Islam_Atayew
10.08.2024 00:07
Iñ gadymy adamlaryñ hammamlardan peýdalanşy we olaryñ ynançlary.


1.Iň köne hammam(wanna) Hindistanda arheologiki gazuw-agtaryş işlerinde tapyldy. Arheologlar onuň takmynan ýaşyny 5 müň ýyl diýip çaklaýarlar.


2.Hammamlarda suwa düşmek hakda ilkinji pikir Gadymy Müsüre we Mesopotamiýa ýüze çykypdyr. Bu gadymy döwletleriň medeniýetlerinde hammamda suwa düşmek diňe bir arassaçylyk düzgüni bolman, eýsem hudaýlaryna däp-dessurlaryň ybadatynyň bir bölegi bolupdyr.

3.Gadymy Müsüriň meşhur şa zenany Kleopatra suwa düşmek proseduralaryny diňe sazyň sesleri
bilen ýerine ýetirýärdi. Kleopatra suwa düşen wagty sazandalar onuň töwereginde hatara düzülip, asuda we rahat saz çalýardylar.

4. Mundan başga-da beýik gadymy alym we inžiner Arhimed hammamda suwa düşýän wagty gidrostatikanyň kanunyny tapandygy gyzykly.


Internet maglumatlary esasynda toplanyldy.
21
76
Islam_Atayew
09.08.2024 13:24
Gysgajyk hekaýa.

Bir aýal öýine gidip barýarka, bir çaganyň elinde taýak bilen topraga birzatlar çyzýandygyny görýär. Bu ýagdaý aýalyñ ünsini çekýär we ýylgyryp, çaga şeýle diýýär:
- "Näme etýäň?"
Çaga:
- "Jenneti paýlaýaryn, satýaryn!" diýýär. Bu çaganyň jogabyny has gowy gören aýal ýylgyryp:
- "Mañada jennetden ýer ber, näçe manat bolýa?" diýýär.
Çaga bolsa:
- "20manat bolýar!" diýýär.
Aýal 20manat berýär. Öýüne dolanyp gelýär we agşam düýşünde özüniñ jennetdedigni görýär. Soñ bu düýşini adamsyna aýdyp berýär. Bulary eşiden adamsy derrew çaganyň ýanyna baryp. Çaga ýene şol soragy berýär:     - "Näme etýäň?"
Çaga bolsa:
- "Jenneti paýlaýan, satýan!" diýýär.
Ol adam:
- "Mañada ber näçe manat?" diýýär.
Çaga:
- "Seniñ jenneti almaga puluñ ýetmez!" diýýär.
Adam:
- "Näme üçin aýalyma 20manada beripsiñä!" diýýär.
Çaga:
- "Jennet o dereje arzan däl ahyryn, ol aýal meñ köňlümi almak üçin berdi, sen jenneti almak üçin berýäň, jennet ne arzandyr, nede gymmatdyr. Ol diñe köňüllerden geçýändir" diýýär.
27
80
Islam_Atayew
09.08.2024 00:23
Dokuz aý yatmyşam enem garnynda
Göz açyp, dunýäge düşen günlerim
Dört aýakda gezdim enem elinde
Sekiz aýda hem gülüşen günlerim.

Birimde bilmedim ýagşy-ýamany
Ikimde tanydym ata-enäni
Üç ýaşymda Tañry berdi zybany
Dört ýaşymda daş atyşan günlerim.

Bäşimi ötürdim bahar-ýaz bilen
Alty ýaşda kowalaşdym baz bilen
Ýedi ýaşda işim bolmaz gyz bilen
Sekizimde dişim düşen günlerim.

Dokuzymda berdim Tañry salamy
Onumda boýnumda hakyñ kelamy
On birimde tutdum döwlet galamy
Okyp-okyp magny saçan günlerim.

On ikimden gitdim on üç ýaşyma
On dödümde heser urdy başyma
On bäşimde gyzlar girdi düýşime
On altymda gaýnap joşan günlerim.

Ýigrimbirde mestan-mestan gezerdim
Ýigrim bäşde ganym okun düzerdim, Otuzymda atlar münup ozardym
Otuz bäşde ters söweşen günlerim.

Kyrkymda goýulyp, kasam dolmuşam
Ellimde elime tesbyh almyşam
Altmyşymda pire murit bolmuşam
Pygamber ýaşyny ýaşan günlerim.

Ýetmişimde agyry indi dyzyma
Segsenimde gubar indi gözime
Togsanymda huş galmady özümde Akyl-huşdan jyda düşen günlerim.

Ýüz ýaşa ýetirmän, alarlar janyñ
Uzadyp goýýarlar, biçerler donuñ Magtymguly, hernä bolsun imanyñ
Jan jesetden aýra düşen günlerim.

