Islam_Atayew
02.05.2024 23:18
Garym-gatym.
28
89
Islam_Atayew
02.05.2024 03:34
Ruhy taýdan näsäglara okamak maslahat berlenok.

Bir gün agşam ýatyrdym, suwsapdyrn, bokurdagym gurapdy, suw içmek üçin ýerimden ýaltalyk bilen turup aşhana bardym (sagat 3:35). Yzyma gelenimde otagymyñ penjiresinden biri maña seretýärdi. Men bu sagatda hiç kimiñ beýle oýun etmejegini bilýädim we jynlaryñ(ýa-da ruhlaryñ) biziñ gözimize görinip bilýändigne doly ynandym.

***


Jan ýaly dostum 2 gatly öý satyn aldy, täze jaýyny toý-şagalañ edip belledi. Soñra dostlugyñ hatyrasyna biz ikimiz ýadygärlik surata düşdik.  Anyk 4 aýdan soñ göz ýetirdim suratyñ añyrsyndaky ýüz görilýän aýnanyñ içinde kimdir biriniñ bize seretýändigni. Dostumyñ maña "bu öýde nämedir bir zatlar bar, biz bu öýden göçmeli" diýenine ynanman, garşy çykanyma ökinýän.


***


Gyş aýlarynyñ biridi, añzak gyşyñ gary ýere ak mahmalny ýapypdy. Daş - töwerek ümsümlik. Pejime odun salmak üçin ýerimden turanymda, penjirämden haýsyda bolsa bir zat geçip gitdi. Üns bermedim we gözime görinýändir diýen netijä geldim. Emma gapymyñ agaç sekisine basylan sesi welin anyk aştdim. Egnime güpbimi atyp gapydan çykyp töwerege seretdim, hiç kim ýok, sekide welin näbelli üýtgeşik gar yzlary bardy...

***


Gawun garpyz bişen wagtlary ýük ulaglary dynman, gije-gündiz hereketde bolýar, ýagny bazarlara gawun garpyz daşaýarlar. Ýükümi diýlen ýere düşürip gijem bolsa salkynda ýola düşmegi makul bildim, uly ýoluñ ugry bilen ulagym oklaw ýaly asfaltyñ üstinden okdurlyp barýardy. Töwerek ümsümlikdi, gije ýary onçakly maşynam ýokdy, şeýle bir sessizlikdi welin men diñe dwigateliñ (motoryñ) sesini eştýärdim. Birden yz tarapky aýnamy kimdir biri kakmana başlady " tyrk, tyrk, tyrk", men biraz aljyradym we gorkdum. Beýle ýagdaý ara 3-5 minut maý salyp, ýene täzeden yzygiderli gaýtalandy. Meniñ bu garañkylykda durup, ulagmyñ yz tarapyna (bortuna) seretmäne gurbatym ýokdy, sebäbi gaty gorkupdym. Birnäçe minutdan ýol gözegçilik postuna gelip saklandym we ulagymdan atylyp çykyp bolan wakany bolşy ýaly gürrüñ berdim, ulagymyñ yzyny barladyk hiç zat ýok. Polisiýa işgärleri bolsa bu ýagdaýa duçar bolanyñ diñe men däldigmi, başgada birnäçe ýolagçylaryñ gorkup bu ýerde saklanýandyny aýtdylar.
28
161
Islam_Atayew
01.05.2024 22:14
Şu gün gaýtalap okan sözlem.

Türkmençe terjimesini bilýän bolsañyz ýazaýyñ.
24
150
Islam_Atayew
01.05.2024 19:15
Goşgy ýazmak nämä gerek ?


Diýýän käte öz-özime
Goşgy ýazmak nämä gerek ?
Şonsuzam müñ gaýgy bilen
Geçip dur ömrüm biderek.

Aýlanyp dur çarhypelek
Bir gün maña gelse gezek
Ukybymy görkezmäge
Gowja goşgy ýazmak gerek.

