Islam_Atayew
04.06.2024 00:18
📌TÄSIN REKORD
Ajaýyp «rekordlaryň» birisi otuz ýyl mundan ozal ABŞ-da goýlupdyr we şu güne çenli oňa hiç kim üns bermändir. Gürrüň aşgazanyndan 258 predmet alnan bir erkek
kişi barada gidýär. Şol predmetleriň 88-si teňňe, 39-sy dyrnak gyrar yaly ige, 26-sy açar, galanlary bolsa başga dürli predmetler bu barada «Mlady swet» (ÇSFSR) žurnaly ýazýar.

📌GOÝUN KELLELI GÖMÜLGEN
Şeýle ýylany Başgyrdystanda Şaripowa obasynyň golaýyndaky kölde gözi bilen görenler bar. Özem ony görenler onlarça. Adamlaryň birine, hatda, onuň suratyny almagam başardypdyr. Gömülgeniň ýogynlygy ep-eslije bar, onuň derisiniň,
reňkem ýaşyl uzynlygam 6-7 metre ýetýär. Ol hemişe diýen ýaly kellesini gaty dik ýokaryk göterip ýüzýär. Adaty ýylanlar häzir gyş ukusyna gitdiler. Oňa welin kölüň kenarynda gabat gelinýän wagty bar. Bu ýeriniň adamlary uly ýylanlary indi görmeli del. Olar uly ýylanlary göre-göre gelýärler. Ýöne şeýle kelleli uly kelleli ýylany hiç wagt görmändirler.

📌GORKY BEJERDI
Ren atly fransuz şäherinden bolan Jak-Mozes Sowini entek üç ýaşyndaka güýçli gök gümmürdisinden gorkupdy. Şol günden başlap oglanjyk gürläp bilmesini goýupdy. Wraçlaryň kömek etjek bolup eden ähli synanyşyklary şowsuz tamamlandy. On bäş ýaşyna ýetende ol bir gezek şäheriň golaýynda ýerleşýän obanyň töweregindäki tokaýda gezelenç edip ýördi. Duýdansyz ýerden onuň üstüne ygyşyp ýören itleriň bir sürüsi topuldy. Olar üýrüşip hem-de dişlerini gyjaşyp, oglanjygyň üstüne hüjüm etdiler. Ol gorkusyndan golaýdaky daragta tarap ylgady. Bu daragt ullakan dub bolup çykdy. Ýokaryk dyrmaşdy. Itler agajyň daşyny gurşap alyp, dişleri bilen oňa ýetäýjek bolýardylar. Jak welin barha ýokaryk dyrmaşýardy. Iki sagat töweregi wagtdan soň itler gitdiler. Oglanjyk daragtdan syrylyp düşdi. Ine, şonda ol özüniň gürläp bilýändigini aňyp galdy. Öýe gelip, ol ene-atasyna bolan waka hakda jikme-jik gürrüň bermegi başardy.

📌OT DAGY NÄMEJIK?
Günorta afrikaly Sarel fon Feýpig otdan gorkýan adam däl. Ol közleri eline almak boýunça dünýä çempiony. 25 ýaşly S. fon Feýpig arada öz rekordyny täzeledi. Ol şonda elini oduň içine sokup, 300 gezek gysymynda gysyp köz çykardy. Bu adam özüniň oda çydamlydygyny mundan alty ýyl
öň bildi, ol şonda oda gaçan eti eli bilen almaly bolupdy. Şeýlelikde-de 1990-njy ýylda 174 gezek, soňam 270 gezek elini oda sokup, rekord goýup ugrapdy. Otdan gorkmaýan bu ýigit tomaşa görkezip gazanýan ähli pularyny Günorta Afrikanyň kömege mätäç çagalarynyň fonduna geçirýär.

dowamy bar.
32
137
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.