Imissyou
01.12.2023 14:24
BOLAN WAKA

Gahryman arkadagmyz milli mirasymyzyň çuňur öwrenilmegi barada uly aladalar edýär. Medeni miras köp zatlary özünde jemleýär. Oňa ahlak kadalary we özüňi alyp barmagyň edim-gylymlaryndan ybarat bolan häsiýetler hem degişlidir. Türkmen jemgyýetiniň ahlak sypatlary – watansöýüjiligi, mertligi, gaýduwsyzlygy, sylag-hormatlylygy, ynsanperwrligi, zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýar.
1962-nji ýylyň aprel aýydy. Şol wagtlar obanyň düýeleri gumda ýa-da meýdanda özbaşdak gezerdiler. Düýeler nire ot we suw bolsa şol ýerlerde özleri gezerdiler we wagty gelende botlardylar (köşeklärdiler). Obamyzyň adamlaryna habar geldi, siziň obaňyzyň adamlary tagmaly bir guba düýe we bir gara düýe 1 köşegi emdirip ýör. Şol tagmaly düýeleriň eýeleri guma gidip, düýeleri we köşegi alyp geldiler. Oba adamlary maslahatlaşyp, düýeleriň reňkine, boýuna seredip köşegi gara düýäň eýesine berdiler. Guba düýäni eýesi alyp, ýatagyna eltip daňyp goýdy. Ýöne ol düýe bozlap ýatakda durmady, aýagynyň ýüpüni birnäçe gezek üzdi, köşegiň ýanyna gelip, köşegi emdirerdi. Soň düýe eýeleri goňşy obanyň belli maldar ýaşulysynyň ýanyna maslahata gitdiler. Ýaşuly gelip iki düýäni we köşegi alyp, obamyzyň günbatar tarapyndaky suw ýataga alyp bardy. Biz hem oba adamlary bilen düýeleriň yzyna düşüp gitdik. Ýaşuly düýeleriň ikisini hem gazyga daňdyrdy, köşegi bolsa bir ýigide berip, suwyň ortasynda eltip, şol ýerde saklamagyny aýtdy. Ýaşulyň aýdyşy ýaly köşegi suwyň ortasyna eltip, düýeleri gazykdan boşatdylar. Bir düýe gazykdan boşadylan dessine suwa urup köşeginiň ýanyna bardy we ony ysgady. Beýleki gara düýe bolsa suwyň daşyndan ylgap bozlap aýlanmaga durdy. Ýaşuly guba düýäň eýesine köşegi berdi. Şu meseläniň çözülüşine oba adamlary örän razy bolup, ýaşula uly taňyrýalkasyn aýtdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mirasymyza goýulan sarpa has-da ýokarlanýar. Edebi mirasyň, şeýle hem olar baradaky täze ylmy garaýyşlaryň halk köpçüligine ýetirilmeginiň ösüp gelýän ýaş nesliň aň-düşünjesiniň baýlaşmagyna oňyn täsir ejekdigi ikiuçsuzdyr.
29
108
okan
1 Dekabr 2023
Örăn parasatly ýaşuly eken dogry çözgüt tapypdyr 👍👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.