Sen meni batyr hasaplaýarsyňmy?- diýip, bir gezek dostum sorady.
– Eýsem näme!
– Mümkin, şeýle hem bolup biler, ýöne bir gezek meniň gözümiň alnynda nusga alarlyk, ruhlandyryjy waka bolup geçdi. Men saňa şol waka barada gürrüň bereýin.Birnäçe ýyl mundan ozal, Stenford keselhanasynda meýletinçi bolup işleýärkäm,Laýza atly kiçijik gyz bilen tanyş boldum.Ol seýrek duş gelýän agyr keselleriňbirinden ejir çekýärdi. Onuň sagalmak üçin ýeketäk umydy özüne gan goýberilmeginden ybarat bolup, onuň donory bolsa, bäş ýaşly dogany bolmalydy. Lukman
oglanjyga emele gelen ýagdaýy düşündirýär
we ondan öz uýasyna ganyny bermäge
taýýardygyny ýada däldigini soraýar. Men
onuň jogap bermezden ozal, diňe bir pursat
ýaýdanandygyny görüp galdym.
– Hawa, elbetde, egerde, bu Laýzany halas etse.
Gan goýberilip durka, ol uýasynyň ýanynda, diwanda ýatyrdy, biziň ählimizýaly gyzjagazyň ýaňagynyň täzeden gyzarjakdygyny synlap ýylgyrýardy. Soň onuň ýüzüniň reňki öçdi we
ýylgyrmasyny goýdy. Ol lukmana gabagyny
galdyryp, sandyrawuk sesi bilen sorady:
—Eýsem, men edil häzir jan bererinmi?
Kiçijik oglanjyk lukmanyň sözlerine nädogry düşünip, uýasyna özüniň bar ganyny bermelidir öýdüpdir. Şonuň üçin, egerde men batyrgaýlyk edýän bolsam, bu diňe meniň gözümiň öňünde şeýle nusga alarlyk, ruhlandyryjy wakanyň bolup geçenligi üçindir – diýip, ol sözüni jemledi.
Hekaýalar ýygyndysy.