Islam_Atayew
30.09.2024 00:28
Sag-aman daň atýar-ýagtylýar jahan
Guşlaryň dilinde ýüz dürli keläm
Zemine ýaýylýar-Kelamlar başy-
Es-Salam giň dũnýā, es-Salam ynsan-
Niýetiň abat bolsun-päliň abadan!!

M.Annanurowa.
10
78
Islam_Atayew
28.09.2024 02:02
Ýakynlaryňyzyň ýanyndan aýrylmarsyňyz we olar üçin owadan sözleri taparsyñyz. Ýöne size bir zady aýdaýyn, adama bolan söýgiñizem aslynda özüňize duýýan söýginiň erbet görnüşi.
Özüňizden gaçyp ýanyňyzdaka sygynjak we muny hoşgylawlylyk hökmünde görkezjek bolýansyňyz, ýöne men siziň "erjelligiñiziň" iç ýüzüni görýärin.
Sen Mendenem köne. Sen mukaddesleşipsiň, ýöne Men heniz däl. Munuň üçin adam ýanyndaka ýakynlaşýar.
Size iñ ýakynyňyzdakylary söymegi ündeýärinmi?
Gaýtam tersine, olardan gaçmagyňyzy we iñ daşdakylary soýmegiňizi ündeýärin.
Gardaşym, öňüñde ýöreýän şu kölege senden has owadan ýaly-la? Näme üçin oña etiňi-süňküňi bereňok? Gaýtam gorkýarsyň we iñ ýakynyňdakylaryň ýanyna gaçýarsyń
Siz özüňize-de takat bildirip bileňzok we özüñizi ýeterlik söýeňzok. Indem iñ ýakynyňyzdakyny söýgi bilen çoçgara çolaşdyrmagyň we sizi ýalňyşy bilen ýaldyratmagynyň ugrunda gezýärsiñiz.
Özüñiz hakda gowy zatlary aýtjak bolanyňyzda, bir şaýat çagyrýansyňyz we ony siz hakda gowy pikir etmäge boýun edeniñizde sizem özüňiz hakda gowy pikir edýänsiniz.
Diňe öz bilýän zadynyň tersini aýdýan däl,bilimsizliginiň tersini aýdýanam ýalançydyr özem iň soňky derejede. Özüñiz hakda şeýle gürrüň edip, özüñiz bilen bile gońşyñyzy-da aldarsyňyz.

Mahaw şeýle diýer: "Adamlar bilen gatnaşmak hasiýeti bozýar, hususanam häsiýetsiz bolsaňyz".
Käbiri ýanyñdaka özüni gözleýändigi üçin, käbiri-de özüni ýitiresi gelýändigi üçin gidýär. Özüñize duýýan erbet söýgiňiz ýalňyzlygyňyzy zyndana öwrer.
Ýanyňyzdaka duýýan söýgiňiziñ agramyny alysdakylar çekýär. Bäşimiz bir ýere üýşseñizem elmydama altynjy adam ölýär. Siziň şüweleňleriñizi-de halamaýaryn. Bolgusyz oýun görkezýänler köp bolýar. Tomaşaçylaryňam köpüsiniň oýunçy ýaly hereket edýändigini gördüm.
Size ýakynyňyzdakyny däl-de, dosty öwredýärin. Dost size dünýänin şüweleñi we Kämil adamyň buşlukçysy bolsun.
Size dosty we daşgyn ýüregi öwredýärin. Ýöne daşgyn ýürekleriň söýmek isleýänleri ilki çotga bolmagy öwrenmeli.
Size içinde dünýäniň taýýar bolan dostuny, ýagşylyk käsesini, hemişe sowgat edip boljak dünýäsi bolan dörediji dosty öwredýärin.
Dünýä onuň elinde nädip halklara bölünen bolsa, ýagşynyň ýamandan emele gelýän, maksatlaryň tötänden emele gelşi ýaly ýene halkalar görnüşinde bir ýere üýşýär.
Öz sebäbiń hökmünde Kämil adamy söýer
ýaly, ertirki iñ uzak gün şu günüň sebäbi bolsun dostunda.
Doganlar, siz ýakynyňyzdakylary söýmegiňizi ündemeýärin, ündeýärin alysdakylaryňyzy söýmegi.
Zaratuştra şeýle diýdi.

