Imissyou
17.04.2024 17:27
Diňe bir diňlemegi däl-de,
Düşünşmegi nädip öwrenmeli?


Özara düşünişmek, empatiýa, adamlary
diňe bir dinlemek bilen çäklenmän, olara
düşünmek ikitaraplaýyn hoşniyetli
aragatnaşygy dowam etdirmegiň esasy
şerti. Üns bilen dinlemek we düşünmek iş
meselelerine hem-de şahsy gatnaşyklara,
kärdeşleriň, dostlaryň we tanyşlaryň özüni
alyp barşyny dogry düşündirmäge
ýardam edýär, söhbetdeşligi ýeňilleşdirýär.
Şeýle bir ukyply adamlar bolýar, olar
gabadynda durana örän jaýdar, tüýs
geregi ýaly düşünip bilýärler, ýöne
adamda şeýle başarnyk bolmadyk
bolaýanda-da, ony kämilleşdirmek
mümkindir.
Bu meselede, ýagny başgalara
düşünmegi nädip öwrenmeli diýen
mowzuk babatda diňe sadaja eýermegi
talap edýän birnäçe maslahatlary belläp
bileris. Bularyň iň ýönekeýi özüňi şonuň ýerinde goýup görmeli diýen köp halatda eşidýän ýagdaýymyzdyr. Muny «Şeýle ýagdaýda sen näme ederdiň?»,
«Onuň häsiýeti sende bolsa nähili
bolardy?» diýen sowallar bilen düşündirip
bolar. Özüňi başga kişiniň ýerinde goýmak
bilen ýene bir zady, başgalara baha
bermezligi öwrenip bolýar.
Eger kimdir biriniň haýsydyr bir zady
siziň nukdaýnazaryňyzdan
has
tapawutlylykda, gowy edip düşündirip
bilýändigini bilseňiz, ony şobada inkär
etjek bolmak ýalňyşdyr. Bu ýagdaýda şol
adamyň näme üçin başgaça däl-de, hut
şol hili pikir edýändigini nazarda tutmak
möhüm. Bu maslahat hem, birinji
maslahat bilen baglanyşykly bolup, özüňi
başga biriniň ýerinde goýmak bilen onuň
kabul edişini, pikirlerini we garaýyşlaryny
bilip bolýandygyny görkezýär.
Kimdir biriniň pikiri haýsydyr bir sebäbe görä sizde otrisatel emosiýalary (düşünişmezligi, yaramaz pikiri, ýigrenji we ş.m) döredýän bolsa, onda gaharyňy ýatyrmaga synanyşmaly we bu pikiri hut
şol adamyň pikiri hökmünde däl-de,
eýsem, başga başga bir yerden dörän
maglumat diýip kabul etmelidir.
Bu
ýagdaý diňe bir adamy diňlemäge ýa-da düşünmäge däl, şeýle-de onuň islendik predmete bolan garaýşyny kabul etmäge kömek edýär. Şeýle pikirlere düşünmek we kabul edip bilmek üçin kimdir biriniň öz nukdaýnazaryndan beýan edýän
garaýşyny bölmek hökman däldir.

Empatiýa duýgusy (duýgudaşlyk
bildirmek ukyby)
- eger bu häsiýet
adamda dogabitdi bar bolup, ýöne ýeterlik ösmedik bolsa, ony kämilleşdirip bolar.
Dürli hili häsivetdäki adamlar bilen hemişe söhbet gurup we olaryň hereketlerine syn
edip ýörmek bilen, diň salmak bilen
birlikde, söhbetdeşiň näme aýtjak
bolýanyna, duýgularyna, keýpiniň nähili
ýagdaýdadygyna, siziň şeýle-de
sözlerinizi nähili kabul etjegine düşünmek ukyby kemala gelýär.

Käbir psihologlar empatiýa duýgusyny
ösdürmek üçin filmlere ýa-da seriallara,
aýratyn-da, terjimehal, psihologik ýa-da
melodrama žanrlaryndaky kinolara
tomaşa etmegi maslahat berýärler.
Çeper we ylmy-populýar edebiýatlary
okamak, ylym we sungat baradaky
programmalara tomaşa etmek bilen,
gözýetimimizi giňeldýäris, beýleki
adamlary dinlemek we olaryň pikirlerini
kabul etmek ukybymyzy hem
artdyrýarys.

Subut edilen: akyl taýdan sagdyn adamlar dartgynlylyklary we kynçylyklary başdan geçiren ýagdaýynda, duýgudaşlygy we
adamlary dinlemek, olaryň duýgularyna
düşünmek ukybyny ýokarlandyrýarlar.
Şeýle-de, durmuşda kyn ýagdaýlary
başdan geçiren adamlaryň duýgudaşlyga we başga biriniň pikirini kabul etmäge has ýakyn bolýandygy ozaldan mälim bolan hakykatdyr.

Öz durmuş durmuş tejribesinde adamlara düşünmegi, olary diňlemegi başarmagy ösdürip bilen her bir adamyň özünde payhasly bolmagy terbiyeledigidir. Ol her bir adamyň tebigaty boýunça başgaça bolsa-da, tapawutly, dogry nukdaýnazarly bolup biljekdigine ynanyp bilýär.
26
19
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.