Imissyou
02.12.2023 19:06
Ýanymda bolsaň derdim bolarmy,
Kalbymda dursaň ömrüm solarmy,
Senden özgäni sulhym alarmy,
Aşyk-Magşugyny derde salarmy?

Sözlesem waspyň, ýetmez söwer ýar,
Synlasam görküň doýmaz gözüm ýar,
Sen bolsaň Leýli Mežnun özüm ýar,
Bagtym hem söýgim özüňsiň Läläm.

Aýdan gözel sen, aýa deňesem,
Saýlap söýenim Läläm diňe sen,
Ajaýyp duýgy berdiň maňa sen,
Bagladym Läläm ömrüm saňa men.

Aldyň akyl huşymy,
Yşga saldyň başymy,
Gurşaýyn söýgi bilen,
Läläm seniň daşyňy.

28
139
Imissyou
02.12.2023 15:27
Italiýaly ikinji jahan urşunyň weterany 96 ýaşly Giuseppe Paterno ýurduň iň uly ýaşly uçurumy ady bilen ýokary bilim diplomyny aldy.

Ýurduň çägindäki Palermo uniwersitetiniň uçurumy soňky synagyny hem üstünlikli tabşyryp diplomyny eline aldy.

Söhbetdeşlikde habarçylara “3 ýyllyk dereje almaklyk üçin biraz giçdigini bilsem-de, men özüme  “Göreli, men muny başararmykam?” diýip söz berdim” – diýip uçurym weteran belläp geçyär.

Uniwersitetiň professory Giuseppe-niň ýaş talyplara oňat görelde boljakdygy aýtdy.

Bellik: Bu maglumat 2020-nji ýylda paýlaşylan
31
44
Imissyou
02.12.2023 12:50
Elbetde, döredijilik adamlary kiçijik zatlardan hem uly lezzet almagy başarýarlar. Munuň şeýledigini ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyñ ýaşaýjysy Şereli Goward ýene bir  ýola subut etdi. Ol öz howlusynyň içinde ýerleşýän äpet guran bagyny çapyp aýyrmagyň deregine, ony kiçijik, täsin we mugt kitaphana öwürdi.

Ilki bilen Şereli gury şahalaryň gurap gaçýanlygy sebäpli, onuñ ýokarky bölegini doly kesip aýyrdy. Soñra onuň içini oýup kitap goýmaklyk üçin tekjeleri ýasady. Hanym Şereli öz ogly bilen bu baga üçek hem-de aýna gapy goýdylar. Agşamlaryna kitap okamak maksady bilen daragty elektrik yşyklary bilen hem doly üpjün etdiler. Şeýlelikde kiçijik, täsin  bir kitaphana emele gelýär. Hawa, dogrusy kitaphananyň içine girip bolanok emma, ondan okasyñ gelen kitaplary alyp-goýup bolýar. Kitaphana bu golaýdan geçenleriň ünsüni özüne çekýär.

ABŞ -da dolandyrylýan ” Little Free  Library “, ýagny ” Kiçijik mugt kitaphana” guramanyñ agzalary bu kitaphana barada eşdenlerinde tizden-tiz Şerelini öz guramalaryna agza hökmünde çagyrýarlar. Onuñ bu täsin kitaphanasyny guramanyň kitaphanalarynyň sanawyna goşýarlar.

Birwagtky öz saýasy bilen adamlary günden goran bu daragt ýene – de  adamlaryň hyzmatynda. Indi ol döredijilik adamlaryny bir ýere jemleýän we öz kitaplary bilen paýlaşýan daragta öwrüldi.
34
127
Imissyou
02.12.2023 10:04
Deñ-duş oglanlarymyza (Degişme goşgy)

Owadan gyzlaryñ bir garaýşyna,
Ýüpsüz dañylmaga golaý oglanlar!
Söýgiñ derdin satyn alyp başyna,
Perwanañ ykbalyn alan oglanlar!