Terjime eden Has TÜRKMEN.
7
116
Islam_Atayew
18.09.2024 22:45
Biz adamlaryň ýyllyk girdejisini artdyrmaga ýardam berýän “Million dollara çenli girdeji” atly sapaklara ýaňy başlanymyzda bu waka hakda ilkinjigezek eşidipdik. Şonda professor bize şeýle gürrüň beripdi:
– Hemmelere mälim bolşy ýaly, adam ozal ýörelipgataldylan ýoldan ýöremegi gowy görýär – ol dartgynly, erjel işleýär, ýöne üşüklilik we ýitilik bilen däl. Ýöne durmuşda üstünlik gazanyp, baý adam bolmak üçin, özüňe zor salyp işlemek ýeterlik däl. Iş prosesindäki endik edilen, öwrenişilen
ýörelgeleri bozmaly, saklanyp galan endikleri
özgerdip, täze, dogry ýoluň gözlegine çykmaly. Men daş­ töweregi sosnalar bilen gurşalan, Torontadan bir sagat uzaklykdaky ajaýyp ýerde ýerleşen “Milkfort” oteliniň oňat otaglarynyň birinde otyryn. Yssy iýul aýy başlapdy. Men oturan kürsimden birnäçe ädim uzaklykda durmuş bilen paýhassyz göreşiň sesine gulak asýardym. Kiçijik
ary penjire aýnasyna özüni urup wyzzyldaýardy, gatlagy böwsüp geçmek üçin paýhassyz synanyşyk edýärdi, ýöne uly güýçler ony saklaýardy.Wyzzyldaýan ganatjyklary onuň eýesiniň maksadyna
bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýärdi:
özüňe zor salyp, dartgynly işlemeli, şonda aýnany böwsüp geçip, erkinlige çykyp boljak. Ýöne tagallalar boş ýere sarp edilýärdi we halas bolmak  üçin hiç hili umyt ýokdy. Penjire aýnasy bilen göreş – gapan ýaly bolup, has­da berk gysýardy. Ary penjire aýnasyny böwsüp geçmek üçin özüne agram salyp näçe urunsa­da, üstünlik gazanmaga
mümkinçiligi ýokdy. Ýöne ol aýnany
böwsüp geçmek üçin öz öňünde maksat goýupdy we munuň üçin erjellik bilen jan edýärdi. Ary bu penjire aýnasynyň ýüzünde ölüp galjaga meňzeýärdi. Otagyň beýleki künjündäki gapy açyk durdy.
On sekunt uçuş bilen maksadyňa ýetip, erkinlige çykyp boljakdy. Ganatlaryňy birnäçe gezek kakýarsyň – gapan açylýar we erkinlige çykýarsyň. Göräýmäge juda ýeňil we ýönekeý… Näme üçin ary halas bolmak üçin başga ýol gözlejek bolmaýar we penjire aýnasyna özüni urmagyny dowam etdirýär? Eýsem, bu ýoluň gelejegi ýok ahyryn. Çünki aryda paýhas ýok we ol öz başaryp biljek
işlerini sanap bilmeýär. Arynyň saýlap alan ýoly petige direýär, ýöne ol muňa düşünmeýär. Durmuşda özüňe çynlakaý zor salman emele gelen ýagdaýdan akylly­başly baş alyp çykmaly. Çünki başa barmaýan zatlar üçin özümize agram salsak, ol bizi betbagt edýär. Käwagt şeýle pikirler adama zyýan berip, üstünlik gazanmak ugrundaky
tagallalaryny puja çykarýar.

Hekaýalar ýygyndysy.
12
88
Islam_Atayew
16.09.2024 14:12
Mundan 50-60 ýyl öñem iñ gymmat baha goşumyz radiody. Jygyrdyly sesleriñ arasyndan täzelikleri diñlesek bolanydy. Şol mahallar çagalar hem uzak günki oýnuň ýadowlygyny atalarynyň ýa-da eneleriniň ýanynda oturyp, erteki diñläp sowardy. Ertekidäki gahrymanlaryň ýerine özüni goýardy, hyýal dünýäsinde patyşalaryň ýaşaýan ülkesine giderdi, Kap dagyndan geçip, äpet döwler bilen söweş ederdi. Hemme zat hyýal dünýäsinde bolup geçerdi. Şol mahalky çagalar üçin iñ uly abraý ertekidäki meñzedilmekdi.

