Islam_Atayew
30.04.2024 15:17
Ependi Türkiýede okaýan ogluna hat
ýazýamyş:
"Salam oglum! Sag-aman okap ýörmüň? Bu
hatly bukjaň içine öz aýdyşyň ýaly 20 $ salyp iberýändirin. Onsaňam bir zady berk belle, 20-lik iki nol bilen däl-de bir nol bilen
ýazylýandyr!...

(Düşünmediklere düşündiriş: ogly 200$
sorapdyr, kakasam 20$ iberipdir :) )

***

Tomus günleriniň birinde, obada. Gapysyz
bir hajathanada bir adam işini bitirip
otyrmyş. Ýoluň gyrasyndan barýan bir daýza muny görüp:
-Toba-toba! Ölmeseň her zat görjek ekeniň.
Oglum, hajathanaňa gapy daksaň bolmaýamy?
-Aý, daýza. Bu ýerde ogurlar ýaly zat ýog-a!
Gapy nämä gerek?


***


-Jorajan, äriň nirde işleýä gyz?
-Üç aý bäri çakyr zawodda işlän-ä bolýa,
ýerçeken.
-Ýeri onsoň, işini halaýamy?
-Nä bileýin artyp galmyş. Işe gireli bäri öýe
dolanmasa näme...


***


Bir aýagy gysga, gözleri çaşy, saçlary düşen, eşikleri sal-sal bir ýaş ýigit “Gelinlik tapyp berýän edara“ gelýär we sakawlap:
-M-m-ma-maňa owa-wadan, wepaly we baý
ge-ge-gelinlik gerek! -diýýär.
-Size diňe aklyndan doly azaşan biri äre
baraýmasa...
-Zyýany ýok! A-a-aklyndan aza-a-şanam
bolsa bolýa. M-men razy..

***

MASLAHATLAR:
1. Agtyklaryňyzy gowy görüň, sebäbi olar
ulalansoň siziň ogluňyzdan aryňyzy alyp
berer.
2. Haýwanat bagyny gezip öýe gaýtjak
bolanyňyzda: „,Gaçyň! Ýolbarslar kapasadan
çykypdyr!" diýip gygyryp ylgap görüň.

***

-Kosmosda näme edip bolanok?
-Asylyp bolanok!


***


Iki sany it derdinişýä diýýä..
Birinji it:
-Meniň hojaýynym gaty gowy adam, maňa
günde etlije süňk berýär, gezdirmäge
çykarýar, sypalaýar, suwa düşúrýär..
Ikinji it onuň sözüni bölýär:
-Meniň hojaýynym-a edil it ýaly.


***


Ependiniň oglundan mugallymy soraýar:
-Ependiýew, hany sen aýt. Watan goragçysy
ilki bilen näme etmeli?
-Ilki bilen özüni Harby komissarlykdan
goramaly, ýollaş mollym!


***


Ependi aga Gurtly kölünde gaýyklara
esewan bolujy bolup işe girýär. Onuň işi
gaýyklary kireýine ulanmaga bermek we
wagty gutaranda yzyna almakmyş. Ine bir
gün ol kenarda oturan ýerinden eli dürbüli
suwda gaýykly ýüzüp ýörenleriň birine
bokurdagyna sygdygyndan gygyrýar:
-Heý! Eşidýäňizmi 99-njy gaýykdakylar!
Wagtyňyz gutardy, kenara dolanyň! 99-njy
diýýän size, derrew yzyňyza dolanyň!
Ependi aga şeýdip, epesli wagtlap gygyryp
durýar.. Ahyry Ependiň ýanyna onuň
kömekçisi gelýär:
-Ependi aga, bizde bary ýogy 70 gaýyk bar
ahyryn. Näme "99-njy gaýyk" diýip gygyryp
dursuň?
Bu sözden soň Ependi aga ýeňsesini gaşaýar we täzeden gas gatyrak gygyrmaga başlaýar:
- 66-njy gaýyk! Näme boldy size how?
Sesleniň ahyryn!!! 66-njy!


***


Gümrükhana işgäri daşary ýurtdan gelen
turistiň goşlaryna seredip durşuna şeýle
diýýämiş:
-Hany, derrew bir zady anyklaly. Bu goşlaryň haýsylary siziňki we haýsylary meniňki?


Internet maglumatlary esasynda...
38
457
juhy
4 May 2024
😂😊👍
gormegeyje
1 May 2024
👍
ATOMIC
30 Aprel 2024
😁
ooof
30 Aprel 2024
😂
Akram_Beshimov
30 Aprel 2024
Ortadaky oglanyñ ak spartiwkasy aldaýar birinji gezekde
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.