Islam_Atayew
05.08.2024 00:20
Dünýäniñ gadyrny bilmeýän bolsañ,
Janyny tabşyran jesetden sora.
Düzlügiñ gadyrny bilmeýän bolsañ,
Dag içinde galan kesekden sora.

Saglygyñ gadyrny bilmeýän bolsañ,
Düşekde göreşýän hassadan sora.
Ojagyñ mährini duýmaýan bolsañ,
Alysda galgaýan tüsseden sora.

Enänin gadyrny bilmeýän bolsañ,
Mähire zar bolan ýetimden sora.
Atanyň mährini söýmeýän bolsañ,
Ýat ilde gul bolan ýesirden sora.

Ýalançyda öz göwnüñi aldama,
Başarsañ, özüñi töhmetden gora.
Töhmetsiz ýaşaýşy söýmeýän bolsañ Zyndanda aç ýatan mähnetden sora.

Ýaşlygyñ gadyrny bilmeýän bolsañ,
Ýetmişi aşyran gojadan sora.
Perzendiñ gadyrny bilmeýän bolsañ, Perzentsiz ah çeken ejeden sora.

Awtor: ?
16
44
Islam_Atayew
03.08.2024 16:02
Adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Sebäbi Gün şöhlesi diş we süňk dokumalaryna zerur bolan D witaminiň işlenip çykmagyna täsir edýär. Gezelençler ir säher, sagat 6-dan 9-a çenli, agşamlyk bolsa 18-den soň bolmaly.

Saglygyň gadyryny bilgil!

SAGLYGYMYZ ÜÇIN PEÝDALY MASLAHATLAR

Gündiz daşaryk çykylanda kelläňe başgap geýmeli, ýaglyk daňmaly ýa-da saýawanly gezmeli.

Tomsuň yssy günlerinde çagalara we gartaşan adamlara Günüň aşagynda gezmek
maslahat berilmeýär.

Günüň dowamynda gök we miwe önümleriniň azyndan 5-6 sanysyny iýmeli.

• Günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyny gazanmaly. Gök we miwe önümlerini iýeniňizde arassaçylygyň talaplaryny berk berjaý etmeli.

• Gerekli arassa agyz suwuny günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk mukdar- da kabul etmeli.

• Tomus paslynda geýilýän eşikler açyk reňkli we nah matadan, rahat, ykjam bolmaly. Güneşe baý Diýarymyzda tomus paslynyň jöwzaly günleriniň dowam edýän günleri bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli yl- my-ensiklopedik kitabynda ýerleşdirilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.

• Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Çendenaşa ýagly iýmitleri iýmekden saklanmaly. Ukyny ýeterlikli we kadaly almaly.

• Gan basyşyňyzy barladyp durmaly.


Çeşme: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
18
45
Islam_Atayew
03.08.2024 01:19
Salam hemma gowmy ýagdaýlarñyz? 🙋‍♂️
14
111
Islam_Atayew
27.06.2024 19:07
GYZ BILEN NÄHILI GÜRLEŞMELI? (dowamy)

5. Duşuşyga sowgat bilen barmañ, sebäbi (sowgat sebäpsiz) duşuşyga üýtgeşik zat gerek däl ýöne, edip bilşiňizden odur, budur gürleşiň, esasy zat gyza bildirmän kopmliment aýtmak. Daşyndan aýlanyp geçmeli mowzuklar: Ýagny şu temalar hakda gürlemäň, başarsaňyz! Din, ölüm, o dünýä, politika (syýasy temalar), filosofiýa. Birinji duşuşyk takmynan 1, 2 sagat bolany gowy we sizden garaşylýan ýekeje zat hiç zady bulaşdyrmazlyk. Eger gyz entägem siz
bilen gürleşip bilýän bolsa BRAWO ösüş
bar. Soň ýene 1-2 gün garaşyň, täzeden jaň
ediň we prosesi täzeden gaýtalaň.

6. Egin-eşik. Üstüňizdäki eşikleriňiz arassa
bolsun! Şondan möhüm zat ýok. Ondan
başga, eşigiň daş töweregiňe, ýagdaýa
görä bolsun. Asylly türkmen gyz bilen duşuşukda üýtgeşik görkezýän moda egin-eşik gerek däl, gara balak, ak köýnek, ýa-da gök köýnek.

