Islam_Atayew
07.08.2024 13:20
Ýene agyr degýär tapyp yitirmek
Bu zatlaryň düýşdügini nä biljek
Heý bolmasa oýanjakmy diýsene
Şol bar ýerde gaflatda-da säginjek.

Uzakyly gün güñe dönüp gezilýär
Aňlap ýene şol zatlaryň düýşdigin
Şonsuz täleýimden gidesim gelyär
Bilsem-de wah, çykmaz ýola düşdügim.

Mertligiň çäginden geçip bir pursat Möňňürip-möňňürip aglasym gelýär
Ýatlamalaň alawyna kalbymy
Ýakyp hem çoýunyp çaglasym gelýär.

Külüň sowrup ýatlajagmy bilsemde Gaharyma hyýalymdan çakýaryn
Ukysyz gözlerme erkim ýöredip
Ýene keşbiň görmek üçin ýatýaryn.

Çytyk gaşlam biraz gowşaşan bolsa
Soluk ýüzüm oňküden has nurlansa
Buýra saçlyň dergähinde şo mahal
Bulaşyk ykbalym biraz durlansa.

Bolmajak arzuwyñ wysal wagtynda
Reňksiz ömrüm gül keşbine boýalman
Men özüm bu düýşden oýanman asla
Haýyş edýän sizem meni oýarmañ.

Ahmet Orazow
15
81
Islam_Atayew
7 Awgust 2024
@smiling_, bardyr yzarlaber🧞‍♂️
Islam_Atayew
7 Awgust 2024
@smiling_, trend prend bn isim yok, nastmi goterya so birhili
Islam_Atayew
7 Awgust 2024
@smiling_, ulanda snm dine men ulansam bolmaz
Islam_Atayew
7 Awgust 2024
@ayymsha, Alladiniñ jyny🤠
ayymsha
7 Awgust 2024
@Islam_Atayew, 🧞‍♂️suna nahili manyda dusunmeli taze ulanyp baslapsyn welin
Islam_Atayew
7 Awgust 2024
@smiling_, su postmy
Islam_Atayew
7 Awgust 2024
@ayymsha, 🧞‍♂️
ayymsha
7 Awgust 2024
Islam_Atayew
7 Awgust 2024
@ayymsha, bolya gowy bolsan
ayymsha
7 Awgust 2024
@Islam_Atayew, Hawa menem gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.