Islam_Atayew
03.08.2024 16:02
Adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Sebäbi Gün şöhlesi diş we süňk dokumalaryna zerur bolan D witaminiň işlenip çykmagyna täsir edýär. Gezelençler ir säher, sagat 6-dan 9-a çenli, agşamlyk bolsa 18-den soň bolmaly.

Saglygyň gadyryny bilgil!

SAGLYGYMYZ ÜÇIN PEÝDALY MASLAHATLAR

Gündiz daşaryk çykylanda kelläňe başgap geýmeli, ýaglyk daňmaly ýa-da saýawanly gezmeli.

Tomsuň yssy günlerinde çagalara we gartaşan adamlara Günüň aşagynda gezmek
maslahat berilmeýär.

Günüň dowamynda gök we miwe önümleriniň azyndan 5-6 sanysyny iýmeli.

• Günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyny gazanmaly. Gök we miwe önümlerini iýeniňizde arassaçylygyň talaplaryny berk berjaý etmeli.

• Gerekli arassa agyz suwuny günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk mukdar- da kabul etmeli.

• Tomus paslynda geýilýän eşikler açyk reňkli we nah matadan, rahat, ykjam bolmaly. Güneşe baý Diýarymyzda tomus paslynyň jöwzaly günleriniň dowam edýän günleri bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli yl- my-ensiklopedik kitabynda ýerleşdirilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.

• Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Çendenaşa ýagly iýmitleri iýmekden saklanmaly. Ukyny ýeterlikli we kadaly almaly.

• Gan basyşyňyzy barladyp durmaly.


Çeşme: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
18
44
Islam_Atayew
3 Awgust 2024
@guli_, habar yokdur, belki dogrudyr
guli_
3 Awgust 2024
Gun sohlesi keseli doretya diyya,oli oyjukleri gozgaya yaly hamana diyilya dogrymyka?anyk maglumat ozm blmk yone bir yerlerde gozume ilen zat...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.