Kalplarynda joşgun urýan ýaşlykdyr,
Wah, ol joşgun käte çenden aşyp dur,
Owadan gyz görse, bary aşykdyr,
Bagyşlañ! azajyk jalaý oglanlar!

Ýaşlyk söýgä ýanmak juda ýakynmy,
Käsi ýeñles, käsi agras-akylly,
Diñe gyzlar hakda gürrüñ ýakymly,
Ýary çyn, ýarysy ýalan oglanlar!

Yñdarmarak, degişgenräk jahyldyr,
Gyzlar hakda goşgy ýazar - şahyrdyr,
Ýary Mezhnun, deñ ýarysy Tahyrdyr,
Leýli, Zöhre diýip ýanan oglanlar!

Garaýşyndan añlamasa özleri,
Aýt, nädersiñ bu doñýürek gyzlary?
Diñläp söýgi hakda aýdym-sazlary,
Gijeler bagryny dilen oglanlar!

Siziñ köñül dünýäñizde güýmenýän,
Goşgym bilen girmeklige synanýan,
Gözüm gidýär hem azajyk gynanýan,
Öz-özüni oda, salan oglanlar!

Goshgynyn Awtory:Toyly Öwezow.
36
325
Imissyou
02.12.2023 06:26
Hindistanda 2023-nji ýylda her gün diýen ýaly tebigy betbagtçylyklar bolup geçdi.

2023-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda tebigy kataklizmler we betbagtçylyklar her gün diýen ýaly Hindistanyň dürli sebitlerine täsirini ýetirip, birnäçe ölümiň we weýrançylygyň sebäbi boldular. Muny Ylym we daşky gurşaw boýunça garaşsyz seljeriş merkeziniň (CSE) hasabatynyň maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Gözlegiň netijelerine görä, Hindistanda adatdan daşary howa şertleri 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabr aýy aralygyndaky günleriň 86%-inde hasaba alyndy. Netijede, 2 923 adam ýogaldy, tas 2 mln gektar ekin ýok edildi, 80 müň öý ýumruldy, 92 müňden gowrak haýwan öldi.
Adatdan daşary howa hadysalary, esasan, Hindistanyň merkezindäki Madhýa-Pradeş ştatynda bolup geçdi – 138. Iň köp ölüm ýurduň gündogaryndaky Bihar ştatynda boldy (642), onuň yzyndan Himaçal-Pradeş (365) we Uttar-Pradeş (341) gelýär.
Gözlegçiler ýanwar aýynyň ortaçadan birneme maýyl bolandygyny, fewral aýynyň bolsa soňky 122 ýylda iň maýyl fewral bolup rekord goýandygyny habar berdiler. Bu ýyl Hindistanda soňky 122 ýylda iň gurak awgust hem hasaba alyndy.
Güýçli tupanlar iň köp ýaýran tebigy betbagçylyk bolup, 273 günüň 176-synda ýüze çykdy we 711 adamyň ölümine sebäp boldy. Iň köp ýumrulmalar güýçli ýagyşlar, suw joşmalary we süýşgünler sebäpli boldy, netijede 1 900-den gowrak adam ýogaldy.
29
38
Imissyou
01.12.2023 21:29
Waspyň ýazýan diňle aýym,
Klasdaşym Aknabadym.
Bu dünýäde bagt paýym,
Bolgyn aý gyz Aknabadym.

Gara gözli galam gaşly,
On ýedi on sekiz ýaşly,
Janym alýar göz bakyşly,
Ilki söýgim Aknabadym.

Görenler haýrana galar,
Görmedik armanda bolar,
Ýylgyranda göwnüm alar,
Göwün şadym Aknabadym.

Aşyk oglan waspyň ýazýar,
Elmydama ýatlap gezýär,
Seň şanyňa gazal düzýär,
Diňle läläm Aknabadym.
36
590
Imissyou
01.12.2023 18:07
Nýu-Ýorkda Baş Roždestwo arçasynyň çyralary ýakyldy.

