Imissyou
04.12.2023 19:54
Bu gün söýdügim ýary,
Nalaýan intizarym.
Ýazylypdyr kysmatymda,
Nalaç derde çydaryn.

Dert çekdirmegin munda,
Tükener sabyr kararym,
Göwnüm senden dönmez,
Ýarym Gülmährem.

Zynjyr bilen daňsalar,
Çölden çöle zyňsalar,
Gözüm oýup ýumsalar,
Dönmen Gülmährem.

Saňa söýgim ýalan däldir,
Aldasam ýerler ýuwutsyn,
@imissyou keşbiň söýendir,
Söýmesem yhlasym tutsyn.

Söýsem senden başgany,
Bedenimden janym gitsin.
Göwnüm senden dönmez,
Ýarym Gülmährem.

22
166
Imissyou
04.12.2023 17:13
Klimatologlar-şu-gyşyň-rekord-derejede-maýyl-boljakdygyny-caklaýarlar-ähtimallyk-95

Hytaýly klimatologlar 2023-2024-nji ýyllaryň gyş paslynyň Ýeriň ortaça temperaturasynyň iň ýokary rekordyny goýjakdygyny, soňky onýyllyklaryň dowamynda ortaça görkezijiden bir dereje Selsiýa ýokary boljakdygyny 95% ähtimallyk bilen anykladylar. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň metbugat gullugy geçen anna güni habar berdi.

"Alymlar tarapyndan geçirilen hasaplamalar Ýewraziýanyň orta giňişliklerinde we Täze Dünýäniň köp böleginde temperaturanyň ýokary boljakdygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, Ýer togalagynyň umumy temperaturasynyň 2023-2024-nji ýyllaryň gyşynda täze rekord goýjakdygynyň 95% ähtimallygy bar. Aýratynam Hytaýda howanyň temperaturasy has-da ýokarlanar, ýurtda 1991-nji ýyldan bäri iň maýyl gyş bolar” - diýip, habarda aýdylýar.

Pekindäki Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň dosenti Çžen Feýanyň ýolbaşçylygyndaky hytaý klimatologlarynyň topary tarapyndan, howa gözegçilikleriň taryhynda häzirlikçe iň yssy hasaplanýan soňky ýylda planetanyň howasynyň nähili üýtgändigini öwrenilip, bu açyş edildi. Klimatologlaryň häzirki berýän bahalaryna görä, soňky 12 aýyň dowamynda temperatura XX asyryň başlary üçin adaty görkezijilerden Selsiýa boýunça 1,25 dereje we ondanam ýokary boldy.
Alymlar bu rekord görkezijileriň diňe bir antropogen ählumumy maýyllaşmanyň tizleşmegi bilen bagly bolman, eýsem, El-Ninýo howa hadysasynyň güýçlenmegi bilen hem baglanyşyklydygyny çaklaýarlar. Feýiň we onuň kärdeşleriniň anyklaýşy ýaly,  bu agzalan hadysa üç dürli global klimat modelini ulanyp, 2023-2024-nji ýyllaryň gyşynyň rekord derejede maýyl boljagynyň ähtimallygyny 95% eder.
27
86
Imissyou
04.12.2023 12:01
Deşik jorabyň üstünden ýene deşik jorap
geýdim. Gowy tarapy, deşikleri bir-birine gabat gelenok.

Men iş gözlejekdäl, sebäbi ol meni gözlänoga.
Mende-de mertebe bar, ony men kiçeltmerin.

Boldy, besdir! Mundan beýläk durmuşumy
üýtgetjek, indi öýe baryp telewizorda oturyp
diwana seretjek.

6 aýda bir gezek öyýde uborka edip bolamsoň
özümi myhmançylykda ýaly duýýan.

Meniň halaşýan gyzym semizligi üçin
kemsinip aglady. Men ony köşeşdirmek üçin gujaklajak boldum welin, başarmadym.
33
262
Imissyou
04.12.2023 07:52
Hyundai-awtoulaglaryna-jenayatlary-yuze-cykarmagy-we-olar-barada-polisiya-habar-bermegi-owreder.


