Imissyou
01.12.2023 18:07
Nýu-Ýorkda Baş Roždestwo arçasynyň çyralary ýakyldy.

Nýu-Ýork şäheriniň Rokfeller merkezinde Baş Roždestwo arçasynyň müňlerçe çyrasynyň ýakylyş dabarasy boldy we oňa ýüzlerçe adam tomaşa etdi. Bu barada TASS habar berýär.

Agramy 12 tonna bolan 24 metrlik arça 11-nji noýabrda Nýu-Ýork ştatynyň Westal şäherinden getirildi. Onuň bezegi üçin 50 müňden gowrak dürli reňkli lampalardan ybarat bolan, takmynan, 8 km uzynlykdaky bezeg çyrasy gerek boldy. Arçanyň çür depesini Swarovski firmasynyň 3 mln kristaly bilen bezelen 400 kg-den gowrak agramly hrustal ýyldyz bezedi.
Arçanyň çyralary ýakylmazdan ozal konsert geçirildi. Oňa Şer, Barri Manilou, Hloýa Beýli, Keke Palmer, Ketrin Makfi, Manuel Turizo ýaly aýdym-saz ýerine ýetirijileri gatnaşdy.
Roždestwo arçasy ilkinji gezek 1931-nji ýylda Rokfeller merkeziniň töwereginde dikildi. 1933-nji ýyldan bäri çyra ýakylyş dabarasy yzygiderli geçirilýär, 1951-nji ýyldan bäri bolsa bu dabara telewideniýe arkaly görkezilýär. 
23
115
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.