Islam_Atayew
06.06.2024 00:50
📌OGRYNYÑ ON BIR ÝAŞY BAR

Hartumda (Sudan) metjitlerden ogurlyk etmek bilen meşgullanýan tüýkesme tutuldy. Körpeje ogry baý çinownikleriň, söwdagärleriň toplanan ýerinde ogurlyk
edýän eken. Musulmanlaryň metjide namaz okamaga gelenlerinde aýakgabyny gapyda çykarýandyklaryny kim bilmeýär?! Ýaşajyk tüýkesme diñe bir aýakgaplary däl-de, eýsem pulluja gapjyklary çilmegi-de başarýar eken. Tüýkesmejik tötänleýin diýen ýaly ele düşdi. Söwdagärleriň biri metjitde ýygy-ýygydan ogurlyk bolýandygyny eşidip namaz üçin aşak eglende gapydan gözüni aýyrmandyr. Şonda ol oglanjygyň aýlanyp ýörenini görüpdir. Onuň gymmat baha italýan
köwşi oglanjygyň uzyn donunyň aşagyndan tapyldy.. Sorag edilende on bir ýaşly ogrujyk, munuň özi üçin ýaşamaga ýek-täk serişdedigiki boýun aldy.


📌ALLA ALMA IBERDI

Geň, galarlykly bu waka adaty başlandy. Hindi Okeanyndaky Reýunon adasynda ýaşaýan musulman zenany Raşida Açia gutap bişirmek üçin sekiz sany alma satyn aldy. «Kotiden dela Reýunon» gazetiniň
habar bermegine görä, ol ilkinji alty almadan gutaby çalt bişiripdir. Haçan-da ýedinjini iki bölege bölende welin onuň hersiniň kesilen ýerinde garamtyl-gögümtil
çyzyjaklara gözi düşüpdir.Şol çyzyjyklar arkaly Raşida Allanyň adyny okap bilipdir. Özem ol arap harplary bilen ýazylypdyr. Öz gözlerine ynanmadyk Raşida ejesiniň ýanyna ylgapdyr. Olar bilelikde şäher
metjidiniň ymamynyň ýanyna barypdyrlar. Ol hem zenanlaryň çak edýänleriniň dogrudygyny tassyklapdyr. Indi Raşida adanyň iň meşhur adamlarynyň biri. Täsin
alma haýran galarlykly wakanyň bolup geçen ýeri bolan Sen-Per şäherjigindäki metjitdäki ýahdanda saklanylýar. Ýeri gelende gazetde bar bolan maglumatlara görä, Reýunonda öñem şeýle wakalaryň ady ýazylan ýazgylar towuk ýumurtgasynda-da, gawunda-da
tapylypdy. Ýerli mollalar muny haçan-da ateizm güýjäp, adamlar Allany ýatdan çykaranlarynda, ol Özüniň bardygyny duýdurmak üçin edýär diýip
düşündirýärler.

📌BIR ÝARYM ÝYL SAKLAÝAR

Amerikanyň «Hormel» firmasynyň işläp çykaran ýörite plastmassa gabynda azyk önümlerini on sekiz aýlap saklamak bolýar. Bu gaplarda saklanan azyk önümlerini ulanmazdan öň ýokary ýylylykly duhowkada iki minutlap gyzdyrmak ýeterlikdir.

📌SYGYRLARDAKY ÝAZGYLAR

Ispaniýanyň Albaseta prowinsiýasynyň daýhanlary sygyrlarynyň tenine ak reňk bilen «sygyr» diýip ýazýarlar. Olar şeýle etmek bilen sygyrlaryny sugunlardan tapawutlandyryp bilmeýän awçylardan
goraýarlar.


dowamy bar.

kitapcy.ru
40
153
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.