arslan_Alaýew
19 Fewral 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.