Awtory: Magtymguly Pyragy
20
85
Islam_Atayew
08.08.2024 12:14
Büzmeýinde Hojamyrat aga diýip biri ýaşapdyr. Onun başdan geçirenleriniň käbirlerini size hödürleýäris.

OBAMYZDA DEREK ÝOK!

1 gezek Hojamyrat aga kişmiş satmak üçin bazara barýar. Onsaň alyjy gelip "Kişmişiň bahasy näçeden?" diýmegiň ýerine:"Kişmişiñ nämeden?" diýýär.

-Kişmişim üzümden.

-Men ony soramok, kilosy nämeden diýýän?

-Kilosy demirden, inim.

-Alaýt ýaşuly, sen-ä tüýs bir dereksiz adam ekeniń!

-Inim, derek diñe bizde däl, obamyzda-da
ýok. Pylan agalarda biri bardy welin, onam düýn-öňňun ýykyp aýyrdylar - diýende alyjy görgüli hüññürdäp, Hojamyrat aganyň ýanyndan ýeňsesini el ýaly edipdir.

EKLEMELI ORSUMYZ KÖP!

1 gezek Hojamyrat agany göreldeli kolhozçy
hökmünde Moskwa iberipdirler. Hojamyrat agany Moskwanyň beýik-beýik jaýlary, maşynlaryň sil suwy ýaly akyp durşy haýrana goýupdyr. Emma, ony has haýran galdyran zat adamlaryň köplügi bolupdyr. Oba gaýdyp gelensoň obadaşlary:

"-Hojamyrat aga, iýen-içenin özüňki, gören- eşdenlerinden habar ber" - diýipdirler.

Hojamyrat aga:

"- Aý, adamlar, gürledip nätjekdiňiz, arkaýyn işläberiň. Öň bir guşak dakynyp işleýän bolsańyz, indi iki guşak dakynyp işläň. Biziň eklemeli orsymyz gaty köp eken" diýipdir.

ENEÑ BARMY?

1 gezek Hojamyrat aga Köwata gidýär. Şol ýerde-de çaý gaýnadylmak üçin çöpleme çöpläp ýörkä, keýpi damagyny çalyp barýan ýigitleriň birisi:

"- Şunuň ýaly ataň bolaŷsa, çöpleme çöpleder ýaly" díýýär. Muny eşidip duran Hojamyrat aga:

" - Ogul, onyň-a gürrüñini etme, eneň bar bolsa ata bolup beräýerin" diýipdir.

WAGON SANAMAŞAK.

1 gezek demirýolyň gyrasynda mal bakyp ýören Hojamyrat geçip barýan otlynyň wagonlaryny sanamaga başlaýar: -1, 2, 3, 4, 5, 6.....

Hojamyrat aga mallaryny ýatdan çykarýar.

Haçanda otly geçensoň, görse, geçileriniň biri otlynyň aşagyna düşen eken. Muny gören Hojamyrat aga: " - Wahh, wagon sanamak nämäñe gerek diýse-ne. Ýeri şolaryň biri kem bolsa dakyp biljekmi? Ýa-da biri artyk bolsa alyp galyp biljekmi?... Ondan-a geziberd-ä mallaryňy bakyp" diýip, öz-özüne igenmäge durupdyr.
26
214
Islam_Atayew
08.08.2024 00:01
Soraglar kyn däl, pikirleniñ!

1.Aslynda adam bedeninde bir ýürek
bolýar, ýöne kä wagt, käbir adamlarda ýürek iki bolýar, olar kimler?

2.Dyz bogunlary 4-sany bolan ýeketäk
süýtemdiriji haýwan, haýsy?

3.Edil bir paýtagt şäheriñ içinde başga
bir döwlet ýerleşen, şol haýsy şäher we döwlet?

4.Bir paýtagt şähere şol döwletiñ bir prezidentiniñ ady berlen, ol haýsy şäher?

5.Üç sany dost gezelenje gidýär, biri kör, biri lal, biri ker, onnoñ ýolda ker ölýär, soñ lal keriñ ölendigini köre nädip aýtmaly?

6.Eliñizde top bar şony uzak bir aralyga oklamaly ýöne şol top ýene özüñize dolanyp gelmeli, ony diwara we başga bir adam saña oklamaly däl.

7.Bir gutyda 5 sany alma bar, şol 5 almany 5 gyza bir birden bölip bermeli ýöne soñunda gutyda bir alma galmaly, nädip?

Internet maglumatlary esasynda toplandy.
21
214
Islam_Atayew
07.08.2024 13:20
Ýene agyr degýär tapyp yitirmek
Bu zatlaryň düýşdügini nä biljek
Heý bolmasa oýanjakmy diýsene
Şol bar ýerde gaflatda-da säginjek.

