Imissyou
15.04.2024 11:08
KAKA

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.

Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,

Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.

*****

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,

Durmuşyň agramy asylýar çepden.

Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,

Dik başyny egip basylýar gepden.

*****

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.

Şolaryň öňünde aşak egilýär,

Zalym duşmanlara egmedik başym.

*****

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,

Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.

Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,

Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

*****

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,

Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.

Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,

Ýadan wagtym “oýnajak däl! diýerdim.



Kerim Hallyýew
29
51
gulia_maksatmyradowna
15 Aprel 2024
Kerim hallyň bir gepleşikde kakasy barada aýdanlary 👌
myrataly_
15 Aprel 2024
Kan gosgy okap,okasamam halayan adam daldirin welin,suna haladym. Ajap eken
tm_girl
15 Aprel 2024
😔....
jady
15 Aprel 2024
Gaty gowy gosgy. 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.