Gysgajyk hekaýa.
Bir aýal öýine gidip barýarka, bir çaganyň elinde taýak bilen topraga birzatlar çyzýandygyny görýär. Bu ýagdaý aýalyñ ünsini çekýär we ýylgyryp, çaga şeýle diýýär:
- "Näme etýäň?"
Çaga:
- "Jenneti paýlaýaryn, satýaryn!" diýýär. Bu çaganyň jogabyny has gowy gören aýal ýylgyryp:
- "Mañada jennetden ýer ber, näçe manat bolýa?" diýýär.
Çaga bolsa:
- "20manat bolýar!" diýýär.
Aýal 20manat berýär. Öýüne dolanyp gelýär we agşam düýşünde özüniñ jennetdedigni görýär. Soñ bu düýşini adamsyna aýdyp berýär. Bulary eşiden adamsy derrew çaganyň ýanyna baryp. Çaga ýene şol soragy berýär: - "Näme etýäň?"
Çaga bolsa:
- "Jenneti paýlaýan, satýan!" diýýär.
Ol adam:
- "Mañada ber näçe manat?" diýýär.
Çaga:
- "Seniñ jenneti almaga puluñ ýetmez!" diýýär.
Adam:
- "Näme üçin aýalyma 20manada beripsiñä!" diýýär.
Çaga:
- "Jennet o dereje arzan däl ahyryn, ol aýal meñ köňlümi almak üçin berdi, sen jenneti almak üçin berýäň, jennet ne arzandyr, nede gymmatdyr. Ol diñe köňüllerden geçýändir" diýýär.