Islam_Atayew
08.09.2024 10:49
Ol gämi uludy, taryp ederden,
Obada bäs gelip biljek göwrümde.
Şondan-da ulurak söýgi döräpdi,
Amerika barýan gaýgyñ böwründe.

Gyz oglansyz asla oñup bilenok,
Ýigidem o ýarsyz edenok takat.
Aşyk magşuklara buýsanýan ýaly,
Titanik ýüzýärdi, deñizde rahat.

Rahatlyk pozuldy, deşildi gämi,
Edilen arzuwlar sönüp başlady.
Ilki bagta, soñ ajala öwrülen,
Gämi köpler bilen çümüp başlady.

Ýigit halas etdi,
Gyzy,
Söýgüsin,
Özüniñ kysmatyn düýpden unudyp.
Beýik Titanigi ýuwudan deñiz,
Başarmady çyn söýgini ýuwudyp.
14
96
Islam_Atayew
8 Sentýabr 2024
@garlawac, gyzyklanyp gör, menem gyzyklanyp göreyin, soñ pikir alyşars
Islam_Atayew
8 Sentýabr 2024
@garlawac, Dogrysy, mena kinosyny gördim bolan waka esasynda düşirlennem bilyän, yone kinoñ añyrsyndaky syry bilmedim, gyzyklanmandyrnam.
Islam_Atayew
8 Sentýabr 2024
@garlawac, "düzildimikä" diyen sozi okap goşgy kellame geläydi
Islam_Atayew
8 Sentýabr 2024
@garlawac, ýok, şol aşyklar üçin düzilen, gaýtadan okap gör
Islam_Atayew
8 Sentýabr 2024
Kerim Hally
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.