Hyundai Motor topary 2010-njy ýyldan bäri her ýyl öz işgärleri üçin geçirýän nobatdaky «Pikirler festiwalynyň» netijelerini jemledi. Ýeňijileriň biri H-SOS atly howpsuzlyk ulgamyny işläp düzen topar boldy. Bu toplum awtoulagda oturanlara howp salýan jenaýaty ýa-da adatdan daşary ýagdaýy ýüze çykarmaga we hukuk goraýjy edaralara habar bermäge ukyplydyr.

Düşündirişe seretseň, H-SOS aslynda mikrofonlaryň we ýörite programma üpjünçiliginiň toplumydyr. Ulgam adam gykylyklaryny ýa-da partlama seslerini «eşidip» biler, şondan soň çyralary we duýduryşy ýakyp, kameralar arkaly bolup geçýän zatlary ýazga geçirip başlar. Bu ýazgylar, şeýle-de ulagyň ýerleşýän ýeri awtomatiki usulda hukuk goraýjy edaralara iberiler.
Mundan başga-da, agyr jenaýatlar ýa-da tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan halatynda golaýda duran ulag eýelerine wakadan uzakda durmagy maslahat berýän gyssagly habarlar iberiler.
Hyundai Group entek H-SOS-y seriýalaýyn çykarmagyň geljegi barada hiç zat aýtmaýar, ýöne şular ýaly çärelere ilkinji gezek hödürlenen köp pikirleriň amaly durmuşa geçirilendigini belleýär.
25
62
Imissyou
04.12.2023 03:58
Internetde Magtymguly Pragynyň portaly işläp başlady.

Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde «Magtymguly Pyragy portaly» işe girizildi. Ony döretmäge portalyň many-mazmunly çykmagyna jogap berýän Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, portalyň serweriniň programma üpjünçiligine we kiber goragyna jogap berýän Tehnologiýalar merkeziniň hem-de dil goldawyny berýän ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri gatnaşdy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Döwrebap sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly döredilen täze maglumat çeşmesi dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň bir bölegi bolan Magtymgulynyň baý edebi mirasyny bütin dünýä hödürleýär, dünýäniň islendik künjegindäki internet ulanyjysyna türkmen halkynyň ruhy aýratynlyklaryna, ahlak gymmatlyklaryna we durmuş ýörelgelerine uly täsir eden şahyryň ruhy dünýäni we pelsepewi garaýyşlaryny açmaga mümkinçilik berýär. Portal bölümlere ýerleşdirilen giňişleýin maglumatlary öz içine alýar: şahyryň ýaşan we döreden döwri, akyldaryň terjimehaly we dünýägaraýşy, goşgulary, ebedileşdirilmegi, onuň döredijiligini öwrenmek, Magtymguly Pyraga bagyşlanan kitaplar we wakalar.
Şahyryň ol ýa-da beýleki eserini tapmak isleýän ulanyjylara amatly bolar ýaly, goşgular mowzuklara bölünýär, ses ýazgylary ýerleşdirilýär, ses ýazgylaryny gözlemek we baha bermek hem-de okalan goşgularynyň sanyny görmek mümkinçiligi döredilen. Portalda Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda oturdylan köpsanly ýadygärlikleriniň suratlary, meşhur adamlaryň şahyr hakda aýdan sözleri, şahyra bagyşlanan dokumental we çeper filmler, nakgaşlyk eserleri, dürli makalalar, türkmeniň nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyna degişli ylmy gözlegler we 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler baradaky maglumatlar berilýär.
Ulanyjylar web portalyň administratoryna maglumat iberip biler ýaly mümkinçilik döredildi. Magtymguly Pyragynyň eserini öwrenýän talyplaryň öz-özüni barlamagy üçin portalda XVIII asyrda ýaşap-döredip geçen şahyryň häzirki zaman düşündirişini talap edýän goşgularynyň sözlerine esaslanylyp düzülen elektron krossword ýerleşdirildi. Şeýle hem 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenjek senesine çenli galan wagty hasaplaýjy taýmer bar.
Portala şu salgydan girip bilersiňiz: magtymgulypyragy.gov.tm
25
37
Imissyou
03.12.2023 18:33
Şapak dogdy hana,
Garaşýanla saňa,
Geljek dälmi aýt,
Ýa diýýäňmi gaýt.


