Islam_Atayew
10.09.2024 21:05
Gysga hekaýa.

Bir ýaş ýi­gi­diň toý gü­ni bar­ha golaý­lap­dyr. Ol to­ýa taý­ýar­lyk gör­mek üçin en­çe­me aý­lap ala­da edip­dir. Bir gün ol ka­ka­sy­na ýüz­le­nip:
–­Ka­ka,­ sen­den­ bir­ ha­ýy­şym­ bar.­ Meň­ bir­ özüm­ hiç­ za­da­ ýe­ti­şe­mok,­ şoň­ üçin,­ ine,­ dost­la­ry­myň­ sa­nawy.­ Ola­ra­ jaň­ edip,­ to­ýu­ma­ ça­gyryp­ be­räý­–­di­ýip­dir.
–­Bor,­ og­lum­ –­ di­ýip,­ ka­ka­sy­ jogap­ be­rip­dir.
Toý­ gü­ni­ og­ly­ ka­ka­sy­nyň­ ýa­ny­na how­sa­la­ly­
ge­lip,­ ga­har­la­nyp­ ugrap­dyr:
–­Ka­ka,­ seň­ ede­niň­ nä­me?­ Men sa­ňa­
“Äh­li­ dost­la­ry­ma­ jaň­ edip çyk”­ diý­män­mi­dim?
–­ Men­ se­niň­ aý­dy­şyň­ ýa­ly­ etdim-ä.
–­Me­niň­ sa­ňa­ be­ren­ sa­na­wymda­ 50­ adam­ bar­dy,­ to­ýa­ bol­sa­ olaryň­ di­ňe­ 15-si­ ge­lip­dir.
–­Og­lum,­ men­ ola­ryň­ 50-si­ne-de jaň­ edip­ çyk­dym.­ Ola­ryň­ her­ bi­ri­ne seň­ ha­ýy­şyň­ bi­len­ jaň­ ed­ýän­di­gimi­ hem-de­ se­niň­ hä­zir­ bir­ me­se­läň ýü­ze­ çy­kan­dy­gy­ny­ we­ sa­ňa­ dost­laryň­ kö­me­gi­niň­ ge­rek­ bol­jak­dy­gy­ny hem­ aýt­dym.­ Men­ ola­ryň­ äh­li­sinden­ şu­ sa­gat­da,­ şu­ ýe­re­ jem­lenmek­le­ri­ni­ ha­ýyş­ et­dim.­ Şonuñ üçin ala­da­ et­me,­ og­lum!­ Se­niň­ ha­ky­ky dost­la­ryň­ hä­zir­ şu­ ýerde!

Hekaýalar ýygyndysy
22
180
Islam_Atayew
10.09.2024 16:39
"Bu günki işiñi ertä goýma".

A eger meñ bu gün işim ýok bolsa näme? Umuman işsiz bolsam näme?

***

"Ir turan işinden dynar".

Ozalama ölip ýetdim ol işe, dynjak bolsam turjagam däl.

***

Ýañy doglanda "iññä" diýip aglan ors klasdaşym, näme üçin ulalanda "iññe" diýip bilenok?

***

Ýakma bişersiñ, gazma düşersiñ, kansaneriñ öñinde ýatma üşärsiñ!


cover boy
22
341
Islam_Atayew
10.09.2024 01:21
Şol gün sähel zada göwnüñe degdim,
Etmişim ýüregmi bir ýandan gäder.
Gözüñe ýaş aýlap başyñy egdiñ
Men ötünç sorasam, ýaraşsak näder !?

Ganymda bar gabanjañlyk nädeýin,
Birahat men, bezeýänçäñ tä öýüm,
Täleýime ýazylyp señ täleýiñ,
Bile bir ykbala çolaşsak näder !?

Aşyk gülüm seniñ hoşamaýlygña,
Rugsat bermen ýyldyz kimin gaýmagña,
Bu durmuşyñ soñsuz başagaýlygna,
El berip bileje göreşsek näder !?


