Islam_Atayew
09.08.2024 00:23
Dokuz aý yatmyşam enem garnynda
Göz açyp, dunýäge düşen günlerim
Dört aýakda gezdim enem elinde
Sekiz aýda hem gülüşen günlerim.

Birimde bilmedim ýagşy-ýamany
Ikimde tanydym ata-enäni
Üç ýaşymda Tañry berdi zybany
Dört ýaşymda daş atyşan günlerim.

Bäşimi ötürdim bahar-ýaz bilen
Alty ýaşda kowalaşdym baz bilen
Ýedi ýaşda işim bolmaz gyz bilen
Sekizimde dişim düşen günlerim.

Dokuzymda berdim Tañry salamy
Onumda boýnumda hakyñ kelamy
On birimde tutdum döwlet galamy
Okyp-okyp magny saçan günlerim.

On ikimden gitdim on üç ýaşyma
On dödümde heser urdy başyma
On bäşimde gyzlar girdi düýşime
On altymda gaýnap joşan günlerim.

Ýigrimbirde mestan-mestan gezerdim
Ýigrim bäşde ganym okun düzerdim, Otuzymda atlar münup ozardym
Otuz bäşde ters söweşen günlerim.

Kyrkymda goýulyp, kasam dolmuşam
Ellimde elime tesbyh almyşam
Altmyşymda pire murit bolmuşam
Pygamber ýaşyny ýaşan günlerim.

Ýetmişimde agyry indi dyzyma
Segsenimde gubar indi gözime
Togsanymda huş galmady özümde Akyl-huşdan jyda düşen günlerim.

Ýüz ýaşa ýetirmän, alarlar janyñ
Uzadyp goýýarlar, biçerler donuñ Magtymguly, hernä bolsun imanyñ
Jan jesetden aýra düşen günlerim.

Awtory: Magtymguly Pyragy
20
84
Islam_Atayew
9 Awgust 2024
@smiling_, şükir gowy men
Islam_Atayew
9 Awgust 2024
@smiling_, hou korpe gowmy
Islam_Atayew
9 Awgust 2024
@zina, aytda duymadym mn
zina
9 Awgust 2024
@Islam_Atayew, yokhowwww name post
Islam_Atayew
9 Awgust 2024
@zina, posty goyanym ucinmi
zina
9 Awgust 2024
@Islam_Atayew, ozun duymadynmy name ucindigini
Islam_Atayew
9 Awgust 2024
@zina, name ucin
zina
9 Awgust 2024
@Islam_Atayew, malades sen
ilhano_va
9 Awgust 2024
👏🤍
Islam_Atayew
9 Awgust 2024
doslar, posty goyamda sözleñ ýeri bulaşya, oziniz dusinip okarsynyzda🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.