Imissyou
18.04.2024 12:38
O NÄMEDIR?

Günlerde bir gün Akbar şa kabulhanasynda oturyp, uzyn günläp iş bilen meşgul bolupdyr. Ol işini tamamlanyndan soň, gürleşip, degşip, biraz dynç almak isläpdir. Köşk hyzmatkärleri bilen oturyp, ondan-mundan gürrüň edipdir. Şol wagt hem birden gadymy bir şahyryň şu aşakdaky setirleri onuň ýadyna düşüpdir:

Ol kimdir, her kese är bolup bilmez?
O nämedir, ýanar otda hem ýanmaz?
O nämedir, asyl örtüp bolmaýan?
O nämedir, garramaýan, ölmeýän?

Akbar şa özüniň hyzmatkärlerinden şol soraglara jogap bermegi haýyş edipdir. Emma olaryň birem ol soraglara jogap berip bilmändir. Şol sebäpli hem şa Birbalyň yzyndan adam iberipdir. Birbal gelen badyna patyşa goşgyny oňa hem okap beripdir. Dana Birbal onuň ýalyjak soraglara  säginmän, ýüzüniň ugruna jogap berer ekeni. Ol bu soraglara hem bada-bat şeýle jogap beripdir.

Ol oguldyr, enä är bolup bilmez,
Ol mezhepdir, ýanar otda hem ýanmaz.
Ol şöhratdyr, deňiz-derýa hem örtmez,
Ol atdyr, wagt hiç ony garratmaz.

Birbalyň jogaby Akbar şanyň göwnünden turupdyr. Şa oňa gymmatbaha serpaý sowgat beripdir. Köşk emeldarlary bolsa Birbalyň agzyna aňkarylyşyp, onuň danalygyna baş egipdirler.

30
137
Imissyou
17.04.2024 17:27
Diňe bir diňlemegi däl-de,
Düşünşmegi nädip öwrenmeli?


Özara düşünişmek, empatiýa, adamlary
diňe bir dinlemek bilen çäklenmän, olara
düşünmek ikitaraplaýyn hoşniyetli
aragatnaşygy dowam etdirmegiň esasy
şerti. Üns bilen dinlemek we düşünmek iş
meselelerine hem-de şahsy gatnaşyklara,
kärdeşleriň, dostlaryň we tanyşlaryň özüni
alyp barşyny dogry düşündirmäge
ýardam edýär, söhbetdeşligi ýeňilleşdirýär.
Şeýle bir ukyply adamlar bolýar, olar
gabadynda durana örän jaýdar, tüýs
geregi ýaly düşünip bilýärler, ýöne
adamda şeýle başarnyk bolmadyk
bolaýanda-da, ony kämilleşdirmek
mümkindir.
Bu meselede, ýagny başgalara
düşünmegi nädip öwrenmeli diýen
mowzuk babatda diňe sadaja eýermegi
talap edýän birnäçe maslahatlary belläp
bileris. Bularyň iň ýönekeýi özüňi şonuň ýerinde goýup görmeli diýen köp halatda eşidýän ýagdaýymyzdyr. Muny «Şeýle ýagdaýda sen näme ederdiň?»,
«Onuň häsiýeti sende bolsa nähili
bolardy?» diýen sowallar bilen düşündirip
bolar. Özüňi başga kişiniň ýerinde goýmak
bilen ýene bir zady, başgalara baha
bermezligi öwrenip bolýar.
Eger kimdir biriniň haýsydyr bir zady
siziň nukdaýnazaryňyzdan
has
tapawutlylykda, gowy edip düşündirip
bilýändigini bilseňiz, ony şobada inkär
etjek bolmak ýalňyşdyr. Bu ýagdaýda şol
adamyň näme üçin başgaça däl-de, hut
şol hili pikir edýändigini nazarda tutmak
möhüm. Bu maslahat hem, birinji
maslahat bilen baglanyşykly bolup, özüňi
başga biriniň ýerinde goýmak bilen onuň
kabul edişini, pikirlerini we garaýyşlaryny
bilip bolýandygyny görkezýär.
Kimdir biriniň pikiri haýsydyr bir sebäbe görä sizde otrisatel emosiýalary (düşünişmezligi, yaramaz pikiri, ýigrenji we ş.m) döredýän bolsa, onda gaharyňy ýatyrmaga synanyşmaly we bu pikiri hut
şol adamyň pikiri hökmünde däl-de,
eýsem, başga başga bir yerden dörän
maglumat diýip kabul etmelidir.
Bu
ýagdaý diňe bir adamy diňlemäge ýa-da düşünmäge däl, şeýle-de onuň islendik predmete bolan garaýşyny kabul etmäge kömek edýär. Şeýle pikirlere düşünmek we kabul edip bilmek üçin kimdir biriniň öz nukdaýnazaryndan beýan edýän
garaýşyny bölmek hökman däldir.

