Islam_Atayew
07.06.2024 07:40
📌HIÇDEN GIÇ ÝAGŞY
Deli şäheriniň ýaşy durugşan ýaşaýjysy Diniň wyždany oýanýan bolara çemeli. Bu ony täsin hereket etmäge iterdi. Ol aragatnaşyk bölüminiň üsti bilen demirýol
transporty ministrlige ep-esli mukdardaky puly iberdi. Öz hatynda ol munuň Bombeýde işlän döwründe:
Şäherýaka otlularda gatnan wagty tölemeli
puludygyny düşündirdi. Hindistanyň garaşsyzlygy ykrar edilen wagty bolan 1947-nji ýyldan bäri 40 ýylyň, dowamynda Din gatnap işlemeli bolupdyr. Şu döwrüň
içinde bir köpügem tölemändir. Bir gezegem kontrolýorlaryň eline düşmändir. Munuň üçin ony Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizäýmeli. Ol özünde pulunyň bolmanlygy üçin şeýdipdir. Indi mende tölemek üçin pul bar. Ol: "wyždanymyň:
öñünde-de men päk» diýip aýtdy we ministrlige, döwlete bolan bergisinden üç esse köp pul geçirdi.


📌 DOŃUZ - IŃ GOWY HALASGÄR
Haýwanlaryň arasyndan it adamyň iň wepaly ýoldaşy hasaplanyp gelýär. Emma oňa bu gün amerikaly alymlar şübheli garaýarlar. Olar şeýle dereje hakykatda doňza degişli bolmaly hasap edýärler. Ol näsaglaryň täzeden oturdylmaga mätäçlik çekýän iň zerur organlaryna esasy donor
bolar. Eger spesialistlere ynansaň, onda eýýäm birnäçe ýyldan doňzuň içki organlarynyň adama geçirilip oturdylmagy adaty ýagdaýa öwrüler. Şu mesele Amerikanyň hirurgiýa jemgyýetiniň her ýylky
gurultaýlarynyň üns merkezinde bolýar. Medikler doňzuň içki organlarynyň, meselem, bagyrdyr böwregiň adamyňka meňzeşdigini we tas şonuň ýaly işleýändigini bellediler.


📌PILIŇ DIŞINI ARASSALAÝARLAR
Şri-Lankada piliň dişi arassalanylýar. Bu iş yeňil däldir. Piliň 26 sany dişi bar. Onuň her biri kerpiç ýaly. Piliň dişlerini kokos hozunyň gabygy bilen arassalaýarlar.


📌SOWGAT HÖKMÜNDE ALYP GITDILER
Her ýyl suwa düşülýän möwsümiň başlanmagy bilen Rio-de-Žaneýronyň häkimiýetlerine plýažlaryň hapalanmasy iş bolýar. Her ýyl bütindünýä belli Kopakabana we Ipanema plýažlarynda ýer
süpürijileriň 200-si işleýär. Sebäbi plýažlara gelýänler her gün 50 tonna hapa galdyryp gidýärler. Hapany ýygnamak bilen meşgullanýan firma öz işini ýeňletjek boldy. Indi plýažyň girelgesinde her adama owadan bezelen hapa salynýan plastik paket berilýär. Ýöne adamlar ol haltany sowgat hökmünde öýlerine alyp gidýärler, hapa bolsa galyberdi.

dowamy bar.

Kitapcy.ru
26
88
Islam_Atayew
06.06.2024 23:30
Gözlerim gözleñde eglendi biraz
Men bu duýga garşy çykyp biljekdäl
Wagt boldy oýlansana sen biraz
Diýme maña, señki bolup biljek däl.
22
58
Islam_Atayew
06.06.2024 00:50
📌OGRYNYÑ ON BIR ÝAŞY BAR