Şyňňyr-şyňňyr bilezigiň,
Geldi gelmeli gezegim,
Ýa söýeňok aýtsaň,
Men öýüme gaýtsam.


Sähra...
Ezizim uçaly sähra,
Aý ýüzüň unutman asla,
Gelmeseň halym hassa.


Gara saç perde-perde,
Meni saldyňla derde,
Garaşýan öňki ýerde,
Geläýde janym.


Gelmeseň halym harap,
Giderin söýgä eräp,
Aýdymym diňle sarap,
Görsene janym.
25
141
Imissyou
03.12.2023 14:59
Agramyna gyzyl tölelenen gelin... Bu erteki däl hakykat.

Asly pakistanly gurply söwdagärleriň biri Muhammet durmuş toýunyň üýtgeşik hem-de ýatda galyjy bolmagy üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde täsin bir dabara gurnady. Üýşmeleňe çagyrylan myhmanlaryň öňünde ol göwün halan gyzyna söýgüsini mälim edip, «Galyň hökmünde gelinliginiň agramyna barabar gyzyl-altyn tölejekdigine» söz berdi.

Toý pursatlaryndan paýlaşylan wideokliplere görä, öýlenjek baý ýigit toýa gelenlere ýüzlenip, bu sözlerine göçme manyda däl-de göni manysynda düşünmeklerini towakga edýär. Soňra bir terezi hem-de altyn guýmalaryny getirmeklerini soraýar. Ölçelip görlende 69 kilograma deň bolan gelinligine 69 sany altyn guýmasyny köpçüligiň öňünde sowgat berýär.
«Şebekat» telegepleşiginiň alyp baryjysy toý pursatlaryndan paýlaşylan bu wideo ýazgylara esaslanyp, «24 karata deň bolan arassa altyn guýmasynyň 1 kilogramynyň bahasy 60 müň 500 dollardan gowrak. Şeýle hasaplap görenimizde, baý ýigit özüniň durmuş hemrasyna dört million dollardan gowrak galyň haky töledigi bolýar» diýip belleýär.
«Şebekat» telegepleşiginiň şu ýylyň 1-nji martynda ýetiren bu wideohabary dürli mediaplatformalarynda, esasanam «Twitterde» gyzgyn jedelleri körükledi. Pikirini ýaňzytmaga çalyşanlaryň birnäçesi wideoda görkezilen altyn guýmalarynyň hakyky däldigini, çünki altyn guýmasynyň barmak ujunda saklar ýaly beýle ýeňil bolmaýandygyny ýazdylar. Käbirleri şeýle ululykdaky altyn guýmalarynyň azyndan bäş kilograma deň bolýandygyny, käbirleri bolsa onuň altyn däl-de, altyn çaýylan başga bir metal bolmagynyň mümkindigini belläpdirler. Ýaş çatynjalara altyndan has zyýada bagt arzuw edenlerem az bolmandyr. Käbirleri bolsa «Mundan öň «Agramyňa görä altyn berjek» diýen sözlere diňe adaty gürrüňlerde, ertekilerde ýa edebi eserlerde duşýardyk. Indi gözümiz bilen görmegem miýesser etdi» diýip, özünde galdyran täsirlerini paýlaşýarlar. Dogrusy, gurbuň bolsa, dünýäni berseň degýän gyza dört million dollar uly galyňam däl ahyry...
31
198
Imissyou
03.12.2023 10:21
Gün orta Kareýada robartlar okuwçylara iňilis dilini öwredip başlar.