Aýlanyp dur çarhypelek
Bir gözeli söýse ýürek
Gyz göwnini awlamana
Betje goşgy ýazmak gerek

Öñe öñe diñe öñe
diýip urýar ýürek
Gerçek aýdar halkym
Hem geljegim, bagtym üçin
Gözel goşgy ýazmak gerek.


Gerçeknazar Amannazarow
27
43
Islam_Atayew
30.04.2024 20:21
Garym-gatym.
25
92
Islam_Atayew
30.04.2024 15:17
Ependi Türkiýede okaýan ogluna hat
ýazýamyş:
"Salam oglum! Sag-aman okap ýörmüň? Bu
hatly bukjaň içine öz aýdyşyň ýaly 20 $ salyp iberýändirin. Onsaňam bir zady berk belle, 20-lik iki nol bilen däl-de bir nol bilen
ýazylýandyr!...

(Düşünmediklere düşündiriş: ogly 200$
sorapdyr, kakasam 20$ iberipdir :) )

***

Tomus günleriniň birinde, obada. Gapysyz
bir hajathanada bir adam işini bitirip
otyrmyş. Ýoluň gyrasyndan barýan bir daýza muny görüp:
-Toba-toba! Ölmeseň her zat görjek ekeniň.
Oglum, hajathanaňa gapy daksaň bolmaýamy?
-Aý, daýza. Bu ýerde ogurlar ýaly zat ýog-a!
Gapy nämä gerek?


***


-Jorajan, äriň nirde işleýä gyz?
-Üç aý bäri çakyr zawodda işlän-ä bolýa,
ýerçeken.
-Ýeri onsoň, işini halaýamy?
-Nä bileýin artyp galmyş. Işe gireli bäri öýe
dolanmasa näme...


***


Bir aýagy gysga, gözleri çaşy, saçlary düşen, eşikleri sal-sal bir ýaş ýigit “Gelinlik tapyp berýän edara“ gelýär we sakawlap:
-M-m-ma-maňa owa-wadan, wepaly we baý
ge-ge-gelinlik gerek! -diýýär.
-Size diňe aklyndan doly azaşan biri äre
baraýmasa...
-Zyýany ýok! A-a-aklyndan aza-a-şanam
bolsa bolýa. M-men razy..

***

MASLAHATLAR:
1. Agtyklaryňyzy gowy görüň, sebäbi olar
ulalansoň siziň ogluňyzdan aryňyzy alyp
berer.
2. Haýwanat bagyny gezip öýe gaýtjak
bolanyňyzda: „,Gaçyň! Ýolbarslar kapasadan
çykypdyr!" diýip gygyryp ylgap görüň.

***

-Kosmosda näme edip bolanok?
-Asylyp bolanok!


***


Iki sany it derdinişýä diýýä..
Birinji it:
-Meniň hojaýynym gaty gowy adam, maňa
günde etlije süňk berýär, gezdirmäge
çykarýar, sypalaýar, suwa düşúrýär..
Ikinji it onuň sözüni bölýär:
-Meniň hojaýynym-a edil it ýaly.


***


Ependiniň oglundan mugallymy soraýar:
-Ependiýew, hany sen aýt. Watan goragçysy
ilki bilen näme etmeli?
-Ilki bilen özüni Harby komissarlykdan
goramaly, ýollaş mollym!


***


Ependi aga Gurtly kölünde gaýyklara
esewan bolujy bolup işe girýär. Onuň işi
gaýyklary kireýine ulanmaga bermek we
wagty gutaranda yzyna almakmyş. Ine bir
gün ol kenarda oturan ýerinden eli dürbüli
suwda gaýykly ýüzüp ýörenleriň birine
bokurdagyna sygdygyndan gygyrýar:
-Heý! Eşidýäňizmi 99-njy gaýykdakylar!
Wagtyňyz gutardy, kenara dolanyň! 99-njy
diýýän size, derrew yzyňyza dolanyň!
Ependi aga şeýdip, epesli wagtlap gygyryp
durýar.. Ahyry Ependiň ýanyna onuň
kömekçisi gelýär:
-Ependi aga, bizde bary ýogy 70 gaýyk bar
ahyryn. Näme "99-njy gaýyk" diýip gygyryp
dursuň?
Bu sözden soň Ependi aga ýeňsesini gaşaýar we täzeden gas gatyrak gygyrmaga başlaýar:
- 66-njy gaýyk! Näme boldy size how?
Sesleniň ahyryn!!! 66-njy!