Hartumda (Sudan) metjitlerden ogurlyk etmek bilen meşgullanýan tüýkesme tutuldy. Körpeje ogry baý çinownikleriň, söwdagärleriň toplanan ýerinde ogurlyk
edýän eken. Musulmanlaryň metjide namaz okamaga gelenlerinde aýakgabyny gapyda çykarýandyklaryny kim bilmeýär?! Ýaşajyk tüýkesme diñe bir aýakgaplary däl-de, eýsem pulluja gapjyklary çilmegi-de başarýar eken. Tüýkesmejik tötänleýin diýen ýaly ele düşdi. Söwdagärleriň biri metjitde ýygy-ýygydan ogurlyk bolýandygyny eşidip namaz üçin aşak eglende gapydan gözüni aýyrmandyr. Şonda ol oglanjygyň aýlanyp ýörenini görüpdir. Onuň gymmat baha italýan
köwşi oglanjygyň uzyn donunyň aşagyndan tapyldy.. Sorag edilende on bir ýaşly ogrujyk, munuň özi üçin ýaşamaga ýek-täk serişdedigiki boýun aldy.


📌ALLA ALMA IBERDI

Geň, galarlykly bu waka adaty başlandy. Hindi Okeanyndaky Reýunon adasynda ýaşaýan musulman zenany Raşida Açia gutap bişirmek üçin sekiz sany alma satyn aldy. «Kotiden dela Reýunon» gazetiniň
habar bermegine görä, ol ilkinji alty almadan gutaby çalt bişiripdir. Haçan-da ýedinjini iki bölege bölende welin onuň hersiniň kesilen ýerinde garamtyl-gögümtil
çyzyjaklara gözi düşüpdir.Şol çyzyjyklar arkaly Raşida Allanyň adyny okap bilipdir. Özem ol arap harplary bilen ýazylypdyr. Öz gözlerine ynanmadyk Raşida ejesiniň ýanyna ylgapdyr. Olar bilelikde şäher
metjidiniň ymamynyň ýanyna barypdyrlar. Ol hem zenanlaryň çak edýänleriniň dogrudygyny tassyklapdyr. Indi Raşida adanyň iň meşhur adamlarynyň biri. Täsin
alma haýran galarlykly wakanyň bolup geçen ýeri bolan Sen-Per şäherjigindäki metjitdäki ýahdanda saklanylýar. Ýeri gelende gazetde bar bolan maglumatlara görä, Reýunonda öñem şeýle wakalaryň ady ýazylan ýazgylar towuk ýumurtgasynda-da, gawunda-da
tapylypdy. Ýerli mollalar muny haçan-da ateizm güýjäp, adamlar Allany ýatdan çykaranlarynda, ol Özüniň bardygyny duýdurmak üçin edýär diýip
düşündirýärler.

📌BIR ÝARYM ÝYL SAKLAÝAR

Amerikanyň «Hormel» firmasynyň işläp çykaran ýörite plastmassa gabynda azyk önümlerini on sekiz aýlap saklamak bolýar. Bu gaplarda saklanan azyk önümlerini ulanmazdan öň ýokary ýylylykly duhowkada iki minutlap gyzdyrmak ýeterlikdir.

📌SYGYRLARDAKY ÝAZGYLAR

Ispaniýanyň Albaseta prowinsiýasynyň daýhanlary sygyrlarynyň tenine ak reňk bilen «sygyr» diýip ýazýarlar. Olar şeýle etmek bilen sygyrlaryny sugunlardan tapawutlandyryp bilmeýän awçylardan
goraýarlar.


dowamy bar.

kitapcy.ru
40
153
Islam_Atayew
05.06.2024 21:13
Tükedip takatdyr, sabryñ,
Dünýe käte içiñ ýakar.
Bu gün bolmasa-da bir gün,
Ykbal hökman gülüp bakar.

Gözläp tapmadyk nesibäñ
Özi gelip seni tapar.
" Men asla ynanamok " diýmäñ,
Ykbal hökman gülüp bakar.

Agyr oýlarda azaşyp,
Käte göwne gussa çöker.
Belki garaşsak azajyk
Ykbal hökman gülüp bakar.

Öñden belli irde - giçde
Sabryň ýoly bagta çykar.
Düzelerde ähli işler,
Ykbal hökman gülüp bakar.

