Gysga hekaýa.
Bir ýaş ýigidiň toý güni barha golaýlapdyr. Ol toýa taýýarlyk görmek üçin ençeme aýlap alada edipdir. Bir gün ol kakasyna ýüzlenip:
–Kaka, senden bir haýyşym bar. Meň bir özüm hiç zada ýetişemok, şoň üçin, ine, dostlarymyň sanawy. Olara jaň edip, toýuma çagyryp beräý–diýipdir.
–Bor, oglum – diýip, kakasy jogap beripdir.
Toý güni ogly kakasynyň ýanyna howsalaly
gelip, gaharlanyp ugrapdyr:
–Kaka, seň edeniň näme? Men saňa
“Ähli dostlaryma jaň edip çyk” diýmänmidim?
– Men seniň aýdyşyň ýaly etdim-ä.
–Meniň saňa beren sanawymda 50 adam bardy, toýa bolsa olaryň diňe 15-si gelipdir.
–Oglum, men olaryň 50-sine-de jaň edip çykdym. Olaryň her birine seň haýyşyň bilen jaň edýändigimi hem-de seniň häzir bir meseläň ýüze çykandygyny we saňa dostlaryň kömeginiň gerek boljakdygyny hem aýtdym. Men olaryň ählisinden şu sagatda, şu ýere jemlenmeklerini haýyş etdim. Şonuñ üçin alada etme, oglum! Seniň hakyky dostlaryň häzir şu ýerde!
Hekaýalar ýygyndysy