Nýu-Ýork şäheriniň Rokfeller merkezinde Baş Roždestwo arçasynyň müňlerçe çyrasynyň ýakylyş dabarasy boldy we oňa ýüzlerçe adam tomaşa etdi. Bu barada TASS habar berýär.

Agramy 12 tonna bolan 24 metrlik arça 11-nji noýabrda Nýu-Ýork ştatynyň Westal şäherinden getirildi. Onuň bezegi üçin 50 müňden gowrak dürli reňkli lampalardan ybarat bolan, takmynan, 8 km uzynlykdaky bezeg çyrasy gerek boldy. Arçanyň çür depesini Swarovski firmasynyň 3 mln kristaly bilen bezelen 400 kg-den gowrak agramly hrustal ýyldyz bezedi.
Arçanyň çyralary ýakylmazdan ozal konsert geçirildi. Oňa Şer, Barri Manilou, Hloýa Beýli, Keke Palmer, Ketrin Makfi, Manuel Turizo ýaly aýdym-saz ýerine ýetirijileri gatnaşdy.
Roždestwo arçasy ilkinji gezek 1931-nji ýylda Rokfeller merkeziniň töwereginde dikildi. 1933-nji ýyldan bäri çyra ýakylyş dabarasy yzygiderli geçirilýär, 1951-nji ýyldan bäri bolsa bu dabara telewideniýe arkaly görkezilýär. 
23
115
Imissyou
01.12.2023 14:24
BOLAN WAKA

Gahryman arkadagmyz milli mirasymyzyň çuňur öwrenilmegi barada uly aladalar edýär. Medeni miras köp zatlary özünde jemleýär. Oňa ahlak kadalary we özüňi alyp barmagyň edim-gylymlaryndan ybarat bolan häsiýetler hem degişlidir. Türkmen jemgyýetiniň ahlak sypatlary – watansöýüjiligi, mertligi, gaýduwsyzlygy, sylag-hormatlylygy, ynsanperwrligi, zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýar.
1962-nji ýylyň aprel aýydy. Şol wagtlar obanyň düýeleri gumda ýa-da meýdanda özbaşdak gezerdiler. Düýeler nire ot we suw bolsa şol ýerlerde özleri gezerdiler we wagty gelende botlardylar (köşeklärdiler). Obamyzyň adamlaryna habar geldi, siziň obaňyzyň adamlary tagmaly bir guba düýe we bir gara düýe 1 köşegi emdirip ýör. Şol tagmaly düýeleriň eýeleri guma gidip, düýeleri we köşegi alyp geldiler. Oba adamlary maslahatlaşyp, düýeleriň reňkine, boýuna seredip köşegi gara düýäň eýesine berdiler. Guba düýäni eýesi alyp, ýatagyna eltip daňyp goýdy. Ýöne ol düýe bozlap ýatakda durmady, aýagynyň ýüpüni birnäçe gezek üzdi, köşegiň ýanyna gelip, köşegi emdirerdi. Soň düýe eýeleri goňşy obanyň belli maldar ýaşulysynyň ýanyna maslahata gitdiler. Ýaşuly gelip iki düýäni we köşegi alyp, obamyzyň günbatar tarapyndaky suw ýataga alyp bardy. Biz hem oba adamlary bilen düýeleriň yzyna düşüp gitdik. Ýaşuly düýeleriň ikisini hem gazyga daňdyrdy, köşegi bolsa bir ýigide berip, suwyň ortasynda eltip, şol ýerde saklamagyny aýtdy. Ýaşulyň aýdyşy ýaly köşegi suwyň ortasyna eltip, düýeleri gazykdan boşatdylar. Bir düýe gazykdan boşadylan dessine suwa urup köşeginiň ýanyna bardy we ony ysgady. Beýleki gara düýe bolsa suwyň daşyndan ylgap bozlap aýlanmaga durdy. Ýaşuly guba düýäň eýesine köşegi berdi. Şu meseläniň çözülüşine oba adamlary örän razy bolup, ýaşula uly taňyrýalkasyn aýtdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mirasymyza goýulan sarpa has-da ýokarlanýar. Edebi mirasyň, şeýle hem olar baradaky täze ylmy garaýyşlaryň halk köpçüligine ýetirilmeginiň ösüp gelýän ýaş nesliň aň-düşünjesiniň baýlaşmagyna oňyn täsir ejekdigi ikiuçsuzdyr.
29
108
Imissyou
01.12.2023 11:38
Oba durmuşyndan.

