Islam_Atayew
03.06.2024 02:11
Adamçylyk gutarypdyr diýdiler,
Adam bolsaň, seň üstüňden kim gülsin.
Köp adama kömek edip, yzyndan,
Ýamanlyk baryny gördük sag bolsun.

Ýene biri çykyp söýgi ýok diýdi,
Her ýerde şeýleräk ýüreksizler bar.
Söýgiň ýok ýerinde, ýaşaýyş ýokdur,
Söýgiň saýasynda durandyr ýer şar.

Biri adamlara ynam ýok diýdi,
Hamala özi bir duran perişde.
Günäni özünden gözlemez hiç kim,
Her kim saňa görä bolar durmuşda.

Dünýe ýalan, biziň barlygymyz çyn,
Gürleýän zatlaryň anykmy biliň.
Hemem bar zatlara ýok diýip ýörmän,
Azajyk durmuşa düşünjek boluň!


Kuwwat Ýazmuhammedow
28
97
Islam_Atayew
3 Iýun 2024
@lavinya_, gowmy
Islam_Atayew
3 Iýun 2024
@lavinya_, 🤔
jucc
3 Iýun 2024
❤👍
zina
3 Iýun 2024
Soygi yok diyyanler birwagtlar dali yaly soyendirler diyyara
zina
3 Iýun 2024
Yuregim bolayypdyr bu gosgy❤️
ayymsha
3 Iýun 2024
👍 gowy goşgy eken
alma___
3 Iýun 2024
Gowy manyly goşgy 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.