***


Gümrükhana işgäri daşary ýurtdan gelen
turistiň goşlaryna seredip durşuna şeýle
diýýämiş:
-Hany, derrew bir zady anyklaly. Bu goşlaryň haýsylary siziňki we haýsylary meniňki?


Internet maglumatlary esasynda...
38
457
Islam_Atayew
29.04.2024 19:54
Keýpsizligiň esasy sebäpleri:
açlyk we uky ýetmezçiligi.

***

Kompýuter syçanjygyna 10 milýon
gezek bassañyz 1 kg horlanarsyñyz.

***

Brazilýadaky türmelerde her jenaýatkäriñ
okan we doly aýdyp beren kitaby üçin jezasyndan 4 gün aýrylýandyr.

***

Google Michel Jacson ölen wagtynda şol
bir wagtyñ dowamynda milýonlarça adamynyñ şol bir zady, ýagny "Michel Jacson öldimi?" soragy ýazylan wagtynda birinji we iñsoñky gezek wagtlaýynça çökendir.

***

Ökjeli aýakgaplar birinji gezek 1533 nji ýylda Floransada ýaşaýan Medici Hanedanynyñ gysga boýly gyzy Caterina Medici úçin ýasalandyr.Ýöne òkjeli aýakgaplar 1600-nji ýylda erkekleriñ ata has añsat mùnip bilmeleri ùçin hem geýilipdi, we mundan soñky ýyllarda
ökjeli aýakgaplar has meşhurlygny gazanypdy.

***


Beýnimiziň, göwnümüze degen birini
bagyşlamasy 6-8 aýa çenli gitýändir.


***

Bilim puldan wajypdyr, sebäbi puly sen
goraýaň, bilim bolsa seni.



Täsin_dünýäm
17
88
Islam_Atayew
29.04.2024 00:34
Megerem Wangany (Вангелия Пандева Сурчева) tanamaýan ýok bolsa gerek.

Wanganyň Russiýa we dünýä üçin 2024-nji
ýyldaky çaklamalary.

Wanga, geljegi barada ajaýyp takyk çaklamalary bilen bütin dünýäde tanalýan Bolgar aýaly. Görýän, global kataklizmleri, syýasy üýtgeşmeleri we hatda täze lukmançylyk açyşlaryny öz içine
alýan köp wakany çaklady.

Wanganyň Russiýa üçin 2024-nji ýyldaky
çaklamalary. Görüjiniň (Wanganyñ) pikiriçe, 2024-nji ýylda dünýäde möhüm geosyýasy üýtgeşmeler bolup geçýär. Hususan-da, üç ägirt ýurt - Russiýa, Hindistan we
Hytaý täze güýçli bileleşik döredýär. Wanga 100 we 5 sanlary öz içine alýan "gyzyl puluň" peýda bolandygyny hem belläp geçdi. Köp düşündirişlere görä, beýanyna laýyk gelýän bäş müň rubl we ýüz ýuwana barabar. Wanga, Russiýanyň "Beýik ýurt bolandygyny we geljekde boljakdygyny" aýtdy.

Mundan başga-da, geňeşçi ösen ýurtlaryň köpüsiniň gatnaşjak uzak wagtlap dowam edýän global konfliktiniň gyzgyn tapgyryny çaklady. Mundan başga-da, onuň netijesi "Taryhda iň möhüm" diýilýär.