Şanazar Hydyrow
20
177
Islam_Atayew
09.09.2024 22:28
Özüme gelendirin öýdüpdim. Al kakmyş, henizem huşumda däl ekenim.

***

Men dogrymy aýtdym. Seniň maña ynanmaýanlygyň, meniň ýalançydygymy añladanok!

***

Her gül her bagda gögerýän däldir. Şonuñ üçin öz bagyňyzda düýp tutaýjak güli saýlawerin, hormatly bagbanlar!

***

Ynsan oglunyň iň ýakyn dostudyr-ýalňyzlyk! Ýalñyz wagtymyz hemişe ýanymyzdadyr!

***

Ölümden gorkma dostum, ol bu dünýädäki ýeketäk hakykat ahyry!

***

Iki sany ýakyn dostuň bir-birine diýýän sözi: "Men seni tanamok ekenim".

***

Ynsan ogly biz! Adamlaryň bir ýalñyşy üçin onuň ähli dogrularyny ýok edip bilýäris!

***

Biziň diýenimiz däl, durmuşyň diýeni bolar. Sebäbi ol bizden has egoist.

***

Seni bagtly edip bilmedik bolsa, başgasy bilenem bagtly bolup bilmez. Häsiýet üýtgeýän däldir, dostum!

***

Ol hiç kitap okamady, yöne nämüçindir ýazyjylary tankyt edýär.

***

Ol öldi, ýöne hiç kim gelmedi. Molla geñirgenip:

-Näme üçin hiç kim ýok? Nähili adamdy?

Aýaly seslendi:

-Süýthordy.

Jynaza okaljak ýerde obanyň ykmanda itleri süňk gemirip ýatyrdy.

***

Agyr ýatan hassanyň ýanynda iki nätanyş küşt oýnap otyr. Özara gürrüñem oýun bilen bile gyzgalańly dowam edip dur.

-Aýtsana gardaş, näme üçin adamlar meni ýigrenip, seni gowy görýärler?

-Ýönekeý, men süýji sözli ýalan, sen bolsa olara hakykaty görkezýärsiň. Dostuñ ýoklugyndan biliber-dä.
-Hm-m-m, goý onda bu gezegem hakykat ýeňsin, küşt!

Agyr hassa öldi. Ölüm ýene bir gezek özüniň hakykatdygyny subut etdi. Durmuş bolsa: "Men näçe ýalanam bolsam adamlar meni söýmegini dowam eder" diýdi-de öz ýanyndan begenip, başga bir süýthoryň gözlegine çykdy.

Aýsapar Emelowa
14
100
Islam_Atayew
08.09.2024 17:57
Köpleriň gyzyklanmasy bilen soradyklary sorag bar- Näme üçin "Passenger"?! jogaba gelmezden öň başga soraga seredeliň. "Biz kim we bu dünýä näme üçin geldik?" bu soragy google den gözleseň her dürli düşünjeler çykar. Olaryň köpüsine seretsek gazanç etmek maksady bilen işlenen işlerdir. Ýagny biz adamlar käwagt bildiklerimizi pula, şan-şöhrata çalyşyp bilmezlikde galýarys. Asyl menzilimiziň nämedigini unutýarys ýa-da hiçbir habarymyz hem bolmaýar. Sorag-biz kim?, jogap - adam (adamogly).

Ony bizde bilýäris diýýänsiñiz. Aslynda bilmeýäris. Bu ýazanymyz anyk jogap däl. Ýagny ilki ýaşap görkezmesek, adam sözi şu bolýar diýip bilmeýäris. Gysgaça soraga jogap herkimiň özüne göre üýtgäp duryar. Edil käbir matematik mysallar ýaly. Meselem: a=x1+x2+X3+...+x4... deňlemäň çözüwi şertde berilýän a, n sanlara bagly. Ýagny soraga jogap bize bagly. Sorag - bu dünýä näme üçin geldik?, jogap - ýaşamaga geldik. Ýene-de bilýän jogabymyz diýýänsiñiz. Ýöne ýene-de bilmeris aslynda. Ilki ýaşamagy öwrenmegimiz gerek. Belledigimiz menzilimize görä hereket etmegimiz gerek. Nähili menzil ol, ony bilmegimiz gerek. Diýmek hiçbir soraga jogap berip bilmeris, emma ýene-de sorasalar aýdarys.