Uzakyly gün güñe dönüp gezilýär
Aňlap ýene şol zatlaryň düýşdigin
Şonsuz täleýimden gidesim gelyär
Bilsem-de wah, çykmaz ýola düşdügim.

Mertligiň çäginden geçip bir pursat Möňňürip-möňňürip aglasym gelýär
Ýatlamalaň alawyna kalbymy
Ýakyp hem çoýunyp çaglasym gelýär.

Külüň sowrup ýatlajagmy bilsemde Gaharyma hyýalymdan çakýaryn
Ukysyz gözlerme erkim ýöredip
Ýene keşbiň görmek üçin ýatýaryn.

Çytyk gaşlam biraz gowşaşan bolsa
Soluk ýüzüm oňküden has nurlansa
Buýra saçlyň dergähinde şo mahal
Bulaşyk ykbalym biraz durlansa.

Bolmajak arzuwyñ wysal wagtynda
Reňksiz ömrüm gül keşbine boýalman
Men özüm bu düýşden oýanman asla
Haýyş edýän sizem meni oýarmañ.

Ahmet Orazow
15
81
Islam_Atayew
07.08.2024 00:03
1."Söýgüm üçin göreşmeli" diýdide, ähli suratlaryny likelap başlady.

2.Bu gün menin dostumyň doglan güni. Ol içenok, çekenok, pully kartam oýnanok we aýalynada ikilik edenok. Hudaý bilýär doglan güni nädip geçireris.

3.Eger-de sen ýykylsaň, men hemişe señ bilen.
•Aswalt

4.Işden öýe gaýdyp barýan, birnäçe çagalar dyzynda otyryp gülüşýärler we her tarapa ylgap gaçyp gitdiler. Men bular näme etdikä diýip gyzyklanyp bardym... Nireden bileýin men boka petarda salyp gaçanlaryny.

5.Özlerine bolan ynamy galdyrmak üçin awtobusda owadan däl oglanlara gözümi gyrpdym.
•Togtagül daýza, 62 ýaş.

6.Bir gün Babajan gije öyüne doňup gelipdir we aýalyna:

-Gülnar sen ýaman betgelşik.

-Senem kirli, ýene porsap gelipsiñä.

-Meñki näme-de bolsa ertire çenli.

7.Avonuň 10 ýaş ýaşartýan kremini ulanan 9 ýaşly gyzjagaz ýitip gitdi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Öteräk geçen bolsam bagyşlaweriñ.
20
205
Islam_Atayew
06.08.2024 22:10
Gysgaça dünýä täzelikleri.

1)"Ýelizaweta II portreti auksiona çykaryldy".

Meşhur estrada aýdymçysy Maýkl Jekson tarapyndan çekilen merhum britan Şa zenany Ýelizaweta II portreti auksiona çykaryldy. Portrete 10 müň dollar baha kesildi. Auksion 3-nji awgustda meýilleşdirilýär we girdejiniň bir bölegi haýyr-sahawata gönükdiriler.

2)"Dünýäniň iñ meşhur moda brendi".

«Lyst» seljeriş platformasy 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça iň meşhur moda brendleriniň sanawyny hödürledi. Birinji orny «Loewe» ispan markasy eýeledi. Ol bu babatda Italiýanyň «Miu Miu» brendinden öñe geçdi. Liderleriň üçlügine «Prada» hem girdi. Ilkinji bäşligi "Saint Laurent" we "Bottega Veneta" brendleri jemledi.

3)"Öküz uruşlary gadagan ediler".

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro 2027-nji ýyldan başlap, ýurtda öküz uruşdyrmagy gadagan edýän kanuna gol çekdi. Parlament tarapyndan makullanan kanunda öküz uruşlaryny doly ýatyrmaga çenli üç ýyllyk geçiş möhleti göz önünde tutu- lan. Bu wagtyň dowamynda öküz uruşlaryny geçirmäge rugsat berler.

4)"Dünýäniň iñ gözel zenany".

28 ýaşly Amerikan we Britan aktrisasy Anýa Teýlor Joý altyn kesgitleme düzgünleri boýunça dünýäde iñ owadan zenan diýlip yglan edildi. Britaniýaly plastiki hirurg Julian de Silwa şeýle netijä geldi. «Teýlor-Joý ýüzüniň ähli bölekleri fiziki kämillik nukdaýnazaryndan ölçenende, ýeňiji boldy» diýip, lukman belledi.

5)"Maradonanyň köýnekçesi auksionda".

