Islam_Atayew
27.06.2024 16:23
GYZ BILEN NÄHILI GÜRLEŞMELI?

Käbir oglanlar bar "Men (gulak) gyz bilen
söýüşip görmedim, gürleşip görmedim ýa-
da men oňa ýaramadym, öz bolşumy ýigrenýän, gyzyň ýanynda özümi oňaýsyz
duýýaryn, ýa gyzyň ýanynda özümi ýitirýärin diýip gündelik durmuşyndan zeýrenýärler.

Şeýle oglanlaryň 100%-den 60-70%-i dünýäniň gaýgy-gamy we tukatlyk, ýekelik,
gam-gussa ýaly ruhdan gaçyrýan häsiýetler bilen gurşalandyr. Şeýle oglan ilki bilen gaýgy-gamly sazlary ýa-da aýdymlary, halk aýdymlary diňlemezliklerini maslahat berýärin. Eger hindi kino ýa-da söýgi (serial) kinofilmler, söýgi baradaky kitap wakalary bilen söýüşmegi ýüregiňize düwen bolsaňyz onda siz ýalňyşýarsyňyz!

1.Kim bilen söýüşmeli (ýa-da söýýän gyzyňy nähili tapmaly?) Bir gyz bilen söýüşjek wagtyňyz öz häsiýetiňi hiç üýtgetme, köp ýaşlar gyzlar bilen gürleşmäge çekinýärler. Gorkýarlar, gyz
bilen bolup biljek duşuşyklary soňky güne
galdyrýarlar. Siz üçin iň esasy zat tejribe. Pikirlenip yrylýan gyz ýok. Eliňiziň geldiginden toýlara, aýlanmaga we beýleki gyzlaryň üýşýän ýerlerine gidiň we köpüräk gyzlar bilen gürleşiň, näme barada gürleşýäniňiz onça möhüm däl, esasy zat gyzyň sesine öwrenişmek.

2.Telefon arkaly söýgä başlamak: Näçe geň bolsa-da esasy usullaryň biri, iň möhüm zat gyzdan hökman belgisini soraň! Gyz bilen tanyşanyňyzda, bahana gözlemäñ: "Berermikä ýa bermezmikä?" diýip pikirlenmäň, entek giç bolmaka hökmän telefonyny soraň. Soramak üçin üýtgeşik jadyly hereket gerek, däl, ýöne "Telefonuňyzy (nomerñizi) beräýiň" diýip rahat ses bilen soramak. Soranyňyzda elbetde bolup biljek kiçiräk barlaglar, soraglar bolup biler. Gyz "Näme etjek, "Nämä gerek!?" we ş.m. Jogabyň ýene-de rahat ses bilen "lçim gysanda habarlaşmak üçin" ýa-da "Sesiňi ýene bir sapar eşitmek üçin". Esasy ynamly rahat tonda soramak gerek... Käbir gyzlar garşysyndakyň beýle "Irizen" soraglar bilen bizar etmegi halamaýarlar, sebäbi näme üçin telefon soraýaň belli (söýüşmek üçin), şonuň üçin berjek bolsa telefonyny berýärler, bolmasa-da berenoklar. Telefon nomerini aýdanlarynda göni öz telefonyňyzdan jaň ediň we oňa jaň geleninden soň nomerini belläp goýuň. Eger-de ýalňyş nomer beren bolsa, edil gabady öň üstünden gülersiňiz, eger öçürlen nomer beren bolsa seň bilen
gürleşesi gelenok şo gyzyň! "Telefonum ýok, "Sen ber, men jaň edeýin" diýýän gyzlar bar, olara gulak gabartmaň, şol ýok diýdigi jaň etmejegidir, nomeriňizi berip durmaň!

3. Belgisini alanyňyzdan soň, möhüm bir zat bolmasa 2 gün garaşyň, jaň etmäñ, hat ýazmañ (sms). Bir gezek jaň edeniňde almasa, azyndan 2-3 sagatlap garaşyp soň jaň ediň, yzly-yzyna jaň etmäň, ýazmaň (sms), jaň edeniňde üýtgeşik hokga çykaryp haýran galdyrjak bolmaň, ýönekeý hal-ýagdaýyny soraň, ol bul barada gülkünç zatlar barada gürrüň beriň (прикол). Näme barada gürlejegiňizi bilmeýän bolsaňyz, gyzyň maşgalasy, edýän işi, okuwy,ýakynda bolup geçen waka, toý, täze çykan kino we ş.m. Esasy zat soraglar bilen mowzuklary üýtgedip gyzy gürletmek, azyrak gürläp, köpräk diňlejek boluň! Duşuşyklar barada hat arkaly sms-laşyp gürleşmäň, hökman telefonda gürleşiň.

4.Duşuşyga çagyrmak.Gyz bilen duşuşmak, duşuşyga çagyranyňyzda bahana tapmak kyn bolup biler, aslynda bahana geregem däl, ýöne dogryny dogry aýtmak hemişe aňsat bolanok. Şoň üçin "Teatra ýeke özüm gitmejek bolýan", "Egin-eşik saýlamak üçin", "Täze açylan parka baryp görmek üçin" diýip çagyryp bilersiň. Duşuşyga çagyranyňyzda üýtgeşik hiç zat aýtmak gerek däl, islendik tanyşyňyzy çagyrşyňyz ýaly çagyryň, hemme zat sada we ýönekeý
bolsun. Ikinjidenem jogap ýok bolsa, başga bir güni aýdyp görüň, onda-da ýok bolsa, "Sag bol" ýa "Bagtly bol" diýiň-de telefony öçüriň, gyzy ýadyňyzdan çykaryň, wagt ýitirmäň!


dowamy bar.
22
75
melayew
27 Iýun 2024
@nabat_, bolya
nabat_
27 Iýun 2024
@melayew, bilesa bar
melayew
27 Iýun 2024
@nabat_, name islap yorsuñ sen
melayew
27 Iýun 2024
Beybä maña gerek maglumatlar bar eken 😁
idabdy
27 Iýun 2024
😅dowamy haçan
ideallider
27 Iýun 2024
Karoçe ölüp-öçüpbarma😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.