Mende bu işe bu iki soraga jogap gözlemek üçin girişdim. Biziň ýolumyz daşlardan däl soraglardan düzülen. Bu soraglaryň üstünden basmasak, ýoly geçip menzile baryp bilmeris. Diýmek ussat türk şahyry Nejip Fazyl Kysaküregiň aýtmagyna görä gijelerine ýatmazdan owal herkim özüne "men kim we bu iş nämäñ nämesi?" soragy bermegimiz gerek.

"Passenger" sözüne gelsek iñlis dilinden bir nokatdan başga nokada hereket edýän adama aýdylýar. Ýagny ýolagçy diýmekdir we ilkinji gezek XIV asyrda ulanylyp başlanypdyr. Men hem ýokardaky soraga jogap üçin çykanym üçin "Passenger" sözüni ulanyp başladym. Ýöne hemme sebäpler diñe bular däl. Ýolumyz indi başlady....


Merdangeldi Baýramow
11
47
Islam_Atayew
08.09.2024 10:49
Ol gämi uludy, taryp ederden,
Obada bäs gelip biljek göwrümde.
Şondan-da ulurak söýgi döräpdi,
Amerika barýan gaýgyñ böwründe.

Gyz oglansyz asla oñup bilenok,
Ýigidem o ýarsyz edenok takat.
Aşyk magşuklara buýsanýan ýaly,
Titanik ýüzýärdi, deñizde rahat.

Rahatlyk pozuldy, deşildi gämi,
Edilen arzuwlar sönüp başlady.
Ilki bagta, soñ ajala öwrülen,
Gämi köpler bilen çümüp başlady.

Ýigit halas etdi,
Gyzy,
Söýgüsin,
Özüniñ kysmatyn düýpden unudyp.
Beýik Titanigi ýuwudan deñiz,
Başarmady çyn söýgini ýuwudyp.
14
100
Islam_Atayew
08.09.2024 00:10
Häzirki wagtda adamlary doglan wagtlaryna, ýaşlygynyň geçen döwrüne, şol wagtky ýaşaýşyna baglylykda nesillere bölmek kabul edilen. Olaryň käbirlerniň atlary hem şol döwürüň wakalary bilen baglanşyklydyr. Ol nesiller aşakdakylardyr.

1.Sessiz nesil (silent generation)- bu nesil adatça 1925-1945-nji ýyllar aralygynda doglan adamlar bolup, şol döwürde köp ýurtlarda urşlaryň bolmagy olaryň sanynyň az bolmagyna getiripdir. Olara sessiz nesil diýilmeginiň bir sebäbi şol ýyllarda doglan adamlaryň az gürleýänligi ýaly çaklamlaryň bolmagydyr.


2.Çaga partlamasy (baby boomers)- bu nesil
1946-1964-nji ýyllarda doglan adamlardyr.
Olaryň ady II Jahan urşunyň tamamlanmagyndan soň çagalaryň dogluşynyň köpelmegi netijesinde „Demografiki partlaýyş" bolmagyndan gelip çykýar.



3. X nesil -1965-1980-nji ýyllarda doglan adamlar bu nesile degişli edilýär. Bu nesil köne nesillere garanda has başarnykly hasap edilýär.


4. Y nesil - bu nesil 1980-1995-nji ýyllarda doglan adamlary öz içine alýar. Bu ýyllarda doglan adamlaryň ýaşlygy internet we sosial torlaryň ýaýbañlaşýan wagtyna gabat gelýär. Olaryň ýarty böleginiň internet tehnologiýalaryndan başy çykýar.


5. Z nesil- Bu nesil şu wagtky ýaş nesillerdir, Olar 1996-2010-njy ýyllarda doglanlardyr. Häzirki wagtdaky ýaşlar bu nesle degişlidir we olar has kämildir.