Empatiýa duýgusy (duýgudaşlyk
bildirmek ukyby)
- eger bu häsiýet
adamda dogabitdi bar bolup, ýöne ýeterlik ösmedik bolsa, ony kämilleşdirip bolar.
Dürli hili häsivetdäki adamlar bilen hemişe söhbet gurup we olaryň hereketlerine syn
edip ýörmek bilen, diň salmak bilen
birlikde, söhbetdeşiň näme aýtjak
bolýanyna, duýgularyna, keýpiniň nähili
ýagdaýdadygyna, siziň şeýle-de
sözlerinizi nähili kabul etjegine düşünmek ukyby kemala gelýär.

Käbir psihologlar empatiýa duýgusyny
ösdürmek üçin filmlere ýa-da seriallara,
aýratyn-da, terjimehal, psihologik ýa-da
melodrama žanrlaryndaky kinolara
tomaşa etmegi maslahat berýärler.
Çeper we ylmy-populýar edebiýatlary
okamak, ylym we sungat baradaky
programmalara tomaşa etmek bilen,
gözýetimimizi giňeldýäris, beýleki
adamlary dinlemek we olaryň pikirlerini
kabul etmek ukybymyzy hem
artdyrýarys.

Subut edilen: akyl taýdan sagdyn adamlar dartgynlylyklary we kynçylyklary başdan geçiren ýagdaýynda, duýgudaşlygy we
adamlary dinlemek, olaryň duýgularyna
düşünmek ukybyny ýokarlandyrýarlar.
Şeýle-de, durmuşda kyn ýagdaýlary
başdan geçiren adamlaryň duýgudaşlyga we başga biriniň pikirini kabul etmäge has ýakyn bolýandygy ozaldan mälim bolan hakykatdyr.

Öz durmuş durmuş tejribesinde adamlara düşünmegi, olary diňlemegi başarmagy ösdürip bilen her bir adamyň özünde payhasly bolmagy terbiyeledigidir. Ol her bir adamyň tebigaty boýunça başgaça bolsa-da, tapawutly, dogry nukdaýnazarly bolup biljekdigine ynanyp bilýär.
26
19
Imissyou
17.04.2024 14:02
Iňlis dilinde “month”, “orange”, “silver”, “purple” sözleriniň kapyýalaşýan sözleri ýokdur.

Terjime edilen “düýş, düýş görmek” diýmekligi aňladýan “dreamt” sözi ýeke-täk “mt” harpy bilen gutarýan sözdür.

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gepleşik dilinde ulanylýan iňlis dili nemes, latyn, fransuz dilleriniň birleşmeginden emele gelipdir.

Iňlis dilinde “set” sözüniň beýleki sözlere seredende has köp kesgitlemesi bar.

“Underground” sözi “und” bilen başlanýan we şol bogun bilen gutarýan ýeke-täk sözdür.

Iňlis dilinde ulanylýan sözleriň sany diýseň köp bolup, ortaça her 3 sagatdan täze söz goşulýar.

Ýer ýüzünde iňlis dilinde gepleýänleriň sany ortaça 1,6 mlrd deň.

Iňlisçe iň uzyn bir bogunly söz “screeched”.“Tremendous, horrendous, stupendous, hazardous” diýen dört sözler “dous” bilen gutarýan ýeke-täk sözlerdir.

Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harp “e” harpydyr.