7. Gyz bilen nähili özüňi alyp barmaly:
Munuň hem özboluşly usuly bar.Duşuşykda edip bildigiňizden gyza köpräk degjek boluň üstünden pitnojyk (ýaprak), aýyryň (ýaşasyn hapajyk). Öwrüleniňizde hökman elinden ýa-da arkasyndan tutup öwrülýän tarapyňda ýumşak öwrüm ediň. Asyl degmäge maý kän, hapa sögünmäň, kän
öwünmäň, gyzyň göwnüne degip biljek zat
aýtmaň, özüňiz barada erbet zat aýtmaň,
hiç zat barada zeýrenmäň. Ýadyňdan çykarma, seniň durmuşyñda hemme zat gül ýaly boljakdyr. Gyzlar bagtsyzlary, zeýrenýänleri halanoklar. Gyzyň ýanynda oglan jigsi gyz jigsi we jorasy bar wagty lak atmaň, duşuşjak bolmaň.

8. Gyzyň başyny aýlamak: Ilki bilen ýaş
ýigitlerimiz düşünjesini üýtgetmeli. Meselem "E-e bujagaz zady!", "Agyz tanyş bolaýalla, telefonuňy beräýdä ýa-da 86* nomera aýlaýda" diýip şu sözler bilen barsaňyz 100-de 90-y sizi daş ýerlere ýollap bilerler, ýa-da gowy söze garaşmaň! Hiç haçan gyzy yrmaga çynlakaý (serýozna) çemeleşme! Sebäbi bu seniň utulşyňy aňladýar.

Soñy.

#Jeksparro. islenen.ru
25
132
Islam_Atayew
27.06.2024 16:23
GYZ BILEN NÄHILI GÜRLEŞMELI?

Käbir oglanlar bar "Men (gulak) gyz bilen
söýüşip görmedim, gürleşip görmedim ýa-
da men oňa ýaramadym, öz bolşumy ýigrenýän, gyzyň ýanynda özümi oňaýsyz
duýýaryn, ýa gyzyň ýanynda özümi ýitirýärin diýip gündelik durmuşyndan zeýrenýärler.

Şeýle oglanlaryň 100%-den 60-70%-i dünýäniň gaýgy-gamy we tukatlyk, ýekelik,
gam-gussa ýaly ruhdan gaçyrýan häsiýetler bilen gurşalandyr. Şeýle oglan ilki bilen gaýgy-gamly sazlary ýa-da aýdymlary, halk aýdymlary diňlemezliklerini maslahat berýärin. Eger hindi kino ýa-da söýgi (serial) kinofilmler, söýgi baradaky kitap wakalary bilen söýüşmegi ýüregiňize düwen bolsaňyz onda siz ýalňyşýarsyňyz!

1.Kim bilen söýüşmeli (ýa-da söýýän gyzyňy nähili tapmaly?) Bir gyz bilen söýüşjek wagtyňyz öz häsiýetiňi hiç üýtgetme, köp ýaşlar gyzlar bilen gürleşmäge çekinýärler. Gorkýarlar, gyz
bilen bolup biljek duşuşyklary soňky güne
galdyrýarlar. Siz üçin iň esasy zat tejribe. Pikirlenip yrylýan gyz ýok. Eliňiziň geldiginden toýlara, aýlanmaga we beýleki gyzlaryň üýşýän ýerlerine gidiň we köpüräk gyzlar bilen gürleşiň, näme barada gürleşýäniňiz onça möhüm däl, esasy zat gyzyň sesine öwrenişmek.

2.Telefon arkaly söýgä başlamak: Näçe geň bolsa-da esasy usullaryň biri, iň möhüm zat gyzdan hökman belgisini soraň! Gyz bilen tanyşanyňyzda, bahana gözlemäñ: "Berermikä ýa bermezmikä?" diýip pikirlenmäň, entek giç bolmaka hökmän telefonyny soraň. Soramak üçin üýtgeşik jadyly hereket gerek, däl, ýöne "Telefonuňyzy (nomerñizi) beräýiň" diýip rahat ses bilen soramak. Soranyňyzda elbetde bolup biljek kiçiräk barlaglar, soraglar bolup biler. Gyz "Näme etjek, "Nämä gerek!?" we ş.m. Jogabyň ýene-de rahat ses bilen "lçim gysanda habarlaşmak üçin" ýa-da "Sesiňi ýene bir sapar eşitmek üçin". Esasy ynamly rahat tonda soramak gerek... Käbir gyzlar garşysyndakyň beýle "Irizen" soraglar bilen bizar etmegi halamaýarlar, sebäbi näme üçin telefon soraýaň belli (söýüşmek üçin), şonuň üçin berjek bolsa telefonyny berýärler, bolmasa-da berenoklar. Telefon nomerini aýdanlarynda göni öz telefonyňyzdan jaň ediň we oňa jaň geleninden soň nomerini belläp goýuň. Eger-de ýalňyş nomer beren bolsa, edil gabady öň üstünden gülersiňiz, eger öçürlen nomer beren bolsa seň bilen
gürleşesi gelenok şo gyzyň! "Telefonum ýok, "Sen ber, men jaň edeýin" diýýän gyzlar bar, olara gulak gabartmaň, şol ýok diýdigi jaň etmejegidir, nomeriňizi berip durmaň!