6.Alfa nesil - 2010-2025-nji ýyllaryň içinde doglan we doguljak çagalar Alfa neslidir.

7.Beta nesil-2025-nji ýyldan soň doguljak çagalar Beta neslidir. Adynyň gelip çykyşy ondan köne nesil bolan Alfa nesliniň Latyn elipbiýinde dowamy bolmagyndan. Bu nesil häzir dogulmadyk çagalar bolanlygy üçin olar hakda maglumat añyrda dursun teoriýa hem ýok.

Makalam.
13
41
Islam_Atayew
07.09.2024 23:53
1. Towşana "Jynlaryň gorkusy" diýýärler. Sebäbi jynlar towşanyñ ýanyna gelip bilmeýärlermiş.

2.Kirpi-de, samyr-da, eger, özlerini kepjebaş çakaýsa, timýan otuny iýmek bilen sagalýarlar.

3.Delfinler deňizde gark bolanlary halas edÿärler. Delfin gark bolanyň ýanyna gelýär, ol hem elini onun arkasyna goýýar. Onuň özüne daýanmagyna, özünden ýapyşmagyna kömek edýär, özi bolsa ýanyndan ýüzüp gidýär. Ýunus pygamberi ýuwdan balyk hem delfindir, şonuň üçin oña «Ýunus balygy» hem diýilýär.

4. Iñ köp tohum taşlaýan jandar balykdyr, soň çekirtge, soň içýan.

5.Balyk öz ýumurtgasyny iýmeýär, çagasyny ulaltmaýar, emdirmeýär. Allatagala şonuň üçin onuñ zürýadyny köp edipdir. Ol kepderi ýaly çagasyny idemeýär we ulaltmaýar.

6.Kepderi ýylda diñe iki sany ýumurtga guzlaýar. Alla onuň neslini az edipdir. Towuk bolsa jüýjesini ulaldýar, soň idemeýär. Alla onuň ýumurtgasyny we jüýjesini köp edipdir.

7.Ýylan otuz ýumurtga guzlaýar. Onuň otuz gapyrgasy bar, şonuň üçinem onuň oňurgasy güýçlüdir. Bu ajaýyp işleri ýerli ýerine goýan Alla ähli kemçiliklerden päkdir. Bu hikmetleri ýaradan Alla nähili parasatlydyr.

8. Pişige "ýolbarsyň asgyrmagy" diýýärler. Sebäbi, syçan Nuh alaýhyssalamyň gämisini gemrip başlanda, Allatagala ýolbarsyň asgyrmagyndan pişigi çykarypdyr. Ol hem syçany ýok edipdir.

Çeşme: Mahmyt Zamahşary "Ýagşyzadalaryň bahary".
20
133
Islam_Atayew
07.09.2024 16:04
Bu wa­ka Ok­la­ho­ma Si­ti­niň gü­neş­li gün­le­ri­niň bi­rin­de bo­lup­dy. Me­niň dos­tum buý­san­jaň
ata Bob­bi Lýuis öz iki og­lu­ny mi­ni-golf oý­na­ma­ga alyp gi­dip­dir. Ol pe­tek sa­ty­ja ýüz­le­nip:
–­Pe­tek nä­çe­den?
–­Si­ziň üçin üç dol­lar, üç dol­lar hem al­ty ýaş­dan uly ça­ga­lar üçin. Al­ty ýaş­ly we on­dan kiçi­le­ri mugt goý­ber­ýä­ris.
Si­ze nä­çe­si ge­rek?­–­di­ýip, ýaş ýi­git so­rap­dyr.
Bob­bi:
–­Bi­ri üç ýa­şyn­da, ikin­ji­si ýe­di ýa­şyn­da, diý­mek, men sa­ňa al­ty dol­lar ber­me­li.
Pe­tek sat­ýan ýi­git gy­zyk­la­nyp:
–­Me­ni diň­le,ser! Sen nä­me tä­ze­lik­de ba­ýa­dyň­my? Sen üç dol­lar tyg­şyt­lap bil­jek­diň ahyryn. Sen ma­ňa ulym hem al­ty ýa­şyn­da di­ýen bol­saň, men aň­maz­dym ahy­ryn.
–­Ha­wa, şeý­le hem bo­lup bi­ler­di, ýö­ne ça­ga­lar aňar­dy­lar-a­–­di­ýip, Bob­bi jo­gap be­rip­dir.