Şanazar Hydyrow
24
153
Islam_Atayew
05.06.2024 00:07
Adamy doly tanaýan diýme sebäbi tanaýan adamlarymyzam wagty gelende üýtgäp bilýän eken.
26
81
Islam_Atayew
04.06.2024 16:16
Saña nädip dúşünmeli, eý dünýe!
Adamlary ne günlere saldyň sen.
Adamlygyn unutdyryp adamyň,
Arkasyndan hezil edip, güldüň sen.

Indi namys-arly käbir ýigitler,
Kagyz pula satdy namys-aryny.
Agzy tagam tapsa başga söýgiden,
Orta ýolda, taşlap gider ýaryny.

Ýagşylyk etmekden gorkmaly boldy,
Nätanyş adama, gözüň bakmasyn.
Käbir çäresize kömek edäýseň,
Gaýta töhmet atar, Hudaý saklasyn.

Dost diýeniň ýagyrnyňdan urup dur,
Sylag-hormat pula döndi, pul boldy.
Saňa nädip düşünmeli, eý dünýe!
Adam ogly, öz nebsine gul boldy.

Kuwwat Ýazmuhammedow
21
53
Islam_Atayew
04.06.2024 00:18
📌TÄSIN REKORD
Ajaýyp «rekordlaryň» birisi otuz ýyl mundan ozal ABŞ-da goýlupdyr we şu güne çenli oňa hiç kim üns bermändir. Gürrüň aşgazanyndan 258 predmet alnan bir erkek
kişi barada gidýär. Şol predmetleriň 88-si teňňe, 39-sy dyrnak gyrar yaly ige, 26-sy açar, galanlary bolsa başga dürli predmetler bu barada «Mlady swet» (ÇSFSR) žurnaly ýazýar.

📌GOÝUN KELLELI GÖMÜLGEN
Şeýle ýylany Başgyrdystanda Şaripowa obasynyň golaýyndaky kölde gözi bilen görenler bar. Özem ony görenler onlarça. Adamlaryň birine, hatda, onuň suratyny almagam başardypdyr. Gömülgeniň ýogynlygy ep-eslije bar, onuň derisiniň,
reňkem ýaşyl uzynlygam 6-7 metre ýetýär. Ol hemişe diýen ýaly kellesini gaty dik ýokaryk göterip ýüzýär. Adaty ýylanlar häzir gyş ukusyna gitdiler. Oňa welin kölüň kenarynda gabat gelinýän wagty bar. Bu ýeriniň adamlary uly ýylanlary indi görmeli del. Olar uly ýylanlary göre-göre gelýärler. Ýöne şeýle kelleli uly kelleli ýylany hiç wagt görmändirler.

📌GORKY BEJERDI
Ren atly fransuz şäherinden bolan Jak-Mozes Sowini entek üç ýaşyndaka güýçli gök gümmürdisinden gorkupdy. Şol günden başlap oglanjyk gürläp bilmesini goýupdy. Wraçlaryň kömek etjek bolup eden ähli synanyşyklary şowsuz tamamlandy. On bäş ýaşyna ýetende ol bir gezek şäheriň golaýynda ýerleşýän obanyň töweregindäki tokaýda gezelenç edip ýördi. Duýdansyz ýerden onuň üstüne ygyşyp ýören itleriň bir sürüsi topuldy. Olar üýrüşip hem-de dişlerini gyjaşyp, oglanjygyň üstüne hüjüm etdiler. Ol gorkusyndan golaýdaky daragta tarap ylgady. Bu daragt ullakan dub bolup çykdy. Ýokaryk dyrmaşdy. Itler agajyň daşyny gurşap alyp, dişleri bilen oňa ýetäýjek bolýardylar. Jak welin barha ýokaryk dyrmaşýardy. Iki sagat töweregi wagtdan soň itler gitdiler. Oglanjyk daragtdan syrylyp düşdi. Ine, şonda ol özüniň gürläp bilýändigini aňyp galdy. Öýe gelip, ol ene-atasyna bolan waka hakda jikme-jik gürrüň bermegi başardy.

