Islam_Atayew
02.05.2024 03:34
Ruhy taýdan näsäglara okamak maslahat berlenok.

Bir gün agşam ýatyrdym, suwsapdyrn, bokurdagym gurapdy, suw içmek üçin ýerimden ýaltalyk bilen turup aşhana bardym (sagat 3:35). Yzyma gelenimde otagymyñ penjiresinden biri maña seretýärdi. Men bu sagatda hiç kimiñ beýle oýun etmejegini bilýädim we jynlaryñ(ýa-da ruhlaryñ) biziñ gözimize görinip bilýändigne doly ynandym.

***


Jan ýaly dostum 2 gatly öý satyn aldy, täze jaýyny toý-şagalañ edip belledi. Soñra dostlugyñ hatyrasyna biz ikimiz ýadygärlik surata düşdik.  Anyk 4 aýdan soñ göz ýetirdim suratyñ añyrsyndaky ýüz görilýän aýnanyñ içinde kimdir biriniñ bize seretýändigni. Dostumyñ maña "bu öýde nämedir bir zatlar bar, biz bu öýden göçmeli" diýenine ynanman, garşy çykanyma ökinýän.


***


Gyş aýlarynyñ biridi, añzak gyşyñ gary ýere ak mahmalny ýapypdy. Daş - töwerek ümsümlik. Pejime odun salmak üçin ýerimden turanymda, penjirämden haýsyda bolsa bir zat geçip gitdi. Üns bermedim we gözime görinýändir diýen netijä geldim. Emma gapymyñ agaç sekisine basylan sesi welin anyk aştdim. Egnime güpbimi atyp gapydan çykyp töwerege seretdim, hiç kim ýok, sekide welin näbelli üýtgeşik gar yzlary bardy...

***


Gawun garpyz bişen wagtlary ýük ulaglary dynman, gije-gündiz hereketde bolýar, ýagny bazarlara gawun garpyz daşaýarlar. Ýükümi diýlen ýere düşürip gijem bolsa salkynda ýola düşmegi makul bildim, uly ýoluñ ugry bilen ulagym oklaw ýaly asfaltyñ üstinden okdurlyp barýardy. Töwerek ümsümlikdi, gije ýary onçakly maşynam ýokdy, şeýle bir sessizlikdi welin men diñe dwigateliñ (motoryñ) sesini eştýärdim. Birden yz tarapky aýnamy kimdir biri kakmana başlady " tyrk, tyrk, tyrk", men biraz aljyradym we gorkdum. Beýle ýagdaý ara 3-5 minut maý salyp, ýene täzeden yzygiderli gaýtalandy. Meniñ bu garañkylykda durup, ulagmyñ yz tarapyna (bortuna) seretmäne gurbatym ýokdy, sebäbi gaty gorkupdym. Birnäçe minutdan ýol gözegçilik postuna gelip saklandym we ulagymdan atylyp çykyp bolan wakany bolşy ýaly gürrüñ berdim, ulagymyñ yzyny barladyk hiç zat ýok. Polisiýa işgärleri bolsa bu ýagdaýa duçar bolanyñ diñe men däldigmi, başgada birnäçe ýolagçylaryñ gorkup bu ýerde saklanýandyny aýtdylar.
28
161
Emirhan_
21 May 2024
Gorkunc
medik_
3 May 2024
@Arzuw_Owezova_, men postlamyn icinde ogurlanan jeset diyip 7nolumden ybarat eser bar. Soni okap gor😁
ATOMIC
2 May 2024
Я тоже хочу писать такие страшные истории как прежде, но лень бывает:)
ideallider
2 May 2024
@Islam_Atayew, edil özi
ideallider
2 May 2024
@Islam_Atayew, dogrysy gaýtam şuwagtyň tik-tokçylaryha şeýle zatlar gözleýärlerem😄
ideallider
2 May 2024
Baribir diriden gorkmaly👍
nurso
2 May 2024
sen'de bolup gecen zatmy ya birinden eşitdiñmi😨😨😰😱
jucc
2 May 2024
😰
PILOT👮‍♂️✈🛩
2 May 2024
👍👍
2106
2 May 2024
😨😨👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.