Imissyou
02.12.2023 10:04
Deñ-duş oglanlarymyza (Degişme goşgy)

Owadan gyzlaryñ bir garaýşyna,
Ýüpsüz dañylmaga golaý oglanlar!
Söýgiñ derdin satyn alyp başyna,
Perwanañ ykbalyn alan oglanlar!

Kalplarynda joşgun urýan ýaşlykdyr,
Wah, ol joşgun käte çenden aşyp dur,
Owadan gyz görse, bary aşykdyr,
Bagyşlañ! azajyk jalaý oglanlar!

Ýaşlyk söýgä ýanmak juda ýakynmy,
Käsi ýeñles, käsi agras-akylly,
Diñe gyzlar hakda gürrüñ ýakymly,
Ýary çyn, ýarysy ýalan oglanlar!

Yñdarmarak, degişgenräk jahyldyr,
Gyzlar hakda goşgy ýazar - şahyrdyr,
Ýary Mezhnun, deñ ýarysy Tahyrdyr,
Leýli, Zöhre diýip ýanan oglanlar!

Garaýşyndan añlamasa özleri,
Aýt, nädersiñ bu doñýürek gyzlary?
Diñläp söýgi hakda aýdym-sazlary,
Gijeler bagryny dilen oglanlar!

Siziñ köñül dünýäñizde güýmenýän,
Goşgym bilen girmeklige synanýan,
Gözüm gidýär hem azajyk gynanýan,
Öz-özüni oda, salan oglanlar!

Goshgynyn Awtory:Toyly Öwezow.
36
325
yasyl
2 Dekabr 2023
@rousey, ba bol
rousey
2 Dekabr 2023
@yasyl, bladin wifi pes
nabat_
2 Dekabr 2023
@Karaleva_, ugratjakdälä men seni😇
nabat_
2 Dekabr 2023
@Karaleva_, öljekdäl gyzz entek yaşajak 😜Insallah😇😊
yasyl
2 Dekabr 2023
@nabat_, mesele dl
yasyl
2 Dekabr 2023
@rousey, jnm gela halden
nabat_
2 Dekabr 2023
@Karaleva_, ölmäkäm bolaydym😅ertir işden azat diñe sapak okamaly uzak gün😇
rousey
2 Dekabr 2023
salam hemmaaa👋
yasyl
2 Dekabr 2023
@Imissyou, seyle typoyda mn bar mysaly isleyan bir so kynda
nabat_
2 Dekabr 2023
Gowyla ))hemise gowy bol@yasyl,
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.