Islam_Atayew
08.09.2024 17:57
Köpleriň gyzyklanmasy bilen soradyklary sorag bar- Näme üçin "Passenger"?! jogaba gelmezden öň başga soraga seredeliň. "Biz kim we bu dünýä näme üçin geldik?" bu soragy google den gözleseň her dürli düşünjeler çykar. Olaryň köpüsine seretsek gazanç etmek maksady bilen işlenen işlerdir. Ýagny biz adamlar käwagt bildiklerimizi pula, şan-şöhrata çalyşyp bilmezlikde galýarys. Asyl menzilimiziň nämedigini unutýarys ýa-da hiçbir habarymyz hem bolmaýar. Sorag-biz kim?, jogap - adam (adamogly).

Ony bizde bilýäris diýýänsiñiz. Aslynda bilmeýäris. Bu ýazanymyz anyk jogap däl. Ýagny ilki ýaşap görkezmesek, adam sözi şu bolýar diýip bilmeýäris. Gysgaça soraga jogap herkimiň özüne göre üýtgäp duryar. Edil käbir matematik mysallar ýaly. Meselem: a=x1+x2+X3+...+x4... deňlemäň çözüwi şertde berilýän a, n sanlara bagly. Ýagny soraga jogap bize bagly. Sorag - bu dünýä näme üçin geldik?, jogap - ýaşamaga geldik. Ýene-de bilýän jogabymyz diýýänsiñiz. Ýöne ýene-de bilmeris aslynda. Ilki ýaşamagy öwrenmegimiz gerek. Belledigimiz menzilimize görä hereket etmegimiz gerek. Nähili menzil ol, ony bilmegimiz gerek. Diýmek hiçbir soraga jogap berip bilmeris, emma ýene-de sorasalar aýdarys.

Mende bu işe bu iki soraga jogap gözlemek üçin girişdim. Biziň ýolumyz daşlardan däl soraglardan düzülen. Bu soraglaryň üstünden basmasak, ýoly geçip menzile baryp bilmeris. Diýmek ussat türk şahyry Nejip Fazyl Kysaküregiň aýtmagyna görä gijelerine ýatmazdan owal herkim özüne "men kim we bu iş nämäñ nämesi?" soragy bermegimiz gerek.

"Passenger" sözüne gelsek iñlis dilinden bir nokatdan başga nokada hereket edýän adama aýdylýar. Ýagny ýolagçy diýmekdir we ilkinji gezek XIV asyrda ulanylyp başlanypdyr. Men hem ýokardaky soraga jogap üçin çykanym üçin "Passenger" sözüni ulanyp başladym. Ýöne hemme sebäpler diñe bular däl. Ýolumyz indi başlady....


Merdangeldi Baýramow
11
47
ideallider
8 Sentýabr 2024
Hakdan gelip, haksyzlyk bilen haka barýas!!!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.