3. Belgisini alanyňyzdan soň, möhüm bir zat bolmasa 2 gün garaşyň, jaň etmäñ, hat ýazmañ (sms). Bir gezek jaň edeniňde almasa, azyndan 2-3 sagatlap garaşyp soň jaň ediň, yzly-yzyna jaň etmäň, ýazmaň (sms), jaň edeniňde üýtgeşik hokga çykaryp haýran galdyrjak bolmaň, ýönekeý hal-ýagdaýyny soraň, ol bul barada gülkünç zatlar barada gürrüň beriň (прикол). Näme barada gürlejegiňizi bilmeýän bolsaňyz, gyzyň maşgalasy, edýän işi, okuwy,ýakynda bolup geçen waka, toý, täze çykan kino we ş.m. Esasy zat soraglar bilen mowzuklary üýtgedip gyzy gürletmek, azyrak gürläp, köpräk diňlejek boluň! Duşuşyklar barada hat arkaly sms-laşyp gürleşmäň, hökman telefonda gürleşiň.

4.Duşuşyga çagyrmak.Gyz bilen duşuşmak, duşuşyga çagyranyňyzda bahana tapmak kyn bolup biler, aslynda bahana geregem däl, ýöne dogryny dogry aýtmak hemişe aňsat bolanok. Şoň üçin "Teatra ýeke özüm gitmejek bolýan", "Egin-eşik saýlamak üçin", "Täze açylan parka baryp görmek üçin" diýip çagyryp bilersiň. Duşuşyga çagyranyňyzda üýtgeşik hiç zat aýtmak gerek däl, islendik tanyşyňyzy çagyrşyňyz ýaly çagyryň, hemme zat sada we ýönekeý
bolsun. Ikinjidenem jogap ýok bolsa, başga bir güni aýdyp görüň, onda-da ýok bolsa, "Sag bol" ýa "Bagtly bol" diýiň-de telefony öçüriň, gyzy ýadyňyzdan çykaryň, wagt ýitirmäň!


dowamy bar.
22
75
Islam_Atayew
26.06.2024 20:27
Jogap: Derman önümleri ilat sanyny gysgaltmak üçin gerek!

Pensiýadaky biohimik Şeýn Ellisonyň boýun alan hakykaty internedi lerzana
getirdi: «Ýatda saklaň, derman önümleri ilat
sanyny gysgaltmak üçin öndürilýär.

Dermanlar bejermeýär! Olar bary-ýogy keseliň simptomlaryny ýitirýärler. "Men biohimik. Derman öndürýän kärhanalarda işlänimde bize hemişe şeýle diýýärdiler:
Biziň öndürýän dermanarymyz keseliň
daşky alamatlaryny ýitirmegi zerur. Keseli
bejermegi hökman däl. Derman öndürmegiň soňky basgyjy bu keselleri oýlap tapmakdyr. Eger kesel ýok bolsa diýmek müşderem ýok. Indi, keseli oýlap tapmak zerur.

Dünýäde ýylda 128 müň adam derman
reseptlerindäki ýalñyşlyk sebäpli dünýäden ötýär. Ýöne, adamzat dermandan bütinleý ýüz öwrüp hem bilmeýär. Tabletkalar hemişe-de sebäplere däl-de alamatlara garşy göreşmek üçin niýetlenen.
Farmaseftiklere we apteklere siziň keseliňiziň sebäbini ýok edeniňiz gerek
däl. Sagdyn adam - olar üçin gönüden göni
krizisdir!
Emma ölen adam hem olar üçin krizis!
Şonuň üçinem olar siziň ýaşamagyňyz,
hasam erbet ýaşamagyňyz, hemişe
tabletkalara bagly bolup ýaşamagyňyz
örän möhüm! Çünki siz tabletkalaryň täsirinde biraz ýeňillik duýup, soň ýene tabletka içmegiňiz zerur. Her gezekki tutgaýda öňkiden köpräk, güýçliräk uzagrak tabletkalara mätäç bolup içmegiňiz gerek.