Geljek ýyl Seulyň başlangyç we orta mekdeplerinde okuwçylara iňlis dilini özleşdirmäge kömek etmek üçin “repetitor robotlar” ulanylyp başlanar. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Bu täzelik döwlet mekdeplerinde iňlis dilini okatmagy güýçlendirmegiň çäginde Seulyň Bilim edarasy tarapyndan yglan edildi. Hususy kompaniýa bilen bilelikde işlenip düzülen robotlar indiki ýylyň mart aýynda synag üçin paýtagtyň bäş mekdebine iberiler.
Ofisiant robotlara meňzeş emeli aň mugallymyň kömekçisi hökmünde hereket edip we dili göterijiniňki ýaly gepleşikdäki iňlis dilini görkezip, okuwçylar bilen iňlis dilinde ýekeme-ýeke gürleşip biler.
Şeýle-de, robotlar her bir okuwçynyň sözleýşini düzetmek ýaly indiwidual okuwy teklip eder.
Synag üstünlikli bolan ýagdaýynda, Bilim edarasy repetitor robotlaryň ulanylyşyny giňeltmegi meýilleşdirýär.
21
36
Imissyou
03.12.2023 06:51
Dünýäniň iň gadymy agaçlary.

Agaçlar adamlardan has uzak ýaşaýany syr bolmasa gerek. Käbir agaçlaryň ýaşy ençeme asyrlara uzaýandyr. Hat-da, dünýäde müsür piramidalaryndan garry agaçlar hem bardyr.
Agaçlar dünýäsiniň iň gojasy – ýaşy 5 müň ýyla barabar bolan Mafusaildir. Ol Kaliforniýanyň gündogaryndaky Inio milli seýilgähinde ösýändir. Onuň takyk ýerleşýän ýeri hökümet tarapyndan bilkastlaýyn gizlin saklanylýar, çünki syýahatçylaryň köpçülikleýin tolkuny Mafusaila zyýan ýetirer diýip gorkulýar. Bu agaç 1957-nji ýylda klimatolog Edmund Şulman tarapyndan açyldy. Mafusailiň uzak wagtyň dowamynda bir sebitde ösmekliginiň esasy sebäbi biologiki aýratynlyklary bilen baglanşyklydyr. Pürli agaç bolanlygy sebäpli, ol pürlerini her 20-30 ýyldan çalyşýar. Bu bolsa ösümlige energiýa tygşytlamaklyga ýardam edýär. Ýyldyrym çakmagy netijesinde zeperlenen bölekleri gurap aýrylýar, bu bolsa bütin ösümligiň ölmekliginiň öňüni alýar. Mafusailiň agajynyň smolalara baý bolmagy, ony bakteriýalardan, kömeleklerden we zyýanly mör-möjeklerden goraýar.

Dünýädäki agaçlaryň iň gadym koloniýasy ABŞ-nyň Ýuta ştatynda ösüp, düzümine 50 müň agaç girýär. Koloniýa girýän agaçlaryň ählisi bir enelik agajynyň neslidir. Koloniýanyň jemi ýaşy 80 müň ýyla barabar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bu koloniýa – dünýädäki iň uly janly organizm hökmünde kabul edildi.
Birnäçe ýyl mundan ozal Şwesiýada kök ulgamy 10 müň ýyla barabar bolan arça tapyldy. Bu arça Garry Tiko diýip at berdiler, onuň baldagynyň ýaşy 600 ýyla barabardyr.
27
103
Imissyou
03.12.2023 02:02
Dünýädäki milliarderleriň sany ýedi göterim artdy.

“Bütin dünýäde milliarderleriň baýlygy, geçen 12 aýda 20% töweregi pese gaçandan soň, Ýewropadaky sarp edijiler we bölek söwda çygrynda işleýän milliarderleriň hasabyna 2022/2023-nji ýyllarda bölekleýin dikeldildi. Umuman aýdanyňda, geçen ýyl dünýäde milliarderleriň sany 7% artyp, 2376-dan 2542-e çenli köpeldi we baýlygy 11 trillion amerikan dollaryndan 12 trillion amerikan dollaryna çenli 9% ýokarlandy "- diýip resminamada aýdylýar.
"Şu ýylky hasabatda geçen ýyl baýlyk toplan milliarderleriň köpüsiniň baýlygyny telekeçiligiň hasabyna däl-de, miras arkaly toplandygy anyklandy. Bu temany geljek 20 ýylda has köp göreris diýip garaşýarys, sebäbi müňden gowrak milliarder öz çagalaryna 5,2 trillion dollar geçirýär"-diýdi.

Şweýsariýanyň UBS-si, Credit Suisse -ni alany bäri, dünýäde 5,5 trillion dollarlyk emlägi dolandyrýar.
23
55