Islam_Atayew
18.09.2024 22:45
Biz adamlaryň ýyllyk girdejisini artdyrmaga ýardam berýän “Million dollara çenli girdeji” atly sapaklara ýaňy başlanymyzda bu waka hakda ilkinjigezek eşidipdik. Şonda professor bize şeýle gürrüň beripdi:
– Hemmelere mälim bolşy ýaly, adam ozal ýörelipgataldylan ýoldan ýöremegi gowy görýär – ol dartgynly, erjel işleýär, ýöne üşüklilik we ýitilik bilen däl. Ýöne durmuşda üstünlik gazanyp, baý adam bolmak üçin, özüňe zor salyp işlemek ýeterlik däl. Iş prosesindäki endik edilen, öwrenişilen
ýörelgeleri bozmaly, saklanyp galan endikleri
özgerdip, täze, dogry ýoluň gözlegine çykmaly. Men daş­ töweregi sosnalar bilen gurşalan, Torontadan bir sagat uzaklykdaky ajaýyp ýerde ýerleşen “Milkfort” oteliniň oňat otaglarynyň birinde otyryn. Yssy iýul aýy başlapdy. Men oturan kürsimden birnäçe ädim uzaklykda durmuş bilen paýhassyz göreşiň sesine gulak asýardym. Kiçijik
ary penjire aýnasyna özüni urup wyzzyldaýardy, gatlagy böwsüp geçmek üçin paýhassyz synanyşyk edýärdi, ýöne uly güýçler ony saklaýardy.Wyzzyldaýan ganatjyklary onuň eýesiniň maksadyna
bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýärdi:
özüňe zor salyp, dartgynly işlemeli, şonda aýnany böwsüp geçip, erkinlige çykyp boljak. Ýöne tagallalar boş ýere sarp edilýärdi we halas bolmak  üçin hiç hili umyt ýokdy. Penjire aýnasy bilen göreş – gapan ýaly bolup, has­da berk gysýardy. Ary penjire aýnasyny böwsüp geçmek üçin özüne agram salyp näçe urunsa­da, üstünlik gazanmaga
mümkinçiligi ýokdy. Ýöne ol aýnany
böwsüp geçmek üçin öz öňünde maksat goýupdy we munuň üçin erjellik bilen jan edýärdi. Ary bu penjire aýnasynyň ýüzünde ölüp galjaga meňzeýärdi. Otagyň beýleki künjündäki gapy açyk durdy.
On sekunt uçuş bilen maksadyňa ýetip, erkinlige çykyp boljakdy. Ganatlaryňy birnäçe gezek kakýarsyň – gapan açylýar we erkinlige çykýarsyň. Göräýmäge juda ýeňil we ýönekeý… Näme üçin ary halas bolmak üçin başga ýol gözlejek bolmaýar we penjire aýnasyna özüni urmagyny dowam etdirýär? Eýsem, bu ýoluň gelejegi ýok ahyryn. Çünki aryda paýhas ýok we ol öz başaryp biljek
işlerini sanap bilmeýär. Arynyň saýlap alan ýoly petige direýär, ýöne ol muňa düşünmeýär. Durmuşda özüňe çynlakaý zor salman emele gelen ýagdaýdan akylly­başly baş alyp çykmaly. Çünki başa barmaýan zatlar üçin özümize agram salsak, ol bizi betbagt edýär. Käwagt şeýle pikirler adama zyýan berip, üstünlik gazanmak ugrundaky
tagallalaryny puja çykarýar.

Hekaýalar ýygyndysy.
12
88
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.