Obamyzyň ilersi oglan aýak yzlarymyzyň seken ýerleri. O taýy hernä içiň gysan çagy keýpiňi çaglamak üçin örän çemlije ýerdi. Muňa çagalygyna dolanmaga gelýänleň sany gaty kändi. Men, esasanam, suwa daş oklamany eý görýän. Üýtgeşik tarapam bärde ýap bilen köl ýan-ýana dur. Şoň üçin haýsyna baraýyn diýseň, keýpiň kelläňde. Men soňky wagt kanala barmany tapyndym. Sebäbi, bu ýerde näçe gündür goşa balygyň tirkeşýänini görýän. olaň ikisem gün-günden horlanýana meňzeýär. Göwnüme bolmasa, bu ahwala men öňem duşan ýaly. Birdenem şo-ol balykly waka ýadyma düşdi oturyberdi… 

* * *

Dostum bilen ikirjiňlenip durşumyza, bulançak suwuň balygyndan iýeli diýdik. Ýabyň suwy mazaly çekilen eken. Balyklara zeper ýetmese-de biridir. Birdenkä ýabyň gapbilinde uly pažžyldy peýda boldy. Seretsek, ýapdan okdurylyp togalanyp barýan bir närsä gabat geldik. Özem şo-ol tigirlenip gidip otyr. Bizem äm-säm bolup yňdyk yzyndan. Ol esli tigirlenip, sakga sägindi. Görsek, kiçijek lakga çabalanyp ýatyr. Ony görüp, ýüregim tebsinip gitdi. Dostumyň weli didesi durlandy.

Aý, tüweleme. Awyň başy-ha erbet däl…

Goýsana, şepe, diýýäniň näme. Saňa-da aňsady bolsa, iki paý berlen ýaly. Bu janawar guýrujagyny dişläp, köle howlugyp barýar. Göreňokmy, dişi guýrugyndan sypypdyr. Kömek edeli diýseň, başga gürrüň.

Nätdiň-aý sen-ä. Balyk tutmaga geldikmi ýa olara “göwünlik bermäne…”

Balyk tutjagyň çynyň bolsa, han-ha ýap, honha-da köl. Towugyňa tok diýýän ýok… Men-ä şu janwara kömek etjek.

Men daljygyp ýatan lakgany aldym-da, köle oklap goýberdim. Garagörnümde süýrenip barýan ýylanbalyklaram köle baka süýrenişip barýar. Muny gören dostum:

Ind-ä seni diňlejek däl – diýip, yzyna garaman gitdi.

Soň ýabyň iki ýerine dagy çeňňek okkadyk. Suw boýunyň gürrüňleri bolsa juda ýakymlydy.

Dost jan, sen menden kinelenme. Awuňam öz inim-çykymy bar. Bialaç galan janawary awlamak ne derkar?! Bu öte karamdyr.

Ondan-mundan warsaky urup oturyşymyza, gepimiz gyşa syrykdy.

Ýogsa-da gyş nähilikä bu ýyl?

Ony balyk bilmese – bu diýenim dostumy geňirgendirdi.

O nähili? Balyk nädip bilsin ony?

Balyk köp zat bilýär.

Belki ýene gideris?!

Gitmeli bolsa, gidäýeris. Ýöne bäri-bärde Sarygamyş ýog-a.

Sen ony alada etme, gitsek bolýar…

Myrryh ýyldyzyny yza taşlap, iki tirkeş bolup ýola düşdük. Aşmaly ýerem daş bolansoň, ýüregimiz karar tapanokdy. Gyş hakdaky gürrüň bolsa barha süýjeýär.

