Imissyou
02.12.2023 06:26
Hindistanda 2023-nji ýylda her gün diýen ýaly tebigy betbagtçylyklar bolup geçdi.

2023-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda tebigy kataklizmler we betbagtçylyklar her gün diýen ýaly Hindistanyň dürli sebitlerine täsirini ýetirip, birnäçe ölümiň we weýrançylygyň sebäbi boldular. Muny Ylym we daşky gurşaw boýunça garaşsyz seljeriş merkeziniň (CSE) hasabatynyň maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Gözlegiň netijelerine görä, Hindistanda adatdan daşary howa şertleri 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabr aýy aralygyndaky günleriň 86%-inde hasaba alyndy. Netijede, 2 923 adam ýogaldy, tas 2 mln gektar ekin ýok edildi, 80 müň öý ýumruldy, 92 müňden gowrak haýwan öldi.
Adatdan daşary howa hadysalary, esasan, Hindistanyň merkezindäki Madhýa-Pradeş ştatynda bolup geçdi – 138. Iň köp ölüm ýurduň gündogaryndaky Bihar ştatynda boldy (642), onuň yzyndan Himaçal-Pradeş (365) we Uttar-Pradeş (341) gelýär.
Gözlegçiler ýanwar aýynyň ortaçadan birneme maýyl bolandygyny, fewral aýynyň bolsa soňky 122 ýylda iň maýyl fewral bolup rekord goýandygyny habar berdiler. Bu ýyl Hindistanda soňky 122 ýylda iň gurak awgust hem hasaba alyndy.
Güýçli tupanlar iň köp ýaýran tebigy betbagçylyk bolup, 273 günüň 176-synda ýüze çykdy we 711 adamyň ölümine sebäp boldy. Iň köp ýumrulmalar güýçli ýagyşlar, suw joşmalary we süýşgünler sebäpli boldy, netijede 1 900-den gowrak adam ýogaldy.
29
38
nabat_
2 Dekabr 2023
Biz öz ýurdumyza gaty şükür edip ýaşamaly👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.