Islam_Atayew
16.09.2024 14:12
Mundan 50-60 ýyl öñem iñ gymmat baha goşumyz radiody. Jygyrdyly sesleriñ arasyndan täzelikleri diñlesek bolanydy. Şol mahallar çagalar hem uzak günki oýnuň ýadowlygyny atalarynyň ýa-da eneleriniň ýanynda oturyp, erteki diñläp sowardy. Ertekidäki gahrymanlaryň ýerine özüni goýardy, hyýal dünýäsinde patyşalaryň ýaşaýan ülkesine giderdi, Kap dagyndan geçip, äpet döwler bilen söweş ederdi. Hemme zat hyýal dünýäsinde bolup geçerdi. Şol mahalky çagalar üçin iñ uly abraý ertekidäki meñzedilmekdi.

Ýyllar geçdi. Jygyrdyly radiolar - muzeýlerdäki tekjelere goýuldy, ýerine telewizor geldi. Diñe özüni oñarýanlaryň alyp bilýän bu enjamy ertekileriñ gahrymanlaryny gaýra tesdirdi. Ol diñe sesi däl, eýsem şekili-de getirýändigi üçin has-da özüne çekijidi. Ýyllar ony-da çalt köneltdi. Indi telewizor elýetmez haryt däl. Her öýde 2-3 telewizor bar. Beýle giň ýaýran enjam, elbetde, hemmelerim islegini-de kanagatlandyrmalydy. Bu zerurlygy üpjün etmegiň aladasyny edýän adamlar ululara-da, çagalara-da niýetlenen multfilmleri, seriallary döretmäge başladylar. Indi çagalar atalarynyň ýanynda oturyp erteki diñlemeýärler, telewizorlaryň öñünde çök düşüp multfilme tomaşa edýärler. Bu ýerde wakalary hyýalynda janlandyrmak gerek däl. Hemme zat mese-mälim görnüp dur. Bu gowy-la, ýöne ol multfilmleriň üsti bilen
çagalara näme öwredilýär? Ine, meseläniñ
möhüm ýeri. Gynansak-da käbir daşary ýurt
multfilmlerinde garakçylar, talañçylar, zalymlar we zalymlyklar dabaralandyrylýar, hatda baş gahryman hökmünde öwülýär, hormat goýulýar. Bu ýalňyş propaganda çaganyň ak kagyz ýaly beýnisine şeýle güýçli täsir edýär, hatda onuñ hereketlerini, özüni alyp barşyny we dünýägaraýşyny hem üýtgediberýär. Uruşly wakalara köp tomaşa eden çaga dawa-jenjele adaty zat hökmünde garamaga başlaýar. Uzak günlāp telewizora tomaşa eden çagalar hossarlarynyň mähir- muhabbetinden mahrum bolup, jemgyýetçilik durmuşyndan hem daşlaşýar.

Ýogsa-da nädip bu ýagdaýyň öñüni alyp bolarka?

Ilki bilen milli gahrymanlary wasp edýän, milli medeniýeti öwredýän multfilmleri köpräk döretmeli. Ikinjiden-de çagalary ýaramaz endikleri ündeýän multfilmlerdir seriallardan goramaly.

Zaman RAHMATULLAYEW.
22
127
beghanym
Tuesday 10:17 wagtda
@matsuriken, özümem haýran bir teswir ýazyp çykyp gitdim köpelipdir
matsuriken
Tuesday 10:11 wagtda
@beghanym, bir ýazan teswiriňiz köpelip flood bolupdyr
beghanym
Tuesday 10:09 wagtda
@matsuriken, düşinmedim
matsuriken
Tuesday 09:23 wagtda
@beghanym, flood etmäň 😌🙌
beghanym
Tuesday 09:18 wagtda
Diňe telewizor däl smartfon oýunlary has zaýalaýa çagalaryň düşinjesini
gula
Monday 14:26 wagtda
Gowy post...)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.