Islam_Atayew
01.05.2024 19:15
Goşgy ýazmak nämä gerek ?


Diýýän käte öz-özime
Goşgy ýazmak nämä gerek ?
Şonsuzam müñ gaýgy bilen
Geçip dur ömrüm biderek.

Aýlanyp dur çarhypelek
Bir gün maña gelse gezek
Ukybymy görkezmäge
Gowja goşgy ýazmak gerek.

Aýlanyp dur çarhypelek
Bir gözeli söýse ýürek
Gyz göwnini awlamana
Betje goşgy ýazmak gerek

Öñe öñe diñe öñe
diýip urýar ýürek
Gerçek aýdar halkym
Hem geljegim, bagtym üçin
Gözel goşgy ýazmak gerek.


Gerçeknazar Amannazarow
27
43
2106
2 May 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.