Islam_Atayew
28.04.2024 01:04
-Meniň size iki sany soragym bar: birinjiden-ä munuň bahasy näçe, ikinjidenem näme üçin beýle gymmat???

***

-Eje, biziň mugallymymyz maňa
„matematikadan hiç zat bileňok“ diýip,
gündeligime birhili san ýazdy-laý.

***

Bir ýewreý aýalyna berk tabşyryk berýär:
-Keýwany, şu gün Rabinowiçleriň
dükanyndan zat satyn alaýmagyn!
-Näme üçin?
-Sebäbi, men olara terezimizi ulanmaga
berdim.

***

-Agam! Bäş müň manat beräýiň-dä, men
irden zat iýmedim.
-Menem iýemok..
-Beýle bolsa on müň manat beriň, ikimiz
bileje iýäýeris.

***

Prezident Buşa ýazylan hat.
"Hormatly jenap Buş! Usame Bin Laden
meniň gaýynenemlerde ýaşaýar. Men hem
olar bilen uruş alyp barýaryn. Maňa
howadan hüjüm etmek arkaly kömek
bermegiňiz haýyş edýärin."

***

Dälihanada doktor öz nasagyny gutlaýar:
-Gutlaýan! Siziň saglygyňyz gowulaşmaga
başlady, bahym siz öýe bararsyňyz...
-Nämäni gutlaýaňyz? Alty aý ozal men bảrik
gelemde Napoleondym, häzir bolsa men-
hiç kim... Öýe hiç kim bolup barmalymy?

***

Burnundan ary çakan pyşdyl şeýle diýýämiş:
-Wah, içigaragalmys! Yene-de bu gije
daşarda ýatmaly boljagow.

***


Dälihanada iki sany däli gezip ýörkä, ýerden
bir bölek ýüz görülýän aýna tapýarlar.
Biri ony galdyrýar we geň galyp, aýna
seredýär:
-Bä-ä... Özä bir tanyş ýüz.
Beýleki däli onuň elinden aýnany alýar:
-Hany menem bir göreýin... Haý samsyk
diýse. Bu men-ä how!

***

Gassabyň iň soňky sözi:
„Hol duran pyçagy oklap göýber!“

***

Ogly öz söýýän gyzyny ejesi bilen
tanyşdyrmaga getirýär:
-Eje, bu gyz gowy maşgaladan. ol çöregem
bişirip bilyär, sygyram sagyp bilýär, her
dürli naharlardanam başy çykýar, öýi arassa saklamagam başarýar..
-Orän oňat, oglum! Beýle bolsa aýyna 800
müň manat töleýän, razy bolsa ertir işe
başlabersin.


Internet maglumatlary esasynda...
42
408
55555
29 Aprel 2024
Peydasy kan degyaday söz yok
55555
29 Aprel 2024
Beryan maglumatlarnyz şeyle gyzykly nastrenyam yok wagtlardasy unsimi sowya
55555
29 Aprel 2024
Salam hemmanize
55555
29 Aprel 2024
👍
55555
29 Aprel 2024
Gindir dunye gendir dunye diypdirler ata babalarmyz
nabat_
28 Aprel 2024
@Islam_Atayew, 🙄açmady
nabat_
28 Aprel 2024
@Islam_Atayew, dogry aytyaň gitmek uçin bahana😔...
XL-19
28 Aprel 2024
@ATOMIC, 🧞
ATOMIC
28 Aprel 2024
@XL-19, hiç zat👽
XL-19
28 Aprel 2024
@ATOMIC, hou 🙁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.