Argentinaly Diego Maradonanyň 1986-njy ýylda geçirilen Dünýä kubogynyň ýarym final oýnunda geýen köýnekçesi "Sotheby's" auksionyna çykaryldy. Lotuň başlangyç bahasy 700 müň dollar. Auksion öýüniň hasaby boýunça, köýnekçäniň bahasy 800 müň 1,2 million dollar aralygynda bolar.

6)"70 ýaşynda diplom aldy".

Malayziýaly Toh Hong Keng 70 ýaşynda lukmançylyk diplomyny aldy. Ol Filippinleriň PHINMA uniwersitetini tamamlady. Onuñ haýsy hünär ugruny gutarandygy görkezilmeýär. Golaýda uçurym bolan Hong Keng Sebu şäherindäki uniwersitete 2019-njy ýylda, 66 ýaşyndaka kabul edilen eken.

7)"Topragyň gatlaklaryny berkider".

Permiň milli barlag politehniki uniwersitetiniň (Russiýa) barlagçylary soda önümçiliginiň galyndylaryny kalsiý karbonatynyň külkesini ulanyp, ulag ýollarynyň toprak gatlaklaryny berkitmegiň usulyny oýlap tapdylar. Bilermenler bu usulyň ýol gurluşygynyň çykdajylaryny azaltjakdygyny aýdýarlar.

8)"Marsohod açyş etdi".

2012-nji ýyldan bäri Gyzyl planetany öwrenýän "Curiosity" marsohody garaşylmadyk açyş etdi. «Sulfata baý sebiti gözläp ýörkä, «Curiosity» tötänden bir daşy döwdi we onun içinde sary arassa kükürt kristallarynyň üýşmegini ýüze çykardy» diýip, NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasy habar berýär.

9)"Kindiwanja dron döredildi".

Niderlandlardaky Delft tehniki uniwersitetiniň alymlary kindiwanja drony döretdiler. «Crazy Flie» dronynyň agramy 56 gram bolup, olarda garynjalaryň ugur kesgitleýiş ukybyna meňzeýän nawigasion ulgam bar. Şeýle dronlar ammarlara gözegçilik etmek, gaz syzyşlaryny tapmak ýaly işlerde ulanylyp bilner.

Zaman.Turkmenistan
15
114
Islam_Atayew
06.08.2024 01:30
"Leýkers" (Basketbol klubyñ ady) öz meşhur oýunçysyna, MBA-nуň bäş gezek çempiony Kobi Braýanta we onun gyzy Jiannanyň hatyrasyna ýadygärlik açdy. Klubuň metbugat gullugy heýkeliň stadionyň girelgeleriniň biriniň golaýynda gurnalandygyny habar berdi.

Ýadygärlik 2024-nji ýylyň 2-nji awgustynda açyldy, bu sene şuny alamatlandyrýar: "2" Jiannanyň ýetginjekler basketbolyndaky belgisi, "8" we "24" Kobiniň "Leýkersdäki" oýun belgileri.

Bu meşhur basketbolçynyň eýýäm ikinji heykeli. Birinjisi fewral aýynda klubuň stadionynyň golaýynda gurnaldy.

Munuň bilen birwagtda ESPN-de "Leýkersiň" egin-eşik çalşylýan otagyndan Kobi Braýantyň şkafynyň 2,9 mln dollara satylandygy habar berildi. Braýant ony 2003-nji ýyldan 2016-njy ýylda karýerasyny tamamlaýança ulandy. Neşiriň maglumatlaryna görä, bu häzire çenli auksionda satylan iñ gymmat sport şkafydyr. Braýant 2020-nji ýylda 41 ýaşynda Kaliforniýa ştatyndaky Kalabasasda hususy dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde aradan çykdy. Onuň bilen bilelikde 13 ýaşly gyzy Jianna, bortdaky ýene alty adam we dikuçaryň uçarmany ýogaldy.


Tmcars
13
159
Islam_Atayew
05.08.2024 20:54
Ýalan sözläp ýigrendirme özüňi
Soň günäsiz adam ýaly aglama. Ýalňyşdyňmy?! Düzetjek bol yzyňy
Ýöne, bir haýyşym adam aldama.

Agzyndan nanyny alsaňam açdan
Doňuzdan haramdyr, gatydyr daşdan
Başyň çyksa gowy her hili işden
Ýöne, bir haýyşym adam aldama.

Hiç zada garaşma, taşlap gidenden
Etme, ýalan sözläp bagtly edenden
Çykýan bolsa çyksyn janyň bedenden
Ýöne, bir haýyşym adam aldama.

Hakykaty öwret ogul-gyzyňa
Derdiň bolmaz, aňsat bolar özüňe
Bir söz bilen öldürde gaýt yzyňa
Ýöne, bir haýyşym adam aldama.


Kuwwat Ýazmuhammedow
21
42