SIZIÑ HIÇ WAGT GUTULMAZLYGYŇYZ WE
ÖLMEZLIGIŃIZ GEREK.
Dermanlara baglylyk we ony öwrenmeklik- bu keseliň özündenem howpludyr!

Görýäňizmi? Bütin internet himýa senagat çykarýan ähli dermanlaryň ynsan organizmi üçin örän zyýanlydygy barada ýazýar. Derman içenňizde pikirleniñ! Derman içmek bilen biz immunitetimize
kast edýäs. Özümize dönüklik edýäs. Sähel
zat üçin derman içmegi endik etmäň!
(ne öldirýär ne güldirýär)


islenen.ru
31
109
Islam_Atayew
26.06.2024 10:37
Kä wagt unudyp ähli barlygy
Bu dünýäni taşlap gidesim gelýä
Käte bolsa sähel zada begenip
Guş deýin asmanda uçasym gelýä.
26
82
Islam_Atayew
25.06.2024 16:16
Durmuş wyždansyzdan dolupdyr juda
Peselseñ tanaman gyra itýäler
Gören peýdalaryny ýatdan çykaryp
Göýä ýat adam deý ýitip gitýäler.

Hiç bir zat hiç wagt galmaz hasapsyz
Şükür ALLA hemme zady görüp dur
Ýamanlyk et ýa-da etseñ ýagşylyk
Edenleriñ öz başyña gelip dur.

Şeýdip aýlanyp dur pelegiň çarhy
Kä tekiz, kä çarkandakdan ýöredip
Saýgardanok ýagşy ýamanyñ parhy
Bir gezekde tanap bolmaz seredip.

Indi degýän peýdaň bilen tanalýañ
Peýdaň ýokmy adyň zordan bilýäler
Göwnüň sygýan ýakyn adamlaryñam
Ne hal sorap ne gapydan gelýäler.

Toýly Bäşimow
17
49
Islam_Atayew
25.06.2024 10:31
AJALDAN GAÇAN ADAM HAKYNDA
HEKAÝAT

Bir samsyk bar ýaly bir agyr derdi,
Süleýman patyşaň gaşyna bardy.
Şa diýdi: «Aýdyber islegiň näme?»
«Wah, zalym Ezraýyl mündi mekgäme.
Yzymdan galanok nirä ugrasam,
Tapaweri bu ýagdaýa çäre sen».
«Näme etmeli men? Bu niçik gepdir?»
«Şahym, sen şeýle bir harasat gopdur.
Meni Hindistana eltip taşlasyn.
Ezraýylyň päl-niýeti paşmasyn.»
Süleýman şa onuň diýenni etdi,
Harasat samsygy düýrläp äkitdi.
Bir günem ol Ezraýyla sataşyp,
Şeýle diýdi bolan işden gep açyp:
«Sen - Allaň çapary. Bilýärin, zorsuň,
Näme, o biçärä gün bermeýärsiň? Senden
gorkusyna, öýünden bizar
Bolup, ýat ülkede çekip ýör azar».
Ezraýyl şeý diýdi: «Buýruk Hudadan,
Tapmaly men nirde bolsa şol adam.
Bu ýere gelmegi geň ol bendäniň,
Hindistanda almalydym oň janyn.
Günä baryn etdi undup Hudaýy,
Hut sakar dowzahda taýyn oň jaýy.
Azap çekip, onuň üstüne gitdim,
Baryp, ýakasyndan ebşitläp tutdum.
Edýän işim agyr bolsa-da herne,
Hudaýyň buýrugyn ýetirdim ýerne.
Bilmegimiz gerek bir zady açyk,
Gitjek ýerimiz ýok ajaldan gaçyp.
Gaçman, mydam oňa bolmaly taýyn,
Nirä sypjak nazaryndan Hudaýyň?!

Jelalledin Rumy
26
114
Islam_Atayew
23.06.2024 13:14

1.Iñ gowy görýän aýdymyñyzyñ ady näme?


2.Sizde uly täsir galdyran goşgynyñ ady we awtory?


3.Öwrenmeli programa girenñizde, ilkinji gezek näme barada post paýlaşdyñyz?(eger ýadyñyza düşýän bolsa)


4.Sorag şeýle: Geljekde haýsy hünäriñ eýesi bolmak isleýäñiz? (ýa-da öñ islapdiñiz? eger-de eýýäm ol arzuwñyza ýeten bolsañyz onam belläp geçäýiñ)


5.Gysgaça biografiýañ?(Adyn,ýylyñ,welayat ýa-da şäher).

49
843