Imissyou
18.04.2024 12:38
O NÄMEDIR?

Günlerde bir gün Akbar şa kabulhanasynda oturyp, uzyn günläp iş bilen meşgul bolupdyr. Ol işini tamamlanyndan soň, gürleşip, degşip, biraz dynç almak isläpdir. Köşk hyzmatkärleri bilen oturyp, ondan-mundan gürrüň edipdir. Şol wagt hem birden gadymy bir şahyryň şu aşakdaky setirleri onuň ýadyna düşüpdir:

Ol kimdir, her kese är bolup bilmez?
O nämedir, ýanar otda hem ýanmaz?
O nämedir, asyl örtüp bolmaýan?
O nämedir, garramaýan, ölmeýän?

Akbar şa özüniň hyzmatkärlerinden şol soraglara jogap bermegi haýyş edipdir. Emma olaryň birem ol soraglara jogap berip bilmändir. Şol sebäpli hem şa Birbalyň yzyndan adam iberipdir. Birbal gelen badyna patyşa goşgyny oňa hem okap beripdir. Dana Birbal onuň ýalyjak soraglara  säginmän, ýüzüniň ugruna jogap berer ekeni. Ol bu soraglara hem bada-bat şeýle jogap beripdir.

Ol oguldyr, enä är bolup bilmez,
Ol mezhepdir, ýanar otda hem ýanmaz.
Ol şöhratdyr, deňiz-derýa hem örtmez,
Ol atdyr, wagt hiç ony garratmaz.

Birbalyň jogaby Akbar şanyň göwnünden turupdyr. Şa oňa gymmatbaha serpaý sowgat beripdir. Köşk emeldarlary bolsa Birbalyň agzyna aňkarylyşyp, onuň danalygyna baş egipdirler.

30
137
medik_
18 Aprel 2024
Su aydysyk aytyan sahyrlar oylanman derew kellesine gelyamika su jogaplar derew🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.