Imissyou
17.04.2024 14:02
Iňlis dilinde “month”, “orange”, “silver”, “purple” sözleriniň kapyýalaşýan sözleri ýokdur.

Terjime edilen “düýş, düýş görmek” diýmekligi aňladýan “dreamt” sözi ýeke-täk “mt” harpy bilen gutarýan sözdür.

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gepleşik dilinde ulanylýan iňlis dili nemes, latyn, fransuz dilleriniň birleşmeginden emele gelipdir.

Iňlis dilinde “set” sözüniň beýleki sözlere seredende has köp kesgitlemesi bar.

“Underground” sözi “und” bilen başlanýan we şol bogun bilen gutarýan ýeke-täk sözdür.

Iňlis dilinde ulanylýan sözleriň sany diýseň köp bolup, ortaça her 3 sagatdan täze söz goşulýar.

Ýer ýüzünde iňlis dilinde gepleýänleriň sany ortaça 1,6 mlrd deň.

Iňlisçe iň uzyn bir bogunly söz “screeched”.“Tremendous, horrendous, stupendous, hazardous” diýen dört sözler “dous” bilen gutarýan ýeke-täk sözlerdir.

Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harp “e” harpydyr.

Oksford sözlügine görä, iň uzyn iňlis sözi – “pneumonoultramicroscopicsilicovolcanokoniosis”.

Iňlis dilinde diňe bir sözde harplar gaýtalanman ýazylýar.
Ol söz 15 harpdan ybarat bolan “uncopyrightable” sözüdir.

Iň köp peýdalanylýan sypat “good” we “well” sözleridir. Belli bolşy ýaly, bu sözleriň ikisi-de “gowy” diýmekligi aňladýar.

“The quick brown fox jumps over the lazy dog” diýen sözlemi iňlis diliniň elipbiýindäki ähli harplary bar bolan sözlemdir.

Dünýä derejesinde çap edilýän makalalaryň, habarlaryň agramly bölegi, ýagny 98% – i iňlis dilindedir.
32
225
Abat_
17 Aprel 2024
@orhideya_, baş üstüne <3
orhideya_
17 Aprel 2024
@Sunshine lady, bolýa minnetdar köp🌹
Abat_
17 Aprel 2024
@orhideya_, ashyrovnaenesh@gmail.com adresse nomerinizi ýazyp goyayyn. İmo goshyan. Sho yerde gurleshyas
orhideya_
17 Aprel 2024
@Sunshine lady, gaty begendim şu wagt 😍
orhideya_
17 Aprel 2024
@Sunshine lady, men intden harplary biraz öwrendim ýöne gowy okap biler ýaly bilesim gelýä...nädip alyp bilerkäm
Abat_
17 Aprel 2024
@orhideya_, obadaşmy? Onda mesele ýok. Sizede kitap golanmalary bererin hokman, owrenjek diýseňiz
Abat_
17 Aprel 2024
@orhideya_, salam. Arap dilini bilýän işdeşim bar. Gollanma ş.m kitaplar bilen özi üpjün eydi video audio hemmesini geçirip berdi. Düşünmesem şondan sorayan
orhideya_
17 Aprel 2024
@Sunshine lady, soragymy geň görme meňem öwrenesim gelýär. Ýalňyşmasam obadaş bolmaly
orhideya_
17 Aprel 2024
@Sunshine lady, Salam gowumyň? Gizlin bolmasa arap dilini nirde öwrenýäň
tmyigit76
17 Aprel 2024
@Sunshine lady, şu wagt özümdä ýok. Gerek bolsa tapylar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.