Ne­ti­je: her hi­li ýag­daý­lar­da hem tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki­le­re oňat nus­ga gör­ke­ziň.


Hekaýalar ýygyndysy.
14
79
Islam_Atayew
07.09.2024 01:05
Belli nemes şahyry Moris Zafır (1795-1858) edebiýaty öwrenijileriñ biri bilen mazaly jedelleşipdir.

"Siz diñe pul üçin ýazýarsyñyz!" diýip, edebiýaty öwreniji şahyra teýenesini atypdyr.

- Men bolsam, wyždan, at-abraý üçin galam İşledýän.

- Gaty dogry aýdýaň! diýip, şahyr bada-bat onuñkyny tassyklapdyr. Ikimizem özümizde ýok zatlar üçin ýazýas-da!

***

Bir oturyşykda iki sany ýuwan ýigit Wolteriñ üstünden gülmek maksady bilen oña şeýle sowal beripdir:

- Hormatly ýazyjy, "Bize suw beriñ" diýip gürleseñ dürsmi ýa-da "Bize suw getiriñ!" diýip gürleseň dürs?

"Siziñ üçin bularyñ hiç haýsysam gabat gelenok" diýip, Wolter olara jogap beripdir. "Bizi suwa ýakmaga güzere äkidiň!" diýseñiz siziñ häsiýetiñize has laýyk gelerdi!

***

Kazy aýyplanýana ýüzlenýär.

Özüñizi aklajak bolup edýän pyrryldaklaryňyzy bes ediñ! Sizi ogurlygyň üstünde gören on sany şaýady gaşyñyzda dikip biljek.

- Weý, muñ aýdýanyny diýip, aýyplanýan dillenipdir. Beý diýjek bolsañyz meni ogurlygymyň üstünde görmedik şaýatlaryň onusyny-ha däl, eýsem, ýüzüsini-de siziñ gaşyñyzda dikip biljek.

***

Eý, sen näme üçin egin-eşikleriň bilen suwa düşüp ýörsün?

- Şeýtmek bilen men olary ýuwýan.

- Näme, kir ýuwýan maşynyň ýokmy? Bar welin, oña girsem başym aýlanýar.

***

Bir obada toý bolýar. Bagşy getirilýär. Bagşy ilkinji aýdymyny "Köne güzerden" başlapdyr. Şol wagtam goñşy obadan gelen bir ýigit ýerinden turup, gitmekçi bolýar. Oña:

- Otur, halypa, aýdym ýañy başlady ahyryn- diýişýärler.

Ol köwşüni geýip durşuna:

- Bagşy şu sesi bilen aýdymyny dowam etse, ýene iki aýdymdan soñ sesi obamyza ýeter. Men ony öz öýümizde oturyp diňläýjek - diýipdir.

***

Erkek kişi bilen düýäniň arasynda näme tapawut bar?

- Düýe bir hepdeläp içmän işläp bilýä.

- Adam näme?

- Adam bir hepdeläp işlemän içip bilyä.

***

Çaýhanada bir ýigit hiç kime gezek bermän öwinipdir.

Birini-hä kelläm bilen süsüp ýykdym, ýene biriniñ ýakasyndan tutup urdym, siltäp urdum...

Edil şol wagtam ukudan oýanansyň-ow! - diýip, Ependi onuñ sözüni bölipdir.

***

Ýigit gyza sowgat bermekçi bolýar.

- Ezizim! Sen haýsy güli halaýañ?!

- Günebakary.

-O, näme üçin?

-Onuñ çigidini çigitläp bolýar.

***

- Sen öýüñde gaplaň saklaýarsyn diýýärler. Şol çynmy?

- Hawa! Ýöne, ol şumat atasy öýüne gitdi.


Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
18
272