Ýyllar geçdi. Jygyrdyly radiolar - muzeýlerdäki tekjelere goýuldy, ýerine telewizor geldi. Diñe özüni oñarýanlaryň alyp bilýän bu enjamy ertekileriñ gahrymanlaryny gaýra tesdirdi. Ol diñe sesi däl, eýsem şekili-de getirýändigi üçin has-da özüne çekijidi. Ýyllar ony-da çalt köneltdi. Indi telewizor elýetmez haryt däl. Her öýde 2-3 telewizor bar. Beýle giň ýaýran enjam, elbetde, hemmelerim islegini-de kanagatlandyrmalydy. Bu zerurlygy üpjün etmegiň aladasyny edýän adamlar ululara-da, çagalara-da niýetlenen multfilmleri, seriallary döretmäge başladylar. Indi çagalar atalarynyň ýanynda oturyp erteki diñlemeýärler, telewizorlaryň öñünde çök düşüp multfilme tomaşa edýärler. Bu ýerde wakalary hyýalynda janlandyrmak gerek däl. Hemme zat mese-mälim görnüp dur. Bu gowy-la, ýöne ol multfilmleriň üsti bilen
çagalara näme öwredilýär? Ine, meseläniñ
möhüm ýeri. Gynansak-da käbir daşary ýurt
multfilmlerinde garakçylar, talañçylar, zalymlar we zalymlyklar dabaralandyrylýar, hatda baş gahryman hökmünde öwülýär, hormat goýulýar. Bu ýalňyş propaganda çaganyň ak kagyz ýaly beýnisine şeýle güýçli täsir edýär, hatda onuñ hereketlerini, özüni alyp barşyny we dünýägaraýşyny hem üýtgediberýär. Uruşly wakalara köp tomaşa eden çaga dawa-jenjele adaty zat hökmünde garamaga başlaýar. Uzak günlāp telewizora tomaşa eden çagalar hossarlarynyň mähir- muhabbetinden mahrum bolup, jemgyýetçilik durmuşyndan hem daşlaşýar.

Ýogsa-da nädip bu ýagdaýyň öñüni alyp bolarka?

Ilki bilen milli gahrymanlary wasp edýän, milli medeniýeti öwredýän multfilmleri köpräk döretmeli. Ikinjiden-de çagalary ýaramaz endikleri ündeýän multfilmlerdir seriallardan goramaly.

Zaman RAHMATULLAYEW.
22
140
Islam_Atayew
16.09.2024 00:07
Ogul:
Salam mährem gülçi daýza, çemen bogaý bägülden.
Ol şeýle bir gözel bolsun, Haýran galsyn Bägül hem.

Ogul:
Salam mährem gülçi daýza, çemen bogaý nyrhsyzrak.
Bar:bir maňlaýymdan öper, Ejem muňa parhsyzrak.

Aýaly:
Salamalik gülçi daýza, bogaý arzan çemeniñ.
Erkekdirdä... Şu gülem bor, awlaryn oň ýüregin.

Ejesi:
Salamalik gülçi dogan, bog çemeniñ gymmatyn.
Çünki otuz ýaşar bu gün, ýeke didäm Hommadym.


Bu zatlary gören gülçiň, pikirleri boldy döwüm,
Ejemizde ýokmyka, ýarymyzda bar göwün.


Kerim Hally
15
142
Islam_Atayew
15.09.2024 23:38
Sen meni batyr hasaplaýarsyňmy?- diýip, bir gezek dostum sorady.
– Eýsem näme!
– Mümkin, şeýle hem bolup biler, ýöne bir gezek meniň gözümiň alnynda nusga alarlyk, ruhlandyryjy waka bolup geçdi. Men saňa şol waka barada gürrüň bereýin.Birnäçe ýyl mundan ozal, Stenford keselhanasynda meýletinçi bolup işleýärkäm,Laýza atly kiçijik gyz bilen tanyş boldum.Ol seýrek duş gelýän agyr keselleriňbirinden ejir çekýärdi. Onuň sagalmak üçin ýeke­täk umydy özüne gan goýberilmeginden ybarat bolup, onuň donory bolsa, bäş ýaşly dogany bolmalydy. Lukman
oglanjyga emele gelen ýagdaýy düşündirýär
we ondan öz uýasyna ganyny bermäge
taýýardygyny ýa­da däldigini soraýar. Men
onuň jogap bermezden ozal, diňe bir pursat
ýaýdanandygyny görüp galdym.
– Hawa, elbetde, eger­de, bu Laýzany halas etse.
Gan goýberilip durka, ol uýasynyň ýanynda, diwanda ýatyrdy, biziň ählimizýaly gyzjagazyň ýaňagynyň täzeden gyzarjakdygyny synlap ýylgyrýardy. Soň onuň ýüzüniň reňki öçdi we
ýylgyrmasyny goýdy. Ol lukmana gabagyny
galdyryp, sandyrawuk sesi bilen sorady:
—Eýsem, men edil häzir jan bererinmi?
Kiçijik oglanjyk lukmanyň sözlerine nädogry düşünip, uýasyna özüniň bar ganyny bermelidir öýdüpdir. Şonuň üçin, eger­de men batyrgaýlyk edýän bolsam, bu diňe meniň gözümiň öňünde şeýle nusga alarlyk, ruhlandyryjy wakanyň bolup geçenligi üçindir – diýip, ol sözüni jemledi.