***

Wanganyň 2024-nji ýyl çaklamalary:

2024-nji ýylda Amerikanyň ozalky
prezidentlerinden biriniň keseli baradaky
garaşylmadyk habarlar dünýäni geň galdyrar diýip, Wanga çaklapdy. Ak tamyň täze eýesiniň ýakyn wagtda geçiriljek saýlawyny göz öňünde tutup, terjimeçiler Donald Trump hakda gürleşýändigimizi aýdýarlar. Mundan başga-da, görüjiniň çaklamalaryndaky "kesel" sözi düşnüksiz düşündirilip bilner- belki, bu uzak wagtlap dikeldilmegini talap edýän käbir şahsy ýa-da maliýe tolgunyşyklaryny aňladýar.

Wanga, bu aralykda Ýewropa ýurtlary uly ykdysady krizis bilen ýüzbe-ýüz bolar diýip hasaplady. Bütin dünýä ykdysady ulgamyna
durnuksyzlyk we üýtgemeler garaşýar.

Ýöne diňe bir syýasy düşünişmezlikler we
maliýe meseleleri dünýä jemgyýetçiliginiň gün tertibinde bolmaz. Wanganyň pikiriçe, 2024-nji ýylda tebigy betbagtçylyklar bolar, munuň sebäbi suwasty güýçli ýer titremesi bolar.

Bir wersiýa görä, planetada betbagtçylyklar
asteroid ýuwaş ummanyna düşenden soň başlar, bu bolsa uly sunaminiň döremegine sebäp bolar.

Planeter togalagynda seýsmologiki ýagdaý
hakykatdanam durnuksyz - soňky aýlarda
planetanyň dürli sebitlerinde köp ýer titremesi boldy. Mundan başga-da, ýuwaş ummanda anomaliýa - El Niño tebigy hadysasy bolup geçýär, netijede ekwatorial bölegiň temperaturasy birnäçe dereje ýokarlanýar. Wanganyň belliklerinden biri nebitiň "soňuna" degişlidir - terjimeçiler muny alternatiw energiýa çeşmelerine geçiş bilen düşündirýärler.

Ahyrynda, görüji kosmos gözleginde öňegidişlige we hatda ýerüsti siwilizasiýalar bilen ähtimal aragatnaşyga yşarat etdi. Emma beýle sözleri göni manyda düşündirmeli däl. Hünärmenler bu
çaklamalaryñ diňe kosmos gözlegçileriniň täze açyşlaryny aňladýandygyna ynanýarlar.

Internet maglumatlary esasynda...
29
210
Islam_Atayew
28.04.2024 22:41
"Aýym" diýerdim saňa. Yşkdan dolup-
daşýan, tolkunlary bilen kenaryndaky
gaýalary özüne siňdirmek isleýän hyruçly
bir deňzi ýada salýan dünýäm bardy. Seni
bu dünýämiň Aýyna meňzederdim. Ýöne,
bilmedim, bir taraply garaýşyňdanmy-
nämemi, kän bir göwnemezdiň beýle
ýüzlenmämi. «Aýym» diýip ýazan sms-ime
hem «Beýle diýmek bilen Günsüz hiç
zatdygymy aýtjak bolýaňmy?» diýip jogap
beripdiň, ýadymda. Näme diýjegmi-de
bilmedim.

Ýüregim görmek islänini görüpdir öýdýän. Barlygyňda ynjalardym. Ýanymda saýardym seni. Aslynda uzak eken aramyz, juda uzak. Şeýle-de uzakdan gatnaşardyk. Iki simiň arasyndan eşiderdim sesiňi. Sms- leriň gelerdi. Men bolsa ähli zady hyýaly dünýämde ýaşardym.

YIhamymdyň sen meniň. Oňler goşgy-gazal bilen ugrum bolmazdy, saňa duşup ýazarman boldum. Bar ýazanymam söýgi
hakynda, söýgim hakynda. A seniň welin
söýgime gümanly garaýşyň bardy. Göwnüňi awlamak islärdim, a sen aldamak isleýändir öýderdiň. Dünýäde her ki zat iki
taraplydyr, sen elmydama tersinden
bakardyň. Bolmajakdan tutardyň. Meniň
bolsa bar bilenim-bitenim sen bolduň.
Ahwalym-halym saňa baglydy. Çünki
Aýymdyň.

