Özüme gelendirin öýdüpdim. Al kakmyş, henizem huşumda däl ekenim.
***
Men dogrymy aýtdym. Seniň maña ynanmaýanlygyň, meniň ýalançydygymy añladanok!
***
Her gül her bagda gögerýän däldir. Şonuñ üçin öz bagyňyzda düýp tutaýjak güli saýlawerin, hormatly bagbanlar!
***
Ynsan oglunyň iň ýakyn dostudyr-ýalňyzlyk! Ýalñyz wagtymyz hemişe ýanymyzdadyr!
***
Ölümden gorkma dostum, ol bu dünýädäki ýeketäk hakykat ahyry!
***
Iki sany ýakyn dostuň bir-birine diýýän sözi: "Men seni tanamok ekenim".
***
Ynsan ogly biz! Adamlaryň bir ýalñyşy üçin onuň ähli dogrularyny ýok edip bilýäris!
***
Biziň diýenimiz däl, durmuşyň diýeni bolar. Sebäbi ol bizden has egoist.
***
Seni bagtly edip bilmedik bolsa, başgasy bilenem bagtly bolup bilmez. Häsiýet üýtgeýän däldir, dostum!
***
Ol hiç kitap okamady, yöne nämüçindir ýazyjylary tankyt edýär.
***
Ol öldi, ýöne hiç kim gelmedi. Molla geñirgenip:
-Näme üçin hiç kim ýok? Nähili adamdy?
Aýaly seslendi:
-Süýthordy.
Jynaza okaljak ýerde obanyň ykmanda itleri süňk gemirip ýatyrdy.
***
Agyr ýatan hassanyň ýanynda iki nätanyş küşt oýnap otyr. Özara gürrüñem oýun bilen bile gyzgalańly dowam edip dur.
-Aýtsana gardaş, näme üçin adamlar meni ýigrenip, seni gowy görýärler?
-Ýönekeý, men süýji sözli ýalan, sen bolsa olara hakykaty görkezýärsiň. Dostuñ ýoklugyndan biliber-dä.
-Hm-m-m, goý onda bu gezegem hakykat ýeňsin, küşt!
Agyr hassa öldi. Ölüm ýene bir gezek özüniň hakykatdygyny subut etdi. Durmuş bolsa: "Men näçe ýalanam bolsam adamlar meni söýmegini dowam eder" diýdi-de öz ýanyndan begenip, başga bir süýthoryň gözlegine çykdy.
Aýsapar Emelowa