Islam_Atayew
25.06.2024 10:31
AJALDAN GAÇAN ADAM HAKYNDA
HEKAÝAT

Bir samsyk bar ýaly bir agyr derdi,
Süleýman patyşaň gaşyna bardy.
Şa diýdi: «Aýdyber islegiň näme?»
«Wah, zalym Ezraýyl mündi mekgäme.
Yzymdan galanok nirä ugrasam,
Tapaweri bu ýagdaýa çäre sen».
«Näme etmeli men? Bu niçik gepdir?»
«Şahym, sen şeýle bir harasat gopdur.
Meni Hindistana eltip taşlasyn.
Ezraýylyň päl-niýeti paşmasyn.»
Süleýman şa onuň diýenni etdi,
Harasat samsygy düýrläp äkitdi.
Bir günem ol Ezraýyla sataşyp,
Şeýle diýdi bolan işden gep açyp:
«Sen - Allaň çapary. Bilýärin, zorsuň,
Näme, o biçärä gün bermeýärsiň? Senden
gorkusyna, öýünden bizar
Bolup, ýat ülkede çekip ýör azar».
Ezraýyl şeý diýdi: «Buýruk Hudadan,
Tapmaly men nirde bolsa şol adam.
Bu ýere gelmegi geň ol bendäniň,
Hindistanda almalydym oň janyn.
Günä baryn etdi undup Hudaýy,
Hut sakar dowzahda taýyn oň jaýy.
Azap çekip, onuň üstüne gitdim,
Baryp, ýakasyndan ebşitläp tutdum.
Edýän işim agyr bolsa-da herne,
Hudaýyň buýrugyn ýetirdim ýerne.
Bilmegimiz gerek bir zady açyk,
Gitjek ýerimiz ýok ajaldan gaçyp.
Gaçman, mydam oňa bolmaly taýyn,
Nirä sypjak nazaryndan Hudaýyň?!

Jelalledin Rumy
26
114
gormegeyje
27 Iýun 2024
👍👍👍
fl_ower
26 Iýun 2024
👍
lall
25 Iýun 2024
Hakyky nirde nahili yagdayda hacanlygy belli dal ajal gelse gidibermeli jany beryanam alyanam alladyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.