Imissyou
16.04.2024 20:05
Seniň bilen bir ýassyga baş goýdyk,
Ýürekden söýüldük, ýürekden söýdük,
Şeýde-şeýde durmuş lezzetin duýdyk,
Ýene mydam mende bolsun hyýalyň,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Käte aýralykda geçsede günler,
Aýyp etmegin gaýtam gadyrmyz biliner,
Şonda mylaýymdan öwsen ýeller,
Gowşurarlar saňa posam salamym,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Dünýäm ýaly gözel hem görkli sen,
Gaýratly sen menden beter erkli sen,
Tämiz ýürek näzik göwün hörpli sen,
Derde duşsam mähriň bilen ýylanym,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Şahyr bolmasada aýalyn öwýän,
Ynha men şu gün kanuny dözýän,
Senem meni çäksiz söýýäniň bilýän,
Bagtym diýip ykbalymy bezänim,
Men seni söýýärin eziz aýalym.


24
56
soyg
16 Aprel 2024
Tuweleme goz degmesin
alma___
16 Aprel 2024
Bùtin òmriñize bir biriñizi sòýip ýaşañ.Şeýtseñiz durmyş gòzel bolar, durmyş ikiñizede ýeñil dùşer.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.