Hekaýalar ýygyndysy.
16
102
Islam_Atayew
15.09.2024 20:23
Bu waka  gyş aýlarynyñ birinde bolup geçdi. Edarada garawul bolup işleýänime 2 ýyl çemesi boluberipdi. Ýöne şol iki ýylyñ içinde men hiç wagt gabat gelmedik hadysanyñ gözli şaýady boldum.

Adaty günleriñ biri, aýazly gyş öz hökimini sürýärdi. Edaranyñ işgärleri  öýli öýine gaýdyp, menden başga hiçkim galmady. Men her günki endigime görä ähli gapylaryñ we derwezeleriñ gulpylydgny barladym. Mekdebiñ arka tarapdaky çyrasyny ýakmak üçin ikinji gata çykamda, düwmäniñ ýerinden sypandygna gözim düşdi. "Içigaragalmyş, çagalar şuny hem döwipdirler, ýeri duruberende näme bolýa" diýip hüññürdäp bejerip başladym. Ýyldyza ýörän ýaly şol kiçijek merdiwanly geçelgäniñ çyrasy hem köýipdir. Al saña gerek bolsa! Ýokarymda bolsa üçege çykylýan çykalga bardy. El fonarymy bir gapdalda goýup bejermäge başladym, şol pursat bir ýerlerden takmynan 5-6 adamyñ garyşyk sesi gulagyma eşdilip başlady. Näme diýýänleri belli däldi, ýöne adamlaryñ sesidigi anykdy. Men birbada işimi goýup diñ saldym, ses ýitdi, üns bermän "ýadowlyk" diýen karara geldim. Iki minut wagt ýa geçendir geçen däldir aýal maşgalanyñ çirkin sesi ähli ýere ýañlanyp gitdi. Meniñ üstimden gaýnag suw guýlan ýaly boldy, ähli zadymy taşlap daşaryk ylgadym, aýaklarmyñ, ellerimiñ titreýändigni duýýardym. Awtoulagmy köçe tarapda goýup uzakly gijäni şol ýerde geçirdim. Anyk gorkupdym.

Ertesi gün bolan ýagdaýy mekdep müdire gürrüñ berdim, ol bu ýeriniñ öñ dikeldiş merkezi (dälihana) bolandygny aýtdy.
19
113
Islam_Atayew
15.09.2024 16:17
Gel, bar zady edeli biz ýerbe-er,
Bar zady edeli çöp döwlen ýaly.
Bu nä duýgy boldy
Jana derdeser?!
Mundan beter nämemiş muň hyýaly?!

Ýa bile gideli bir ýola düşüp,
Ýa rugsat ber -
Öz ýoluma gideýin.
Men ýaşap bilemok çöküme düşüp,
Dyzym epilenok -
Nalaç edeýin!

Ýitgiler kän.
Ýene birne dözüler.
Oda ýanyp boldummy men gap-gara?!
Gowsy "Ýok" diý -
Göni bakyp gözüme,
"Hawa"diýme
Ýüzüň sowup gapdala.


Şiraly NURMYRADOW.
14
29
Islam_Atayew
14.09.2024 23:20
1. EÝSZ SZ GBTDR.

2. ŞDN DÑ BLMZ GRN GZ BLN.

3. D ZÑ BS TMS KSK.

5.GLN HWLGR TDN WGTDN BŞR.
12
125
Islam_Atayew
14.09.2024 18:20
Özgäň gapysyndan derman gözleme,
Alla sygyn, ähli derdiň ýat bolar.
Janyň çyksa çyksyn, ýalan sözleme,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.

Biz Alla gideris, Alladan gelip,
Bolmaz hemme zady öñünden bilip,
Dertleriň dem bermän, gyssa-da bogup,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.

Ýazgytdan sypma ýok, nirä gyssanýaň?!
Nesibäň rysgyňy berer gysganman,
Şükür et, sen bolma dili gysgalýan,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.

Ýykyl, agla, ezil ýene tur göreş,
Kän duşman gazanma, dost bilen ýaraş,
Ýöne bir haýyşym azajyk garaş.
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.


Kuwwat Ýazmuhammedow
15
47