📌OT DAGY NÄMEJIK?
Günorta afrikaly Sarel fon Feýpig otdan gorkýan adam däl. Ol közleri eline almak boýunça dünýä çempiony. 25 ýaşly S. fon Feýpig arada öz rekordyny täzeledi. Ol şonda elini oduň içine sokup, 300 gezek gysymynda gysyp köz çykardy. Bu adam özüniň oda çydamlydygyny mundan alty ýyl
öň bildi, ol şonda oda gaçan eti eli bilen almaly bolupdy. Şeýlelikde-de 1990-njy ýylda 174 gezek, soňam 270 gezek elini oda sokup, rekord goýup ugrapdy. Otdan gorkmaýan bu ýigit tomaşa görkezip gazanýan ähli pularyny Günorta Afrikanyň kömege mätäç çagalarynyň fonduna geçirýär.

dowamy bar.
32
137
Islam_Atayew
03.06.2024 13:28
1.Käbir adamlar şeýle bir süýji edip ýalan
gürleýäler, hatda olary diñläp çaýy şekersiz hem içseñ bolýar.
***
2.Eger seniñ durmuşuñda: "Öýe baranyñdan soñ hökman jañ et" diýän adam bar bolsa onda ony hiç wagt ynjytmañ.
***
3.Allah goraýar, Perişdeler ýazýar, ömür
geçip barýar...
***
4.Sen ondan birje söze garaşýarkañ, Ol
başgasyna roman ýazýar.
***
5.Eger adam sizi sebäpsiz söýen bolsa -
onda oña müñ sebäp beriñ.
***
6.Mugt zada söýgi diýýädik olam indi
pullyñky.
***
7.Bu durmuş aslynda gowy adamlaryñky
däl, gowy rol oýnaýanlaryñky.
***
8.Bagytly bolsañ sessiz bol, çünki durmuş
göriplerden doly.
***
9.Biriniñ ýanynda abraý gazanjak bolup oýun edibem, dostlaryñy ýere urmagyn.
***
10.Sadalyk, ýagşylyk we dogrulyk bolmaýan ýerde BEÝIKLIK ýokdur.

biz.islenen
21
69
Islam_Atayew
03.06.2024 02:11
Adamçylyk gutarypdyr diýdiler,
Adam bolsaň, seň üstüňden kim gülsin.
Köp adama kömek edip, yzyndan,
Ýamanlyk baryny gördük sag bolsun.

Ýene biri çykyp söýgi ýok diýdi,
Her ýerde şeýleräk ýüreksizler bar.
Söýgiň ýok ýerinde, ýaşaýyş ýokdur,
Söýgiň saýasynda durandyr ýer şar.

Biri adamlara ynam ýok diýdi,
Hamala özi bir duran perişde.
Günäni özünden gözlemez hiç kim,
Her kim saňa görä bolar durmuşda.

Dünýe ýalan, biziň barlygymyz çyn,
Gürleýän zatlaryň anykmy biliň.
Hemem bar zatlara ýok diýip ýörmän,
Azajyk durmuşa düşünjek boluň!


Kuwwat Ýazmuhammedow
28
97
Islam_Atayew
02.06.2024 22:58
📌ADATY BOLMADYK AWTOMOBIL

Amerikanyň «Ultra limuzin» firmasy adaty bolmadyk awtomobili ýasady. Onuň uzynlygy 28 metr. Maşynyň içinde ullakan ekranly telewizor, balyk üçin 249 litrlik
akwarium, uly bolmadyk ýüzüş basseýni, hatda kriket oýny üçin 6 metrlik ýodajyk hem bar. Awtomobile 35 adam ýerleşýär, bahasy 35 million dollar. Şunça puluňyz ýok bolsa, gynanyp oturmaň. Bu awtomobili her gününe «bary-ýogy» 10 müň dollar töleseň, prokata alyp bilersiň.


