Islam_Atayew
02.06.2024 22:58
📌ADATY BOLMADYK AWTOMOBIL

Amerikanyň «Ultra limuzin» firmasy adaty bolmadyk awtomobili ýasady. Onuň uzynlygy 28 metr. Maşynyň içinde ullakan ekranly telewizor, balyk üçin 249 litrlik
akwarium, uly bolmadyk ýüzüş basseýni, hatda kriket oýny üçin 6 metrlik ýodajyk hem bar. Awtomobile 35 adam ýerleşýär, bahasy 35 million dollar. Şunça puluňyz ýok bolsa, gynanyp oturmaň. Bu awtomobili her gününe «bary-ýogy» 10 müň dollar töleseň, prokata alyp bilersiň.


📌AZERBAÝJANDAKY ÝEKE GÖZLI DÖW

Bakuwyň geň hadysalar klubunyň başlygy Ali Ahberdiýewiň Bakuwyň «ASSA-IRADA» agentliginiň habarçysynyñ gürrüň bermegine görä soňky döwürde
adamlar geň jandarlara gabat gelip ugrapdyrlar. Kaspiniň ýokary harby uçilişesiniň kursantlarynyň bir topary Baku zeýtunlyk jülgesinde durşuna garamtyl- goňur tüý bolup duran, nar pisint, ýeke gyzyl gözli mähnet jandara gabat gelipdir. Görlüp oturylsa, adamlar şeýle jandarlara Apşeronda öňem duş gelen ekenler. Apşeron ýarym adasyndaky Kýurdahan
obasynda ýaşaýan adamlar 1989-njy ýylyň gyşynda ädimi adamyňkydan dört esse uly, özem ylgap ýören bir zady görüpdirler. Bakuwyñ metropoliteniniň awtomehanigi Şamil Aliýew ýeke gözli döwe baryp 1989-njy ýylyň fewralynda metronyň «Depo» stansiýasynyň ýanynda gabat gelipdir. Bakuwyň geň hadysalar klubunyň
işgärleri şeýle geň zatlar hakda habar bermeklerini ýarym adanyň ilatyndan haýyş etdiler.


📌 73 ÝYL BÄRI... UKUDA

Bu waka barada uly gürrüňleriň başlanmagyna 73 ýyl mundan ozal aradan çykan Rozaliýa atly 2 ýaşly gyzjagazyň beýnisiniň işjeňlik görkezip başlamagy
sebäp boldy. Kellesi sary bantly, goňur kepene çolanyp, aradan çykaly bäri esli wagt geçen-de bolsa oňat saklanyp ýatan kiçijik Rozaliýa medisina dünýäsine sarsgyn saldy. 1918-nji ýylda, 2 ýaşyndaka öýken sowuklamasyndan aradan çykdy. Bu betbagtçylyga, gyzjagazlaryndan aýra düşmäge ýürekleri çydam etmedik ata-ene gyzlaryna adamyň bedenini garratmaýan iňňe sançdyrýarlar. Soňra gyzjagazyň
jesedini, özleri islän wagty görüp bilerler ýaly, aýna gapakly tabyda salyp, Sisiliýadaky Palermo şäherinde ýerleşýän kiçijik ybadathanada saklaýarlar. Çaganyň bedeniniň şeýle gowy saklanyşyna alymlaryň özleri-de haýran galýar. Rozaliýanyň saçlary hem 73 ýyl mundan öňki durkuny ýitirmändir. Palermo şäherindäki bu ybadathanajyga gelýänler 30 ýyl mundan öň kiçijik gyzjagazyň bedeninden lawandanyň ysynyň gelýändigi hakda gürrüň edip başlapdyrlar. Bir gezek, ybadathana gelen orta ýaşlaryndaky erkek kişi tabytda ýatan gyzjagazyň sähel wagtlyk gözlerini açyp-ýumandygyny aýdandan soň, jaý süpürijiler bu yeri syryp-süpürmekden boýun
gaçyrypdyrlar. Hudaýa çokunmak üçin bu ýere gelýänleriň käbiri bolsa «gyzjagaz taňrynyň emri bilen dem alýar» diýip,
gürrüň ýaýradypdyrlar. Gyzjagazda dirilik alamatlarynyň bardygy baradaky habar kiçijik ybadathanajyga köp sanly zyýaratçylaryň çozup gelmegine sebäp bolupdyr. Bu yere gelen alymlar topary üýtgeşik netijä garaşmandylar. Ýöne kompýuterli barlag apparaty Rozaliýanyň beýnisinde örän gowşak elektron
impulslaryň bardygyny görkezdi. Şeýle impulslary bolsa diňe diri adamyň beýnisi berip bilýär. Beýniniň işjeňliginiň dowamlylygy bir gezek 33 sekunta, ýene
bir gezek bolsa 12 sekunta ýetdi. Gyzjagaz uklap ýatan ýagdaýynda onuň beýnisiniň işjeňligi şeýle häsiýetleri bererdi.
- Medisina dünýäsi adam beýnisiniň syrlaryny diňe ýaňy açmaga başlady-diýip, britan alymy Dewid Jekson aýtdy.
Medisina işgärleriniň topary Öz gözegçiliklerini dowam edýär.


dowamy bar.
26
120
Islam_Atayew
5 Iýun 2024
flowers_
5 Iýun 2024
@Islam_Atayew, her gezekde yazmagy maslahat beryan, soñ soraglar yuze cykmaz
Islam_Atayew
5 Iýun 2024
@flowers_, jemlap iñ soñky boliminde yazayjakdym çeşmesini.. kitapcy.ru
flowers_
5 Iýun 2024
@Islam_Atayew, çemçesin ýazmansyñ ýene
zumer_chas
5 Iýun 2024
@Islam_Atayew, 🤔 bir ýerlerden alansyña senem düýşñde göripmidñ
Islam_Atayew
5 Iýun 2024
@zumer_chas, google ýazyp goraymesen
zumer_chas
5 Iýun 2024
2nji maglumaty nireden aldyñyz dowamyny bilesim gelýäda
soyg
3 Iýun 2024
1991 yyldaky habarlardanmy su😯
soyg
3 Iýun 2024
Gen 🤔
olia
3 Iýun 2024
Suratlaryny gorupdim Rozaliyan hakykatdanam yany uklan yalyjak
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.