Ine-de, ýaýylyp ýatan köl. Biz göni Gumudyk balykçyňka bardyk. Megerem, o wagt gijigen güýz aýlary bolmaly. Biz desbi-dähel içimizi byjyklaýan sowallara geçdik.

Gumudyk ata, bu ýyl gyş nähili geler?

Balyklar irden içmegini geýdi. Gyş donuňyzy peýläberiň sizem.

Atam, peýläris welin, balyga içmek derkar? – Gumudyk ata köpmanyly ýylgyrdy.

– Ogullam, asyl siz nireden borsuňyz?

– Hoja ilinden.

– Hümm. Şo ýerlerden geldik diýsene. Onda siz arzyly myhman. Aslynda-ha, üç gün habaryňyzy almaly däldim weli… Men size diňe içmeg-ä däl, eýsem balygyň dünýesi hakda kän zat aýdybererdim. Gowusy, bu gün dynç alyň. Gara öýde ojar ody gübürdäp durandyr. Geçiň-de, uruň ukyny. Gyzykly söhbete ertir girişeris. “Agşamyň haýryndan ertiriň şeri” diýilmänmi?!

Biz razylaşdyk. Ertesi horaşaja gaýykda Sarygamşyň içi bilen gezim etdik. Sabanyň söhbetem säheriň özi ýaly sereň. Ýaşulynyň luw baradaky gürrüňleri bolsa düýpgöter üýtgeşik.

         – “Lalyň diline enesi düşer” diýleni. Balyk suwdan çykan wagty hamynda şepbeşik örtügi bolýar. Biz-ä şoňa balyk possuny diýýäs. Balyk içmejigini geýdi hasap edýäs. Ana şo ýyl gyşyň arly geljegi.

Balyk diýen zat, galapyn, ýelä ýüzegendir. Akymyň garşysyna ýüzüp bilýän jandar. O janawar süýji suwa çykybilse, armany ýok. Galaba-da, derýaň köle guýmagyna garaşýar. Derýa köle guýsa, dykylyp-dykylyp geliberýäler.

– Gumudyk däde, ho-ol görünýän sazan balygy ýaly-la.

  – Aýny özi. Sazan güýzüň güni 8 kilä dagy gelýä. 8 kilä gelen sazan güýzüň soňky aýy ýelä ýüzüp ugraýar. Şol ýüzüşine-de, tä baharyň soňuna çenli gitdigi.

– A birden, suw gyrpaklap, buz örtügine gabat gelse?

– Buz bolsa, aşagynda galyberýä. Ýöne gitmeýä. Şeýdip, maý aýynyň ortalaryna dagy işbil zyňýa. Aý, şonda çöpe dönýär-ä janawar. 8 kiledan 3 kilä gelýä.

– Dogry-dogry. Bularyň köpelme döwrüdir-ow şo?

– Edil özi. Balyk köpeljek bolsa, akar suwdan gaçyp, gyra çykybir. Ýata suwlar bolmyýamy bölek-bölegräk. Onsoň ikibir-ikibir – jübüt-jübütden tirkeşip başlaýalar. Ene balyk öňünde, erkegi yzynda. Şonda ene balyk ýaýynja suwa işbil döküp gidýä. Erkegem üstüne süýt sagyp gidýä.

– O nämäň süýdi?

– Erkek balygyň aşak ýüzünde akja nemi bolýa. Hem-ä tohumlanma, hemem golaýdaky balyklar üçin zäher bolýa şol. Ýyrtyjy gelibilmez golaýyna. Suwuň astam edil ýer ýüzi ýaly. Erkekler zenanlaryň goragçysy bolşy ýaly, olam bir zat edip goranmaly, ahbeti. Käbir ene balyklar ýumurtgalary erkege ynanýar. Tamasy ödelmese, ony şo bada terk edýär.

