Islam_Atayew
28.04.2024 22:41
"Aýym" diýerdim saňa. Yşkdan dolup-
daşýan, tolkunlary bilen kenaryndaky
gaýalary özüne siňdirmek isleýän hyruçly
bir deňzi ýada salýan dünýäm bardy. Seni
bu dünýämiň Aýyna meňzederdim. Ýöne,
bilmedim, bir taraply garaýşyňdanmy-
nämemi, kän bir göwnemezdiň beýle
ýüzlenmämi. «Aýym» diýip ýazan sms-ime
hem «Beýle diýmek bilen Günsüz hiç
zatdygymy aýtjak bolýaňmy?» diýip jogap
beripdiň, ýadymda. Näme diýjegmi-de
bilmedim.

Ýüregim görmek islänini görüpdir öýdýän. Barlygyňda ynjalardym. Ýanymda saýardym seni. Aslynda uzak eken aramyz, juda uzak. Şeýle-de uzakdan gatnaşardyk. Iki simiň arasyndan eşiderdim sesiňi. Sms- leriň gelerdi. Men bolsa ähli zady hyýaly dünýämde ýaşardym.

YIhamymdyň sen meniň. Oňler goşgy-gazal bilen ugrum bolmazdy, saňa duşup ýazarman boldum. Bar ýazanymam söýgi
hakynda, söýgim hakynda. A seniň welin
söýgime gümanly garaýşyň bardy. Göwnüňi awlamak islärdim, a sen aldamak isleýändir öýderdiň. Dünýäde her ki zat iki
taraplydyr, sen elmydama tersinden
bakardyň. Bolmajakdan tutardyň. Meniň
bolsa bar bilenim-bitenim sen bolduň.
Ahwalym-halym saňa baglydy. Çünki
Aýymdyň.

Käşgä düşünsediň Aýyň dünýä üçin dünýäm üçin niçik wajypdygyna. Onuň bar
ähmiýeti gijeleri ýagtyltmak däl ahyry. Aýyň öz dartyş güýji bilen ummanlaryň, deňizleriň deňagramlylygyn saklaýandygyny bilýärmidiň? Deňiz ýaly
göwnümiň däli-porhan bolmasy hem seniň
bilendi, asudalygy hem.

Men şol günleriň ýatlamalaryna çolaşdym
galdym. Ne bir ädim ilerläp bildim, ne ýeke
pursat yza dolanyp. Unutmadym, unudyp
bilmedim, şu gün seniň doglan günüň.
Gutly bolsun! Gaşyňa barmaga gaýratym
çatmady. Elimde internet sahypaňdan alan
suratym. Şonda-da özüň ýanymda ýaly
göwnüme. Bu hemişe-de şeýledi. Şeýle-de
bolar.

Göz öňümden hiç gidenok syratyň.
Saryjadyň. Käte bir ýylgyrardyň maňa. Gül
keşbiň Güne çalym etse-de, «Aýym» diýerdim saña.


Sähetmyrat SÄHEDOW
28
102
aakm
29 Aprel 2024
Gyz name un islemeyardikä özüne Ayym diyilmegi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.