Oksford sözlügine görä, iň uzyn iňlis sözi – “pneumonoultramicroscopicsilicovolcanokoniosis”.

Iňlis dilinde diňe bir sözde harplar gaýtalanman ýazylýar.
Ol söz 15 harpdan ybarat bolan “uncopyrightable” sözüdir.

Iň köp peýdalanylýan sypat “good” we “well” sözleridir. Belli bolşy ýaly, bu sözleriň ikisi-de “gowy” diýmekligi aňladýar.

“The quick brown fox jumps over the lazy dog” diýen sözlemi iňlis diliniň elipbiýindäki ähli harplary bar bolan sözlemdir.

Dünýä derejesinde çap edilýän makalalaryň, habarlaryň agramly bölegi, ýagny 98% – i iňlis dilindedir.
32
225
Imissyou
16.04.2024 20:05
Seniň bilen bir ýassyga baş goýdyk,
Ýürekden söýüldük, ýürekden söýdük,
Şeýde-şeýde durmuş lezzetin duýdyk,
Ýene mydam mende bolsun hyýalyň,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Käte aýralykda geçsede günler,
Aýyp etmegin gaýtam gadyrmyz biliner,
Şonda mylaýymdan öwsen ýeller,
Gowşurarlar saňa posam salamym,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Dünýäm ýaly gözel hem görkli sen,
Gaýratly sen menden beter erkli sen,
Tämiz ýürek näzik göwün hörpli sen,
Derde duşsam mähriň bilen ýylanym,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Şahyr bolmasada aýalyn öwýän,
Ynha men şu gün kanuny dözýän,
Senem meni çäksiz söýýäniň bilýän,
Bagtym diýip ykbalymy bezänim,
Men seni söýýärin eziz aýalym.


24
56
Imissyou
16.04.2024 16:30
Dünýäniň iň baý 10 adamy: Olaryň umumy baýlygy 1,5 trillion dollar!

“Forbes” – 2024-nji ýylyň iň baý 10 adamyny sanap geçdi. Iň baý 10 adamyň arassa gymmaty köp ýurtlaryň jemi içerki önüminden has ýokary bolup durýar. Häzirki wagtda olaryň baýlygy esasan tehnologiýa, maliýe we bölek satuw pudaklarynda jemlenendir.

1.BERNARD ARNAULT – 228.5 milliard dollar;

2.ELON MUSK – 204.5 milliard dollar;

3.JEFF BEZOS – 196.0 milliard dollar;

4.MARK ZUCKERBERG – 170,4 milliard dollar;

5.LARRY ELLİSON – 139,7 milliard dollar;

6.WARREN BUFFETT – 137,4 milliard dollar;

7.BİLL GATES – 127.8 milliard dollar;

8.STEVE BALLMER – 122.2 milliard dollar;

9.LARRY PAGE – 123.3 milliard dollar;

10.MUKESH AMBANİ – 116.9 milliard dollar;
25
36
Imissyou
15.04.2024 11:08
KAKA

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.

Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,

Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.

*****

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,

Durmuşyň agramy asylýar çepden.

Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,

Dik başyny egip basylýar gepden.

*****

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.

Şolaryň öňünde aşak egilýär,

Zalym duşmanlara egmedik başym.

*****

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,

Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.

Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,

Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

*****

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,

Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.

Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,

Ýadan wagtym “oýnajak däl! diýerdim.



Kerim Hallyýew
29
51
Imissyou
15.04.2024 08:00
Artyk görünýär

Öýkeleseň öýkeleşip ýörmeli,
Kölegäňem käte artyk görünýär.
Hiç ýama tutanok göwün diýeniň,
Müň ýama ýapsaňam ýyrtyk görünýär.

Bir-birekden görlüp ýeriň gatysy,
Käte süýtdeş dogan seýrek görünýär.
Bir garynda ýatanymy, hatasy?!
Ara çöp atana baýrak görünýär.

Samanyň astyndan suw goýberýänden,
Ýere bakandan ýer gorkak görünýär.
Dişleri döwse-de gyşyň şatysy,
Goşa ýazy buşlap pyntyk görünýär.

Saglar sagynýança ýeke öýermän,
Oglun iki öýeren tentek görünýär.
Bilbil ýaly saýrap durýanlar käte,
Nadanlaň ýanynda peltek görünýär.

