Islam_Atayew
14.09.2024 18:20
Özgäň gapysyndan derman gözleme,
Alla sygyn, ähli derdiň ýat bolar.
Janyň çyksa çyksyn, ýalan sözleme,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.

Biz Alla gideris, Alladan gelip,
Bolmaz hemme zady öñünden bilip,
Dertleriň dem bermän, gyssa-da bogup,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.

Ýazgytdan sypma ýok, nirä gyssanýaň?!
Nesibäň rysgyňy berer gysganman,
Şükür et, sen bolma dili gysgalýan,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.

Ýykyl, agla, ezil ýene tur göreş,
Kän duşman gazanma, dost bilen ýaraş,
Ýöne bir haýyşym azajyk garaş.
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.


Kuwwat Ýazmuhammedow
14
38
sadajaaa_
Saturday 18:34 wagtda
❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.