Göz öňüne getiriň, adam ýaltanyp ýatan bolsa, özem kän bir işlemezek, lellim bolsa: “Içiňden işbili alnan ýaly nä beýdip ýatyrsyň” diýilmeýämi?! Agyn işýakmazyň gürrüňi şo. Işbilini döken balyk hut horlanyp, gutaryp galýa. Erkegem şeýle, süýt sagyp ylla çöpe dönýä.

Balyk diňe suwda ýaşarmy?

Elbetde ýok. Batgalykda ýaşaýanlary-da bar. Meselem, ýylanbalyk batgalykda näçe gün diýseňem ýatybilýä. Şeýle mert balyk. Hatda, ummanlarda şeýle balyklar bolýar. Nädip iýmitlenýänem belli däl. Olar ummanyň iň çöket ýerinden hin gazyp ýaşaýar. Olaň daşyna çykanyny kädaýym görmek bolýar.

Bäh, bu janawar ýeriň astynda-da mekan tutýa diýseňiz-le?!

Ol baýaky. Hatda, uçýan balyklar-da bar.

Eý-hoo. Balyga uçma ne derkar?

  Goranmak üçin. Goranyş pillesi suwdan iki ýüz mitr çemesi belentlige göterilip bilýän balyklar bar. Wah, arman gyssagly gelipsiňiz-dä. Bärik gelende, arkaýyn geliň-ä…

Nesip bolsa. Ýöne arman galandyr däldir, atam. Balyk possunyn-a bildik esasy…

         Gumudyk balykçyň gürrüňleri heýwere gyzykly. Asyl ýanyndan gaýdasyň gelenok. Balygy daşyndan synlanyň ýa-da ondan garnyňy göjäniň ýeterlik däl. O janawaryň aýrybaşga dünýäsi bar. Onuň çaga diýip kösenişi, horlanyşy tüýs adam misilli. Hemme ene-ata çagasy üçin şeýle kökenek, ahyry.

Gumudyk ata düýşüňde balyk görseň, yrsgal-berekete ýorulýanynam aýdypdy. Men Sarygamyşly wakadan soň düýşümde balyk gördüm. Bir gezegem däl, iki ýola… Haýwan-u-ynsanyň nesil dowamaty üçin çekýän süýji jepasy kalbyma buýsanç tohumyny sepýärdi. Men oba aşdygym bu hakda kiçijigem bolsa, hekaýa ýazaryn…
31
86
Imissyou
01.12.2023 06:30
NASA ilkinji gezek bir planetada metany we suwy tapdy.

NASA-nyň Jeýms Webb kosmos teleskopy “WASP-80 b” atly planetada ilkinji gezek metany tapdy. Şeýle hem planetanyň atmosferasynda suw tapyldy.

Jeýms Webb kosmos teleskopy (JWST) takmynan 163 ýagtylyk ýylynda ýerleşýän Ýupitere meňzeş planetanyň atmosferasynda metany we suw buguny tapdy. Astronomlar, “WASP-80 b” diýlip atlandyrylýan ekzoplanetanyň Ýer togalagynyň her 3 gününde öz okunyň daşyndan doly bir aýlaw edýänligini aýdýarlar.

NASA-nyň Jeýms Webb kosmos teleskopy “WASP-80 b” ekzoplanetasynyň atmosfera syrlaryny açmagy başardy. Jeýms Webb kosmos teleskopy uzakdaky planetanyň öňünden hem yzyndan surata almagy başardy.

Öň köp ekzoplanetada suw bugy tapylan hem bolsa, metan şu wagta çenli tapylmady. Şonuň üçin bu açyş, planetalaryň atmosfera gurluşlaryna düşünmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Bu açyş, ekzoplanetalary Gün ulgamyndakylar bilen deňeşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilik berýär. Alymlar Gün ulgamymyzdaky gaz ägirtleriniň atmosferasynda köp bolan metanyň derejesini ölçemek bilen güýçli deňeşdirme amala aşyryp bilerler.
29
45