Käşgä düşünsediň Aýyň dünýä üçin dünýäm üçin niçik wajypdygyna. Onuň bar
ähmiýeti gijeleri ýagtyltmak däl ahyry. Aýyň öz dartyş güýji bilen ummanlaryň, deňizleriň deňagramlylygyn saklaýandygyny bilýärmidiň? Deňiz ýaly
göwnümiň däli-porhan bolmasy hem seniň
bilendi, asudalygy hem.

Men şol günleriň ýatlamalaryna çolaşdym
galdym. Ne bir ädim ilerläp bildim, ne ýeke
pursat yza dolanyp. Unutmadym, unudyp
bilmedim, şu gün seniň doglan günüň.
Gutly bolsun! Gaşyňa barmaga gaýratym
çatmady. Elimde internet sahypaňdan alan
suratym. Şonda-da özüň ýanymda ýaly
göwnüme. Bu hemişe-de şeýledi. Şeýle-de
bolar.

Göz öňümden hiç gidenok syratyň.
Saryjadyň. Käte bir ýylgyrardyň maňa. Gül
keşbiň Güne çalym etse-de, «Aýym» diýerdim saña.


Sähetmyrat SÄHEDOW
28
102
Islam_Atayew
28.04.2024 01:04
-Meniň size iki sany soragym bar: birinjiden-ä munuň bahasy näçe, ikinjidenem näme üçin beýle gymmat???

***

-Eje, biziň mugallymymyz maňa
„matematikadan hiç zat bileňok“ diýip,
gündeligime birhili san ýazdy-laý.

***

Bir ýewreý aýalyna berk tabşyryk berýär:
-Keýwany, şu gün Rabinowiçleriň
dükanyndan zat satyn alaýmagyn!
-Näme üçin?
-Sebäbi, men olara terezimizi ulanmaga
berdim.

***

-Agam! Bäş müň manat beräýiň-dä, men
irden zat iýmedim.
-Menem iýemok..
-Beýle bolsa on müň manat beriň, ikimiz
bileje iýäýeris.

***

Prezident Buşa ýazylan hat.
"Hormatly jenap Buş! Usame Bin Laden
meniň gaýynenemlerde ýaşaýar. Men hem
olar bilen uruş alyp barýaryn. Maňa
howadan hüjüm etmek arkaly kömek
bermegiňiz haýyş edýärin."

***

Dälihanada doktor öz nasagyny gutlaýar:
-Gutlaýan! Siziň saglygyňyz gowulaşmaga
başlady, bahym siz öýe bararsyňyz...
-Nämäni gutlaýaňyz? Alty aý ozal men bảrik
gelemde Napoleondym, häzir bolsa men-
hiç kim... Öýe hiç kim bolup barmalymy?

***

Burnundan ary çakan pyşdyl şeýle diýýämiş:
-Wah, içigaragalmys! Yene-de bu gije
daşarda ýatmaly boljagow.

***


Dälihanada iki sany däli gezip ýörkä, ýerden
bir bölek ýüz görülýän aýna tapýarlar.
Biri ony galdyrýar we geň galyp, aýna
seredýär:
-Bä-ä... Özä bir tanyş ýüz.
Beýleki däli onuň elinden aýnany alýar:
-Hany menem bir göreýin... Haý samsyk
diýse. Bu men-ä how!

***

Gassabyň iň soňky sözi:
„Hol duran pyçagy oklap göýber!“

***

Ogly öz söýýän gyzyny ejesi bilen
tanyşdyrmaga getirýär:
-Eje, bu gyz gowy maşgaladan. ol çöregem
bişirip bilyär, sygyram sagyp bilýär, her
dürli naharlardanam başy çykýar, öýi arassa saklamagam başarýar..
-Orän oňat, oglum! Beýle bolsa aýyna 800
müň manat töleýän, razy bolsa ertir işe
başlabersin.


Internet maglumatlary esasynda...
42
408