📌AZERBAÝJANDAKY ÝEKE GÖZLI DÖW

Bakuwyň geň hadysalar klubunyň başlygy Ali Ahberdiýewiň Bakuwyň «ASSA-IRADA» agentliginiň habarçysynyñ gürrüň bermegine görä soňky döwürde
adamlar geň jandarlara gabat gelip ugrapdyrlar. Kaspiniň ýokary harby uçilişesiniň kursantlarynyň bir topary Baku zeýtunlyk jülgesinde durşuna garamtyl- goňur tüý bolup duran, nar pisint, ýeke gyzyl gözli mähnet jandara gabat gelipdir. Görlüp oturylsa, adamlar şeýle jandarlara Apşeronda öňem duş gelen ekenler. Apşeron ýarym adasyndaky Kýurdahan
obasynda ýaşaýan adamlar 1989-njy ýylyň gyşynda ädimi adamyňkydan dört esse uly, özem ylgap ýören bir zady görüpdirler. Bakuwyñ metropoliteniniň awtomehanigi Şamil Aliýew ýeke gözli döwe baryp 1989-njy ýylyň fewralynda metronyň «Depo» stansiýasynyň ýanynda gabat gelipdir. Bakuwyň geň hadysalar klubunyň
işgärleri şeýle geň zatlar hakda habar bermeklerini ýarym adanyň ilatyndan haýyş etdiler.


📌 73 ÝYL BÄRI... UKUDA

Bu waka barada uly gürrüňleriň başlanmagyna 73 ýyl mundan ozal aradan çykan Rozaliýa atly 2 ýaşly gyzjagazyň beýnisiniň işjeňlik görkezip başlamagy
sebäp boldy. Kellesi sary bantly, goňur kepene çolanyp, aradan çykaly bäri esli wagt geçen-de bolsa oňat saklanyp ýatan kiçijik Rozaliýa medisina dünýäsine sarsgyn saldy. 1918-nji ýylda, 2 ýaşyndaka öýken sowuklamasyndan aradan çykdy. Bu betbagtçylyga, gyzjagazlaryndan aýra düşmäge ýürekleri çydam etmedik ata-ene gyzlaryna adamyň bedenini garratmaýan iňňe sançdyrýarlar. Soňra gyzjagazyň
jesedini, özleri islän wagty görüp bilerler ýaly, aýna gapakly tabyda salyp, Sisiliýadaky Palermo şäherinde ýerleşýän kiçijik ybadathanada saklaýarlar. Çaganyň bedeniniň şeýle gowy saklanyşyna alymlaryň özleri-de haýran galýar. Rozaliýanyň saçlary hem 73 ýyl mundan öňki durkuny ýitirmändir. Palermo şäherindäki bu ybadathanajyga gelýänler 30 ýyl mundan öň kiçijik gyzjagazyň bedeninden lawandanyň ysynyň gelýändigi hakda gürrüň edip başlapdyrlar. Bir gezek, ybadathana gelen orta ýaşlaryndaky erkek kişi tabytda ýatan gyzjagazyň sähel wagtlyk gözlerini açyp-ýumandygyny aýdandan soň, jaý süpürijiler bu yeri syryp-süpürmekden boýun
gaçyrypdyrlar. Hudaýa çokunmak üçin bu ýere gelýänleriň käbiri bolsa «gyzjagaz taňrynyň emri bilen dem alýar» diýip,
gürrüň ýaýradypdyrlar. Gyzjagazda dirilik alamatlarynyň bardygy baradaky habar kiçijik ybadathanajyga köp sanly zyýaratçylaryň çozup gelmegine sebäp bolupdyr. Bu yere gelen alymlar topary üýtgeşik netijä garaşmandylar. Ýöne kompýuterli barlag apparaty Rozaliýanyň beýnisinde örän gowşak elektron
impulslaryň bardygyny görkezdi. Şeýle impulslary bolsa diňe diri adamyň beýnisi berip bilýär. Beýniniň işjeňliginiň dowamlylygy bir gezek 33 sekunta, ýene
bir gezek bolsa 12 sekunta ýetdi. Gyzjagaz uklap ýatan ýagdaýynda onuň beýnisiniň işjeňligi şeýle häsiýetleri bererdi.
- Medisina dünýäsi adam beýnisiniň syrlaryny diňe ýaňy açmaga başlady-diýip, britan alymy Dewid Jekson aýtdy.
Medisina işgärleriniň topary Öz gözegçiliklerini dowam edýär.


dowamy bar.
26
120