Islam_Atayew
08.08.2024 12:14
Büzmeýinde Hojamyrat aga diýip biri ýaşapdyr. Onun başdan geçirenleriniň käbirlerini size hödürleýäris.

OBAMYZDA DEREK ÝOK!

1 gezek Hojamyrat aga kişmiş satmak üçin bazara barýar. Onsaň alyjy gelip "Kişmişiň bahasy näçeden?" diýmegiň ýerine:"Kişmişiñ nämeden?" diýýär.

-Kişmişim üzümden.

-Men ony soramok, kilosy nämeden diýýän?

-Kilosy demirden, inim.

-Alaýt ýaşuly, sen-ä tüýs bir dereksiz adam ekeniń!

-Inim, derek diñe bizde däl, obamyzda-da
ýok. Pylan agalarda biri bardy welin, onam düýn-öňňun ýykyp aýyrdylar - diýende alyjy görgüli hüññürdäp, Hojamyrat aganyň ýanyndan ýeňsesini el ýaly edipdir.

EKLEMELI ORSUMYZ KÖP!

1 gezek Hojamyrat agany göreldeli kolhozçy
hökmünde Moskwa iberipdirler. Hojamyrat agany Moskwanyň beýik-beýik jaýlary, maşynlaryň sil suwy ýaly akyp durşy haýrana goýupdyr. Emma, ony has haýran galdyran zat adamlaryň köplügi bolupdyr. Oba gaýdyp gelensoň obadaşlary:

"-Hojamyrat aga, iýen-içenin özüňki, gören- eşdenlerinden habar ber" - diýipdirler.

Hojamyrat aga:

"- Aý, adamlar, gürledip nätjekdiňiz, arkaýyn işläberiň. Öň bir guşak dakynyp işleýän bolsańyz, indi iki guşak dakynyp işläň. Biziň eklemeli orsymyz gaty köp eken" diýipdir.

ENEÑ BARMY?

1 gezek Hojamyrat aga Köwata gidýär. Şol ýerde-de çaý gaýnadylmak üçin çöpleme çöpläp ýörkä, keýpi damagyny çalyp barýan ýigitleriň birisi:

"- Şunuň ýaly ataň bolaŷsa, çöpleme çöpleder ýaly" díýýär. Muny eşidip duran Hojamyrat aga:

" - Ogul, onyň-a gürrüñini etme, eneň bar bolsa ata bolup beräýerin" diýipdir.

WAGON SANAMAŞAK.

1 gezek demirýolyň gyrasynda mal bakyp ýören Hojamyrat geçip barýan otlynyň wagonlaryny sanamaga başlaýar: -1, 2, 3, 4, 5, 6.....

Hojamyrat aga mallaryny ýatdan çykarýar.

Haçanda otly geçensoň, görse, geçileriniň biri otlynyň aşagyna düşen eken. Muny gören Hojamyrat aga: " - Wahh, wagon sanamak nämäñe gerek diýse-ne. Ýeri şolaryň biri kem bolsa dakyp biljekmi? Ýa-da biri artyk bolsa alyp galyp biljekmi?... Ondan-a geziberd-ä mallaryňy bakyp" diýip, öz-özüne igenmäge durupdyr.
26
214
flowers_
14 Awgust 2024
Eneñ bar bolsa...😂😂🤦‍♀️
ATOMIC
8 Awgust 2024
⚜️👍👍🏻🌟👍👍🏻⚜️
ayymsha
8 Awgust 2024
😁👍
ideallider
8 Awgust 2024
Näme sindromdy, diňe dürs-gönümel dogry adamkar bar. Çala gyýşyk tersiräk bolsa hopugup başlaýarlar. Şol sindromy bar bolaýmasa😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.