Bu waka gyş aýlarynyñ birinde bolup geçdi. Edarada garawul bolup işleýänime 2 ýyl çemesi boluberipdi. Ýöne şol iki ýylyñ içinde men hiç wagt gabat gelmedik hadysanyñ gözli şaýady boldum.
Adaty günleriñ biri, aýazly gyş öz hökimini sürýärdi. Edaranyñ işgärleri öýli öýine gaýdyp, menden başga hiçkim galmady. Men her günki endigime görä ähli gapylaryñ we derwezeleriñ gulpylydgny barladym. Mekdebiñ arka tarapdaky çyrasyny ýakmak üçin ikinji gata çykamda, düwmäniñ ýerinden sypandygna gözim düşdi. "Içigaragalmyş, çagalar şuny hem döwipdirler, ýeri duruberende näme bolýa" diýip hüññürdäp bejerip başladym. Ýyldyza ýörän ýaly şol kiçijek merdiwanly geçelgäniñ çyrasy hem köýipdir. Al saña gerek bolsa! Ýokarymda bolsa üçege çykylýan çykalga bardy. El fonarymy bir gapdalda goýup bejermäge başladym, şol pursat bir ýerlerden takmynan 5-6 adamyñ garyşyk sesi gulagyma eşdilip başlady. Näme diýýänleri belli däldi, ýöne adamlaryñ sesidigi anykdy. Men birbada işimi goýup diñ saldym, ses ýitdi, üns bermän "ýadowlyk" diýen karara geldim. Iki minut wagt ýa geçendir geçen däldir aýal maşgalanyñ çirkin sesi ähli ýere ýañlanyp gitdi. Meniñ üstimden gaýnag suw guýlan ýaly boldy, ähli zadymy taşlap daşaryk ylgadym, aýaklarmyñ, ellerimiñ titreýändigni duýýardym. Awtoulagmy köçe tarapda goýup uzakly gijäni şol ýerde geçirdim. Anyk gorkupdym.
Ertesi gün bolan ýagdaýy mekdep müdire gürrüñ berdim, ol bu ýeriniñ öñ dikeldiş merkezi (dälihana) bolandygny aýtdy.