Özünde ýok zady ile satýanlar,
Ýitib-ä gidenok, entek görünýär.
Suwlar akýar, daşlar ga:lýar ýuwulyp,
Agras daşlar misli erkek görünýär.

Agzynda aş gatyklanlar ýumlugyp,
Säher şuwlap geçen ýel dek görünýär.
Dag dag bolýar, ýakynlaşsaň beýgelýär,
Depeler daşlaşsaň ýer dek görünýär.

Togalansa watan üçin kelleler
Bir namysly-arly ser dek görünýär,
Gyňaja baglansa nebir selleler,
Itiň boýnundaky zer dek görünýär.

Gulak ynanmasa eşiden zadyna,
Dünýeden bihabar ker dek görünýär,
Lal bolsaňam, jim bolsaňam günüň ýok,
Üsti gömülmedik gör dek görünýär.

Bugdaý nanyň bolsa bugdaý söz bilen,
Hatarda ýük çekjek ner dek görünýär.
Arkaýyn uklaýar munda az bilen,
Köpe kowalaşsaň har dek görünýär.

Monjuklar gözlensin monjuk bazarda,
Siňe seret, süýtde gan ýok görünýär,
Dilleri saklalyň dişden aňyrda,
Il gözünden düşseň san ýok görünýär.

Sadi Sadiýew

27
40
Imissyou
14.04.2024 12:47
«Akylly» ruçka sözleýşi tekste geçirmäge we sowatsyzlygy ýok etmäge kömek eder.

Bütindünýä sowatlylyk gaznasy Media.Monks bilen hyzmatdaşlykda dünýä derejesinde sowatsyzlyga garşy göreşmek üçin döredilen Literacy Pen atly akylly ruçka modulynyň işe girizilendigini habar berdi. Bu barada Ferra portaly habar berýär.

ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, sowatsyzlyk meselesi dünýäde takmynan 773 million adama täsir edýär, bu bolsa durmuş-ykdysady ösüşe çynlakaý päsgelçilik döredýär. Literacy Pen bu meseläni çözmäge ýardam berer. Ol aýdylan sözi ýerleşdirilen sanly ekranda tekste öwürmek üçin sözlemi tanamak funksiýasy bilen enjamlaşdyrylan ykjam elektron enjamdyr.
Enjam adaty ruçka ýa-da galama dakylýar we ulanyjylaryň aýdan sözüni grammatiki takyklyk bilen ekranda görkezýär, bu bolsa ulanyjylara dogry ýazmaga mümkinçilik döredýär. Emma munuň üçin ähli sözleri dogry aýtmaly.
Literacy Pen-iň haýsy dilleri goldaýandygy habar berilmedi. Bu konseptual enjam, şonuň üçin onuň geljekde satuwa çykarylyp-çykarylmajagy belli däl.
Bütindünýä sowatlylyk gaznasy (The World Literacy Foundation) bütin dünýäde sowatsyzlygy ýok etmek maksady bilen, 2003-nji ýylda Awstraliýada döredildi.
21
68
Imissyou
13.04.2024 18:47
Aýaly ýoldaşyndan soraýar:
-Name üçin eşiginden saç tapyp bilmedim?
-Näme, inni tapyp bilmeseňem
uruşmakçymyň?
-Dogryny aýt kim ol kel gyz :)😄😄😄
30
300
Imissyou
13.04.2024 14:34
"-Gyzyyyym! bar şu aşakdaky goňşulardan azajyk duz alyp gelsene" -diýipdir ejesi.
-Gyzy... "eje öýde kilo-läp duz bara näme üçin alyp geleýin diýipdir".
"-Görýäňe gyzym şu günler olaryň ýagdaýy bir azajyk pesiräk, ikide bir gelip gapyny kakýarlar ýöne ýüzlerinde utanç görýän, bizem bir zat soraly indiki gelenlerinde utanmasynlar, çekinmesinler arkaýyn gelip sorasynlar. Şonuň üçin bar gyzym azajyk duz alyp gelsene" -diýipdir.

#Ýer alma - goňşy al.
27
70